"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Magtymguly — umumadamzat şahyry

Sarahs etrap merkezi kitaphanasynda “Magtymguly — umumadamzat şahyry” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyga kitaphananyň okyjylary gatnaşdy. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanyny, şahyryň ömür-döredijiligini beýan edýän maglumatlary, gyzykly gollanmalary, beýik söz ussadymyz hakda ýazylan eserleri özünde jemleýän sergä uly gyzyklanma bildirdiler. Sergi bilen tanyşlykdan soňra, okalga zalynda geçen söhbetdeşlikde berkarar Watanymyzda Magtymguly Pyraga goýulýan sarpa, beýik akyldaryň edebi mirasyny öwrenmekde edilýän tagallalar, şahyryň çuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirliden gyzykly gürrüň edildi.

Wagyz-nesihat çäresi

Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy geldi Golaýda ýokardaky at bilen TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat welaýat häkimligi, TDP-niň welaýat komiteti, TKA-nyň welaýat birleşmesi hem-de Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan guraldy. Aýdym-sazly dabaraly maslahata ýokarda ýatlanan edaralaryň we beýleki ulgamlaryň işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem “Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy geldi” atly dabaraly maslahata ady agzalan Ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtly agzalary hem gatnaşdylar.

Welaýat zenanlar bölüminde

«Gülüň owadan» bäsleşigi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Gülüň owadan» atly bäsleşik yglan edildi.

Muzeýe gezelenç

Täsirli boldy Ýakynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Mary şäherindäki edara-kärhanalaryň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda täsirli gezelenç guraldy. TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň hem-de welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda guralan gezelenç oňa gatnaşyjylar üçin has-da täsirli boldy.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär

Ýatdan çykmajak täsir galdyrdy Şu günler ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly dowam etdirilýär. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirýärler. Sapaly günleriň şatlykly wakalary bolsa, olarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. ÝU­NI­SEF-iň we­ki­li wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de ýo­la goý­lan ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýän­di­gi üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, soň­ky ýyl­lar­da en­çe­me bi­le­lik­dä­ki mö­hüm tas­la­ma­la­ryň hem-de mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni nyg­ta­dy.Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Jal­pa Rat­na­ny ga­dy­my we myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li mü­bä­rek­läp, il­ki bi­len, ony BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň we­kil­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne bel­le­nil­me­gi bi­len gut­lap, jo­gap­kär­li we­zi­pe­sin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan bi­len ÝU­NI­SEF-iň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li we ýo­ka­ry ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi aý­ra­tyn bel­le­nil

Bagtly durmuşyň açary

Geçirilen barlaglarda çagalaryň ösüşi üçin maşgala bolup dynç almagyň aýratyn peýdalydygy anyklandy. Şeýle ýagdaýda çagalar özlerini has-da bagtly duýýarlar. Maşgalanyň jebisliginiň, bagtyýarlygynyň hatyrasyna berk sosial gatnaşyklary saklamak esasy şertleriň biri bolup durýar. Dynç günleri maşgala bolup bilelikde dynç almagy unutmaly däl. Esasan hem, tomus paslynyň dowam edýän günlerini – çagalaryň dynç alyş möwsümini şatlykly ýagdaýda geçirmeli. Munuň üçin açyk meýdana, seýilgählere, deňiz kenarlaryna we tokaýlara gitmeli. Dynç alynýan wagtynda küşt, şaşka, top oýunlaryny oýnamak sanly oýunlara güýmenmekden has peýdalydyr. Ýaşyl meýdan, arassa howa saglygymyz üçin ýaramlydyr. Maşgala bolup dynç alynýan wagtynda göwnüçökgünlik alamatlary aýrylyp, şähdiň açylýar, birek- birege bolan ynam we ysnyşma has-da artýar. Şeýle ýagdaýlarda wagtyň peýdaly we şatlykly geçýär. Bilermenleriň pikiriçe, maşgala bolup tebigatda dynç almak bagtly durmuşyň açarydyr.

Kino täzelikleri

Muhammed Ali barada serial surata düşüriler Dünýä belli rowaýaty boksçy, ähli döwürleriň ussady, merhum Muhammed Aliniň durmuşy, karýerasy barada serial surata düşüriler. Sport äleminiň ägirdi hasaplanýan boksçy baradaky serialyň ady «Ägirt» (The Greatest) diýlip atlandyrylýar. Serial «Amazon » studiýasynyň önümi bolup, onda baş keşbi, Aliniň keşbini Jalen Best janlandyrar. Ilkibaşda kiçi göwrümli serial göz öňünde tutulan taslama soňlugy bilen drama serialyna öwrüldi. Serialda 1942-nji ýylda dünýä inen türgeniň durmuşy, sportda gazanan üstünlikleri, jemgyýetde alyp baran işleri, jynsparazlyga garşy göreşi barada giňişleýin durlup geçiler. Muhammed Ali barada 2001-nji ýylda «Ali» atly film surata düşürilip, ekran eseri köpleriň söýgüsini gazanypdy. Parkinson keseli bilen uzak ýyllar göreşen Muhammed Ali 2016-njy ýylda aradan çykypdy. Emilia Klarkyň täze keşbi belli boldy «Marvel»-iň kinematografik älemine goşulan «Tagt oýunlary » teleserialynyň ýyldyzy Emilia Klarkyň haýsy keşbi janlandyrjakdygy belli boldy. Ol «Criminal » atly serialda baş keşbi, Malloriniň keşbini ýerine ýetirer. «Amazon » studiýasynyň önümi boljak serialda Klarkdan başga- da Çarli Hannam, Riçard Jenkins, Jon Hawkes, Adria Arýona, Logan Browning, Kadim Hardison dagy dürli keşpleri janlandyrarlar. Klark soňky gezek «Marvel»-iň önümi bolan «Secret Invasion» serialynda surata düşüpdi. 3-nji möwsümiň önümçiligine

Girdejisi 5 milliard dollardan geçen animasiýa seriýasy

 «Pixar»-yň iň köp girdeji «Şrek 5» ekranlara çykar gazanan multfilmi 81-nji Wenesiýa film festiwalynyň eminler topary mälim edildi «Universal Pictures » studiýasynyň önümi bolan «Görnüksiz men» (Despicable Me) animasiýalar seriýasynyň prokatdan umumy ýygnan girdejisi 5 milliard dollardan geçdi. Häzirki wagtda ekranlarda görkezilýän «Görnüksiz men 4» multfilminiň prokatlardan 449 million dollar toplamagyndan soň umumy seriýanyň girdejisi 5 milliard dollardan köp boldy. Şeýlelikde, «Görnüksiz men» animasiýalar seriýasy 5 milliard dollara ýeten ilkinji animasiýa franşizasy hökmünde hasaba alyndy. Ilkinjisi 2010-njy ýylda ekranlara çykan animasiýanyň 4 multfilmi (Görnüksiz men 1–2–3–4) hem-de spin-off (esasy filmiň bir gahrymanynyň aýratynlykda başdan geçirmesi) multfilmi, ýagny ýanama filmi «Minionlar » animasiýasynyň 1–2-nji bölümleri halk köpçüligine ýetirilipdi. Umumylykda 6 multfilm üçin 479 million dollar çykdajy edildi. Seriýanyň iň köp girdeji gazanan bölümi 2015-nji ýyldaky «Minionlar » hem-de 2017-nji ýylda ekranlara çykan «Görnüksiz men 3» multfilmleridir. Ýeri gelende bellesek, «Minionlar 3» multfilmi- de 2027-nji ýylda ekranlara çykar. Iň köp girdeji gazanan animasiýa franşizalarynyň sanawynda «Görnüksiz men» animasiýalaryndan soň 2-nji ýeri «Şrek» (Shrek), 3-nji orny «Oýnawaçlaryň hekaýasy » (Toy Story) animasiýalary eýeleýär. «Şrek» animasiýalar franşizasy «Şre

«Şrek 5» ekranlara çykar

Meşhur «Şrek» (Shrek) animasiýalar toplumynyň nobatdaky multfilminiň ekranlara çykaryljak wagty mälim edildi. «DreamWorks Animation » studiýasy tarapyndan berlen beýanatda «Şrek 5» atly multfilm 2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda ekranlara ýaýradylar. Ýagny 5-nji multfilm «Şrek» animasiýalar seriýasynyň görkezilip başlanyna 25 ýyl dolanda ekranlara çykar. Bu multfilm 16 ýyldan soň kinoteatrlarda görkeziljek «Şrek» animasiýasy bolar. Şol bir wagtyň özünde bu multfilm «Şrek» animasiýalar franşizasynyň 7-nji multfilmi bolup, oňa Wolt Dorn režissýorlyk eder. Ol «Şrek» animasiýalarynyň 2-3-nji bölümleriniň ssenariçileriniň biri bolupdy. Baş gahrymanlara – Şrege, Fiona, Eşege we Pişige ses beren Maýk Maýers, Kameron Diaz, Eddi Mörfi hem-de Antonio Banderas dagynyň 5-nji bölümde hem ses bermäge gatnaşjakdygy resmi ýagdaýda habar berildi. Ilkinjisi 2001-nji ýylda ekranlara çykan «Şrek» animasiýasy tomaşaçylaryň söýgüsini gazanypdy. 2004-nji ýylda 2-nji, 2007-nji ýylda 3-nji, 2010-njy ýylda- da 4-nji bölüm halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilipdi. 2011-nji ýylda «Şrek» animasiýasynyň gahrymanlaryndan Pişigiň başdangeçirmeleri «Ädikli pişik » ady bilen ekranlaşdyrylypdy. «Ädikli pişigiň » 2-nji multfilmi bolsa 2022-nji ýylda ekranlara çykypdy. Umumylykda «Şrek» animasiýalar franşizasy prokatdan 4 milliard 18 million dollarlyk kassa ýygymyny toplapdy. Ýeri gelende bellesek, «Şrek» animasiýalary

«Pixar»-yň iň köp girdeji gazanan multfilmi

Häzirki wagtda ekranlarda görkezilýän we ýylyň girdejisini 1 milliard dollardan geçiren ilkinji ekran eseri bolan «Inside Out 2» animasiýasy kassa ýygymyny toplamagyny dowam edýär. Ekranlara çykanyna 1 aýdan gowrak wagt geçen animasiýanyň prokatlardan toplan girdejisi 1 milliard 371 million dollardan geçdi. 200 million dollar býujetli multfilme Kelsi Mann režissýorlyk edip, ekran eseri birnäçe statistikada öňe saýlandy. Iň çalt 1 milliard dollar gazanan animasiýa bolan «Inside Out 2» multfilminiň bu görkezijä ýetmegi üçin 19 gün ýeterlik boldy. Ol bu ugurda «Şa ýolbars » multfilminiň rekordyny täzeledi (21 gün). Umumylykda 1 milliard dollardan köp girdeji gazanan 54-nji ekran eseri bolan «Inside Out 2» multfilmi öndüriji« Pixar»-yň rekordyny hem täzeledi. «Inside Out 2» multfilmi «Pixar»-yň iň köp girdeji gazanan animasiýasy boldy. Bu ugurda «Super maşgala 2» (Incredibles 2) animasiýasy 1 milliard 242 million dollar bilen birinji orunda barýardy. Animasiýa ugry boýunça ähli baýraklaryň hem birinji derejeli hyrydary hasaplanýan «Inside Out 2» iň köp girdeji gazanan multfilmleriň sanawynda 3-nji orny eýeleýär. Ondan öňde «Doňaklyk 2» (Frozen II) hem-de «Şa ýolbars » (The Lion King) animasiýalary bar. Ol şol bir wagtyň özünde iň köp girdeji gazanan filmleriň sanawynda 16-njy ýerde bolup, animasiýanyň 2 sanawda- da has ýokarky basgançaklara çykmagyna garaşylýar.

81-nji Wenesiýa film festiwalynyň eminler topary mälim edildi

Kino sungatynyň iň gadymy film festiwaly bolan Wenesiýa kino şüweleňiniň 81-nji geçirilişi şu ýylyň 28- nji awgusty – 7-nji sentýabry aralygynda guralar. Italiýanyň Wenesiýa şäherinde geçirilýän festiwalda onlarça film dürli ugurlar boýunça bäsleşýär. Esasy bäsleşige, ýagny «Altyn ýolbars » baýragy üçin her ýyl 20 töweregi film saýlanýar. Häzirki wagtda dalaşgär filmler belli bolman, golaýda şol kinolara baha berjek eminler topary mälim edildi. Şunlukda, Berlin we Kann film festiwallary bilen bilelikde dünýäniň iň esasy 3 film festiwalynyň biri hasaplanýan 81-nji Wenesiýa film festiwalynda eminler toparyna fransiýaly meşhur aktrisa Izabel Ýupper ýolbaşçylyk eder. 71 ýaşyndaky aktrisa bu festiwalyň çäginde 2 gezek iň gowy aktrisa hökmünde saýlanyp, «Volpi » kuboklaryny gazanypdy. Ýupper 1988-nji ýyldaky «Zenan hekaýasy » (Une affaire de femmes) hem-de 1995-nji ýyldaky «Dabara » (La Ceremonie) filmindäki keşpleri bilen ady agzalan baýraga mynasyp bolupdy. Izabel Ýupperiň ýolbaşçylyk edýän eminler toparyna festiwalyň guramaçylary amerikaly režissýor hem ssenariçi Jeýms Greý, britaniýaly režissýor Andrýuw Heig, polşaly tanymal režissýor Agnieşka Holland, braziliýaly režissýor, ssenariçi, prodýuser Kleber Mendonsa Filo, mawritaniýaly režissýor Abderrahman Sissako, italiýaly belli režissýor Juseppe Tornatore, germaniýaly ssenariçi hem režissýor Ýulia won Haýns, hytaýly meşhur aktrisa

Tennis topunyň reňki nähili ?

Eýfel diňi barada...

Parižiň nyşany hasaplanýan Eýfel diňi dünýäniň meşhur desgalarynyň arasynda öňdäki orny eýeleýär. Her ýyl millionlarça syýahatçy Eýfel diňini synlamak üçin fransuz paýtagtyna barýar. 1889-njy ýylda Parižde geçirilen Bütindünýä sergisi mynasybetli wagtlaýyn gurlan bu desganyň häzirki wagtda beýikligi 330 metre ýetýär. Polat gurluşa eýe Eýfel diňi 3 bölekden ybarat. Desganyň depesine liftli ýa-da basgançakdan çykyp, şäheri has ýokardan synlap bolýar. Ilkibada parižliler demirden gurlan bu desgany fransuz binagärlik däplerine zeper ýetirýändigi üçin halamandyrlar. Şeýle- de bolsa bina uly gyzyklanma döredendigi üçin hemişelik saklanyp galýar. Eýfel diňi barada gyzykly maglumatlar: Reňki üýtgedilýär. Eýfel diňi dürli ýyllarda dürli reňke bürendi. «Demir zenan » 1889-njy ýylda açylanda gyzylymtylgoňur reňkdedi. 10 ýyldan soňra sary reňke bürendi. Eýfel diňiniň daşky bezegini üýtgetmek üçin her gezek 60 tonna reňk ulanylýar. Polat desga 1968-nji ýylda gaýtadan goňur reňkli edildi. Iň beýik bina. Eýfel diňi açylandan soň Waşington ýadygärliginden (169 metr) öňe geçip, dünýäniň iň beýik binasy (300 metr) bolýar. Eýfel binasy bu adyny 40 ýyldan gowrak wagt saklap, 1931-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky «Chrysler » binasy (319 metr) açylandan soň ikinji orna düşýär. Tomsuna uzalýar. Gyzgynda metalyň süýnmegi tebigy hadysa bolup, oňa fizikada termiki giňelme diýilýär. Polat gurluşdan düzülen Eýfel d

Guşmy ýa-da kebelek ?!

Tebigatda dürli- dürli jandarlar we mör-möjekler duş gelip, käte olary bir-birinden saýgarmakda kynçylyk döreýär. Şeýle mör-möjekleriň biri hem «macroglossum stellatarum » diýlip atlandyrylýan kebelek bolup, uzakdan seredeniňde guşa meňzeýär. Göwresi agymtyl- gara bu kebelegiň guşuňka meňzeş mämişi- goňur ganaty bolup, gülleriň nektaryny sorýan uzyn holtumy bar. Köplenç awgust aýynda köpelýän bu kebelekler sentýabr- oktýabr aýlary tokaýa ýaýraýar. Bu kebelekler liçinkalaryny agajyň köweklerinde, diwaryň aralarynda, ýere düşen ýapraklaryň içinde taşlaýarlar. Guşkebelegiň ululygy ortaça bolup, ganatynyň uzynlygy 5 santimetre ýetýär. 6 aýakly bu kebelegiň maňlaýynda 2 sany «şahy » hem-de uzyn holtumy bar. Her ýyl Günorta Ýewropadan Demirgazyk Afrika uçup gidýän guşkebelek Angliýanyň «ýerli ýaşaýjysy » hasaplanýar. Bu kebelekler bir-biri bilen habarlaşmak üçin wyzzyldyly sesleri ulanýarlar. Guşkebelegiň täsin tarapy sekuntda 85 gezek ganat kakyp bilmegidir. Tebigatda seýrek duş gelýän guşkebelek daşky görnüşi we täsin hereketleri bilen tebigaty öwrenijileriň ünsüni özüne çekýär.

Ýylyň reňkine ylham beren miwe

Miweli agajyň bir görnüşi bolan şetdalynyň ata Watany Hytaý hasaplanýar. Bägülgüllüler maşgalasyna degişli bolan bu agajyň miwesi tomus we güýz aýlarynda ýetişýär. Uzyndan uçly, ýalpyldawuk ýapraklary we owadan gülgüne gülleri bilen tanalýan bu agajyň ýeke şänikli miwesiniň daşy tüýli we tüýsüz bolup, ak, sary we gyzyl şetdaly ýaly görnüşlere bölünýär. Şetdaly etli we suwly miwe bolup, birnäçe witamini özünde saklaýar. Şetdaly adam saglygyna peýdalydygy bilen gadym döwürlerden bäri meşhurdyr. Şetdaly immuniteti berkitmäge ýardam edýän antioksidantlary özünde jemleýär. Düzümindäki C we E witamini bedeniň garşy durujylygyny güýçlendirip, kesellere garşy göreşmäge goşant goşýar. Şetdalynyň düzümindäki A, B3, C witaminleri, foliý turşusy, beta- karotin we kaliý iýmit siňdirişi aňsatlaşdyrýar. Doýgun ýag bolmandygy sebäpli bu miwe aşgazanda gyjynma döretmeýär. Şetdaly içgeçmäni bejermekde peýdaly bolup, iýmit siňdiriş bozulmalarynyň öňüni alýar. Ýürek saglygyny goramagyň iň möhüm şertleriniň biri süýüme baý önümleri iýmekdir. Şetdalyda ýeterlik derejede süýüm saklanyp, ýokary gan basyşyna we holesteriniň derejesine oňyn täsir edýär. C witamine baý bu miwe derini ýokançlyklardan we zyýanly şöhlelerden goraýar. Menekleri we deridäki yzlary aýyrmaga ýardam edýär. Şetdalyda saklanýan A witamini süňkler we dişler üçin peýdaly bolmak bilen bir hatarda, gijeki görşi hem gowulandyrýar. Bu m

Iň köp gepleşilýän diller

Dünýäde, takmynan, 7 müňden gowrak bolup, diller grammatik gurluşy we ulanylyş gerimi taýdan tapawutlanýarlar. Käbir dil halkara dil hökmünde ykrar edilen bolsa, käbir dil diňe belli bir sebitde ulanylýar. Umuman, islendik dil näçe ulanyjysynyň bardygyna garamazdan medeni baýlygy ýüze çykarmakda, birek- birek bilen düşünişmekde uly ähmiýete eýedir. Islendik adamda syýahat etmek isleýän ýurdy, tomaşa edýän filmindäki adamlar hemde okan çeper eserlerindäki wakalar barada gyzyklanma döräp, şolaryň dilini öwrenmäge girişip biler. Dil özüne çekiji aragatnaşyk serişdesi bolup, soňky ýyllarda daşary ýurt dillerini öwrenijileriň sany barha artýar. Dil öwrenýänleriň aglaba bölegi dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň haýsy hem bolsa birini öwrenenini kem görmeýär. Käbir dil öwrenijiler öwrenýän diliniň aňsatlygyna ýada kyndygyna seredýär. Siz täze dil öwrenmek isleýäňizmi? Onda ilki bilen 2024-nji ýylda iň köp gepleşilýän diller bilen tanyş boluň! Iňlis dili (1,452 milliard). Dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň ilkinjisi bolan iňlis dilinde 1,5 milliard töweregi adam gepleşýär. Halkara işewürlikden başlap, syýahatçylyk we tehnologiýa ulgamynda işjeň ulanylýan bu dile her üç adamdan biri düşünýär. Internet ulgamyndaky maglumatlaryň 60 göterimden gowragy iňlis dilinde bolup, dünýäniň 372 million ýaşaýjysy iňlis dilini ene dili hasaplaýar. Mandarin dili (1,118 milliard). Dünýäde mandarin dilinde

Emeli aň hakyndaky kanun

Ýewropa Bileleşigi tehnologiýa kompaniýalarynyň işini kadalaşdyrmak maksady bilen giňişleýin düzgünleri hödürleýän emeli aň baradaky kanuny resmi taýdan tassyklady. Iki ýylyň dowamynda işlenip düzülen kanun emeli aňyň ulanylyşynyň käbir görnüşlerini gadagan edýär we işläp düzüjileriň öňünde berk talaplary goýýar. Ýewropa Bileleşiginde iki ýyllap dowam eden maslahatlardan soň emeli aň baradaky ähli ýagdaýlary öz içine alýan kanun kabul edilip, bu ugry kadalaşdyrmakda aýgytly ädim ädildi. 1-nji awgustda resmi taýdan güýje girjek bu kanun Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmek we ulanmak üçin berk esas döredýär. Bu kanuny durmuşa geçirmegiň iň soňky möhleti 2025-nji ýylyň 2-nji fewralydyr, şondan soň tehnologiýa kompaniýalary raýatlaryň hukuklaryna howp salýan programmalary ulanmagy bes etmeli bolarlar. Kanunyň doly teksti Ýewropa Bileleşiginiň resmi web sahypasynda çap edildi. Täze kanun emeli aňyň käbir görnüşlerini ulanmagy gadagan edýär. Hususan- da, adamlary ynançlaryna we şahsyýetlerine baglylykda biometrik kategoriýalaşdyrmak, şeýle hem ýüz keşpleriň suratlaryny internetden ýa-da gözegçilik kameralarynyň ýazgylaryndan rugsatsyz almak ýaly hereketleri gadagan edýär. Işläp düzüjiler algoritmiň aýdyňlygyny üpjün etmeli we tehnologiýalarynyň işleýşi barada aç-açan maglumat bermeli. Düzgünnamalaryň köpüsi 2026-njy ýylyň awgustyna çenli güýje girer w

Roberta M etsola gaýtadan saýlandy

16-njy iýulda maltaly 45 ýaşly syýasatçy Roberta Metsola Ýewropa Parlamentiniň başlyklygyna gaýtadan saýlandy. 6-9-njy iýun aralygynda Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň Strasburgda Ýewropa Parlamentiniň birinji mejlisi guralyp, onuň barşynda täze möhlete başlyk saýlandy. Ýewropa Parlamentiniň täze çagyrylyşynyň 720 agzasy maltaly syýasatçy Roberta Metsolany gaýtadan başlyk saýlady. Bu wezipä Ispaniýadan Ýewropa Parlamentiniň agzasy, çepçi «Podemos » partiýasynyň agzasy Iren Montero hem dalaşgärlik etdi. Gizlin görnüşde geçirilen ses berişlikde Metsola 562 ses, Montero bolsa 61 ses aldy. Ýene- de 2,5 ýyl Ýewropa Parlamentiniň başlygy wezipesini eýelejek Metsola 1979-njy ýylda Maltada dünýä indi. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa Parlamentiniň başlygy wezipesine saýlanan Roberta Metsola tarpa- taýyn aradan çykan Dawid Sassoliniň ýerine geçdi. Şeýlelikde, ol Strasburgdaky kanun çykaryjy edaranyň iň ýaş başlygy boldy.

Ýewropa Parlamentinde sagçy topar döredilýär

Fransiýanyň sagçy «Milli bileleşik » partiýasynyň wekilleri Wengriýanyň Premýer- ministri Wiktor Orban tarapyndan Ýewropa Parlamentinde döredilen sagçy güýçleriň «Ýewropanyň watansöýüjileri » bileleşigine goşular. Bu barada «Politico » web saýty ýazýar. Bilermenler «Milli bileleşikden » gelen topar bilen birlikde sagçy partiýalaryň täze bileleşiginiň Ýewropa parlamentinde üçünji uly syýasy güýje öwrüljekdigini tassyklaýarlar. Häzirki wagtda «Milli bileleşik » toparynyň parlament fraksiýasynyň başlygy Marin Le Peniň wekiliýetinden Ýewropa parlamentiniň 30 wekili henizem sagçy «Şahsyýet we demokratiýa » fraksiýasyna girýär. Olaryň «Ýewropanyň watansöýüjileri » toparyna goşulmagy, Fransiýada geçirilen nobatdan daşary saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýeňilenden soň yraň atan «Milli bileleşigiň » ýagdaýyny ep-esli güýçlendirer.