Döwletli maslahatdan gelip çykýan wezipeler ilata düşündirilýär

3 Oktýabr 2024
406

Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri ilata düşündirmek maksady bilen, şu günler Ak bugdaý etrabynyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda, edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlary geçirilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralýan wagyz-nesihat çärelerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşlary dogrusynda aýratyn durlup geçilýär. Duşuşyklardyr maslahatlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlary berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerine, ösüşli ýollaryna, döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlaryna nazar aýlamaga hem-de olara buýsanmaga özboluşly mümkinçilik berdi. Bu çykyşlar ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny has-da belende göterýär.

Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar