"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Saud Arabystany haj wagtynda uçarmansyz howa taksisini işe girizdiler

Saud Arabystany haj wagtynda zyýaratçylar üçin uçarmansyz howa taksisini işe girizendigini mälim etdi. Bu barada Patyşalygyň Baş ulag müdirligi habar berýär. Munuň özi raýat awiasiýasy edarasyndan ygtyýarnama alan dünýäde ilkinji howa taksisidir. Bu taksi zyýaratçylary, lukmançylyk enjamlaryny daşamak, zerur harytlary ýetirmek we gaýragoýulmasyz kömegi bermek işlerini ýerine ýetirýär.

Hukuk maslahaty

Raýat we jemgyýet Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden öňe süren  «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamalaryny gündelik durmuşymyzda görýäris. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny berkarar etmäge gönükdirilýär. Şolaryň esasynda ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Aýlyk zähmet we talyp haklary, pensiýalar hem-de döwlet kömek pullary yzygiderli köpeldilýär.

Welosiped sürüjileriň dykgatyna

Arkadagly eýýamymyzda ekologiýa taýdan arassa ulag diýlip ykrar edilen welosiped ynsan saglygyny berkitmekde hem uly ähmiýete eýedir. Hormatly raýatlar! Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýollarda welosipedi dolandyrmaga bildirilýän talaplaryň takyk ýerine ýetirilmelidigini ýatladýar. 

Ak bugdaýy ýangyndan goralyň!

Şu günler ýurdumyzyň bugdaýly meýdanlarynda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Belent sepgitlere ýetmekde gallaçy daýhanlarymyza üstünlikleri arzuwlap, ýangyn howpsuzlygy babatda şulary ýatlatmagy müwessa bildik. Galla oragyna gatnaşýan oba hojalyk tehnikalary ilkinji zerur bolan ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün edilmelidir. Tehnikalaryň tüsseçykaryjylary uçgun söndüriji enjamlar bilen enjamlaşdyrylmalydyr. Uçgun söndüriji serişdelerini öz wagtynda gurumlardan arassalap durmaly. Galla oragyna gatnaşýan oba hojalyk tehnikalaryň duralga ýerini, tehniki hyzmat etmek, ýangyç guýmak ýa-da kebşirleýiş enjamlaryndan peýdalanmak işini hasylly meýdandan 100 metr aradaşlykda, takyrlykda ýerleşdirip, şol ýerleriň daş-töweregi sürülmelidir.

Kämil nesiller — Watanyň sütüni

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat müdirligi we welaýat polisiýa müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäher medeniýet öýünde geçirilen duşuşykda oňa gatnaşyjylara içerki we daşarky migrasiýanyň kada-kanunlary we jemgyýetçilik asudalygyny saklamak barada maglumatlar berildi. Duşuşyga şäheriň köpsanly ýaşaýjylary, bilim işgärleri we ýaş nesliň wekilleri gatnaşdylar. Migrasiýa işgärleri çykyşlarynda döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny aýratyn nygtamak bilen, daşary ýurtlara iş, okuw we syýahat maksatly gitmegiň düzgünleri barada giňişleýin düşünje berdiler. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar. Olaryň öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan ähli tagallalaryň ediljekdigi aýdyldy.

Göwün päkligidir Gurban baýramy

13-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde «Göwün päkligidir Gurban baýramy» diýip atlandyrylan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu dabara ýetip gelýän, halkymyzyň gadymy milli toýlarynyň biri bolan Gurban baýramyna bagyşlandy. Ony Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy bilelikde gurady. Ýurdumyzda belli sungat ussatlary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Aýgül Ýagşyýewa, Dürjemal Çaňlyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri Halbike Dowyýewa, Narjan Berdiýewa dagy öz çykyşlary bilen bu dabaranyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdiler.

Ýaşlar ylma höweslendirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Biz ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen, ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirýäris. Etrap häkimliginde, oba medeniýet öýlerinde jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleriniň, bilim işgärleriniň we ak sakgally ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň işjeň gatnaşmaklarynda yzygiderli guralýan öwüt-ündew çärelerine ýaşlar uly höwes bildirýärler. Duşuşyklaryň barşynda ylmyň we bilimiň beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlykdygy barada giňişleýin söhbet edilýär. Çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ylmy kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýandygy üçin hormatly Prezidentimize we alym Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdylýar.

Ylym-bilim — ösüşlere şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden dabaralanýan Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň bilelikde guramaklarynda «Ylym-bilim — ösüşlere şamçyrag» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda ylmyň jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýandygy, ylmy goldamak we ösdürmek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim işgärlerine, ylym bilen meşgullanýan ýaşlara aýratyn sarpa goýýandygy buýsanç bilen bellenildi. Dabaraly maslahatda institutda zähmet çekýän göreldeli işgärlere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşlar — röwşen geljegimiz

Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen Tejen etrabynyň edara-kärhanalarynda, oba ýerlerinde degişli işler yzygiderli häsiýetde alnyp barylýar. Tomus paslynyň häzirki günlerinde hem ýaşlaryň arasynda duşuşyklar guralyp, olaryň barşynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatyndan gelip çykýan wezipelere üns çekilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri öz çykyşlarynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy ugrunda edilýän tagallalar barada aýdyp, sport bilen meşgullanmaga döredilýän ajaýyp mümkinçilikdir şertler dogrusynda aýratyn gürrüň edýärler. Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermeginde, sport bilen yzygiderli meşgullanmagynda, ýaramaz endiklerden daşda durmagynda, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmagynda bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemek gerek. Raýatlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy we netijeli zähmet çekmegi ugrundaky tagallalar üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Wagyz-nesihat çäresi

Saglygym — baýlygym Ýakynda TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň, TZB-niň welaýat bölüminiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda inçekeseliň öňüni almak we gender deňligi boýunça “Maryazot” önümçilik birleşigi kärhanasynda “Saglygym — baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä ýokarda ady agzalan edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabara

Biz bagtyýar körpeler TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 6-njy çagalar bagynda körpeleriň arasynda “Biz bagtyýar körpeler” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrabyň 4-nji, 5-nji, 6-njy çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy! Golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda welaýat kitaphanasynyň, “Marguş” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň bilelikde guramagynda “Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä welaýat kitaphanasynyň, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň işgärleri hem-de “Marguş” çagalar-ýetginjekler döredijilik öýüniň mugallymlarydyr körpeleri gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn uly üns berýär. Şunda Koreýa Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklar hem giň gerimde ösdürilýär. Munuň şeýledigini Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň 10-11-nji iýunda ýurdumyza amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar hem aýdyň tassyklaýar. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz doganlyk ýurt bilen gatnaşyklaryň barha giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlarynyň birnäçesi barada aýratyn durup geçdi. Gepleşikleriň dowamynda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda «Aşgabat-sitiniň» gurluşygyna koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagy, Koreýa Respublikasynyň bilim merkezlerinde türkmen dilini öwrenmegi guramakda goldaw bermegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, parahatçylyk we ynanyşmak mowzuklary boýunça Baş Assambleýanyň Aziýa toparynda geňeşmeleri başlamagy, «Koreýa — Ýüpek ýoly» hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň giňeldilmegi möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Dostlukly döwletiň Baştutany öňe sürlen teklipleri goldap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine y

Ajaýyp döwrümiziň şuglasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iş saparynyň dowamynda welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek döwrebap awtobuslaryň 200-sini sowgat bermegi hem-de Daşoguz şäherinde birnäçe ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi toýly günleriň şatlygyny arşa göterdi. Bu günki gün bolsa hormatly Prezidentimiziň açyp beren, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Daşoguz elektrik bekediniň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de awtobuslaryň ähmiýeti hakyndaky buýsançly söhbetler bagtyýar raýatlarymyzyň dilleriniň senasyna öwrüldi. «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar döwletimiziň abraý-mertebesini belende göterýän, ýurdumyzy ösüşiň rowan menzilleri bilen öňe alyp barýan taryhy-syýasy ähmiýetli wakalar göwünleri ganatlandyrýar, aýdyň geljegimizi şuglalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran döwletli sapary ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalara, il-ýurt üçin haýyrly işlere ulaşdy. Şeýle-de bu saparyň uzak geljegi nazarlaýan netijelerinde täze taryhy döwürde diňe bi

Hepdäniň habarlary

Goşa toýuň şanyna Golaýda Şabat etrabynyň  Altyn ýol geňeşligindäki Dilewar oba medeniýet öýünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli medeni çäre geçirildi.

Ykdysady ösüş — rowaçlyga badalga

Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» amala aşyrylýan döwründe döwlet syýasatynda, ilkinji nobatda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň durnukly ösüşine uly orun berilýär. Durmuş ugurly ykdysady syýasata laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşlere we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Okuw maslahaty geçirildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bugdaý oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görmekde oňa gatnaşjak kombaýnçylaryň, ulag sürüjileriň, jogapkär hünärmenleriň arasynda ýangyn-tehniki howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi boýunça düşündiriş, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Golaýda şeýle mazmundaky okuw maslahaty «Daşoguzobahyzmat» önümçilik birleşigi, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy, polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümleri tarapyndan Şabat etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda guraldy. Okuw maslahatynda «Daşoguzobahyzmat» önümçilik birleşiginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmeni Gurban Öräýew, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany Serdar Arazberdiýew, şu müdirligiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Atageldi Saparmedow, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky bölümçesiniň müdiri Orazmyrat Orazmedow dagy çykyş etdiler. Aýdylanlardan görnüşi ýaly, welaýatymyzda ýakyn wagtda badalga beriljek bugdaý oragy möwsümine bellenen ugurlar boýunça derwaýys taýýarlyk işleri geçirildi. Bu jogapkärli möwsümiň dowamynda ýangyn-tehniki howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň talaplary doly we dogry ýerine ýetirilmelidir. Munuň özi hasylyň ýitgisiz ýygnalmagyna, dürli garaşylmadyk hadysalaryň öňüniň alynma

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Şygryýet äleminiň çyragy Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň taryhynda täze sahypa açýar. Şahyr öz eserlerini halka düşnükli, sada dilde ýazypdyr. Şoňa görä-de, onuň goşgulary halk aýdymlaryna öwrülip gidipdir. Magtymgulynyň dünýägaraýşy we ideýalary ähli döwürde hem bütin adamzada ýakyn we düşnüklidir. Ol umumadamzat şahyrydyr. Şahyr öz eserlerinde halka hyzmat etmegi, adamkärçiligi, ata-enä hormat goýmagy, ulyny sylamagy ündäpdir:

«Beýik Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy» atly bäsleşige

Pyragynyň nazary düşen ýerler Her bir halkyň dünýä medeniýetine, edebiýatyna hem sungatyna beren beýik-beýik ogullary bardyr. Türkmen halkynyň-da öz kemala getiren şeýle perzentlerine, ylaýta-da, Magtymguly ýaly danasyna bolan guwanjy, buýsanjy çäksizdir. Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nurana bezän akyldar şahyryň mertebesi türkmen halky üçin hemişe belentdir. Şahyryň dünýä inen hem-de Pyragynyň nazary düşen ýerler edebiýat dünýäsi hökmünde mukaddeslige öwrülendir.

Algyn pendim, jigerbendim!

Dogry söz — ýüzüň tuwagy «Ynsanlyk mertebesi» diýlende çykmasy kyn, emma düşmesi aňsat bolan belentlik göz öňüňe gelýär. Halallygy, dogry sözlüligi, edepliligi we beýleki ýagşy gylyk-häsiýetlerdir amallary ruhy-ahlak ýörelgesine öwren her bir ynsan şol belentlik boýunça ýokary göterilýär.