Magtymguly — akyldar şahyr

30 Aprel 2024
666

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasaty, medeni diplomatiýasy netijesinde ýurdumyzda Gündogaryň nusgawy akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Bu babatda şu ýylda amala aşyrylýan giň gerimli işler, geçirilýän halkara çäreler munuň şeýledigini subut edýär.

2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli dabaralara badalga berilmegi dünýäniň dürli yklymlarynda ýaşaýan magtymgulyşynaslaryň ünsüni onuň eserlerine ýene bir ýola gönükdirmek bilen, edebiýaty söýüjileriň Magtymgulynyň şygyrlaryna bolan hormatyny, şahyryň tutuş adamzat aňyýetiniň kämilleşmegini nazarlaýan eserlerini öwrenmäge bolan isleg-hyjuwyny has-da artdyrdy. Bu ýagdaýyň türkmen halkynyň milli hem ruhy baýlyklaryna bolan söýginiň artmagyna, pähim-paýhasa, sözüň beýik güýjüne sarpa goýýan nesilleriň kemala gelmegine täsir edýändigi öz-özünden düşnükli. Şonuň bilen birlikde-de, ol akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen we ynsanperwer ýörelgeleri wasp edýän pelsepewi eserleriniň häzirki döwürdäki ähmiýetiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.

Nargözel DOSOWA,
Tejen etrap raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar