81-nji Wenesiýa film festiwalynyň eminler topary mälim edildi

19 Iýul 2024
166

Kino sungatynyň iň gadymy film festiwaly bolan Wenesiýa kino şüweleňiniň 81-nji geçirilişi şu ýylyň 28- nji awgusty – 7-nji sentýabry aralygynda guralar. Italiýanyň Wenesiýa şäherinde geçirilýän festiwalda onlarça film dürli ugurlar boýunça bäsleşýär. Esasy bäsleşige, ýagny «Altyn ýolbars » baýragy üçin her ýyl 20 töweregi film saýlanýar. Häzirki wagtda dalaşgär filmler belli bolman, golaýda şol kinolara baha berjek eminler topary mälim edildi. Şunlukda, Berlin we Kann film festiwallary bilen bilelikde dünýäniň iň esasy 3 film festiwalynyň biri hasaplanýan 81-nji Wenesiýa film festiwalynda eminler toparyna fransiýaly meşhur aktrisa Izabel Ýupper ýolbaşçylyk eder. 71 ýaşyndaky aktrisa bu festiwalyň çäginde 2 gezek iň gowy aktrisa hökmünde saýlanyp, «Volpi » kuboklaryny gazanypdy. Ýupper 1988-nji ýyldaky «Zenan hekaýasy » (Une affaire de femmes) hem-de 1995-nji ýyldaky «Dabara » (La Ceremonie) filmindäki keşpleri bilen ady agzalan baýraga mynasyp bolupdy. Izabel Ýupperiň ýolbaşçylyk edýän eminler toparyna festiwalyň guramaçylary amerikaly režissýor hem ssenariçi Jeýms Greý, britaniýaly režissýor Andrýuw Heig, polşaly tanymal režissýor Agnieşka Holland, braziliýaly režissýor, ssenariçi, prodýuser Kleber Mendonsa Filo, mawritaniýaly režissýor Abderrahman Sissako, italiýaly belli režissýor Juseppe Tornatore, germaniýaly ssenariçi hem režissýor Ýulia won Haýns, hytaýly meşhur aktrisa Çžan Szyý dagy çagyryldy. Festiwalyň esasy bäsleşik bölüminde görkeziljek filmler öňümizdäki günlerde mälim ediler.

Beýleki habarlar