"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Nurana menziller

Ýaşlar döwrüň, milletiň döredijilik güýjüni artdyrýar. Ýaşlaryň döwrebap ösüşi we saglygy, bilim, terbiýe almaklary, saýlan hünärleri boýunça kämil bolmaklary, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaş nesil, ýaşlar döwletiň güýji we geljegidir. Dünýäde ilatyň aglaba bölegini ýaşlar düzýär. Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesliň raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak garaýyşlaryna, dünýägaraýşyna, beden saglygyna baglydyr. Güýçli raýat jemgyýeti bolan döwleti berkarar etmekde ýokary intellektual mümkinçiliklere eýe bolan ýaşlara bil baglanýar. Ýaşlarymyz döredijilik işiniň hem obýekti, hem subýekti hökmünde jemgyýetiň mundan beýläk-de demokratiýalaşmagyna, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Ýaşlaryň hukuklaryny hem azatlyklaryny üpjün etmäge, ýurduň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna olaryň doly hukukly gatnaşmagynyň wezipelerine döwlet derejesinde oýlanyşykly çemeleşilýär. Hormatly Prezidentimiz üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk binýadyna aýratyn üns berýär.

Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

Sapaly tomus paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde röwşen geljegimiz bolan körpe nesliň, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerindäki dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry badalga aldy. Bu möwsümde-de Gökdere jülgesine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden çagalaryň ýüzlerçesi dynç almaga geldiler. Şu mynasybetli paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde ýaş nesliň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugradyş dabarasy geçirildi. Dabarada aýdym-sazlaryň joşgunly owazy belentden ýaňlandy. Biz hem gazetimiziň şu sanynda şadyýan çagalaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny size ýetirmegi makul bildik.

Sapaly tomsuň şowhuny

Tomusky dynç alyş möwsümi çagalaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Bu babatda ýurdumyzyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän köpsanly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde mynasyp işler amala aşyrylýar. Şolaryň biri bolan Gökdere jülgesindäki «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem üçünji möwsümde çagalaryň 475-den gowragyny gujak açyp garşylady. Çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin bu ýerde meýilnama esasynda medeni hem-de sport çäreleri, dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle merkezlerde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, kompýuter hem-de daşary ýurt dilleri merkezleri, çeper eller, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty ýaly birnäçe gurnaklar hereket edýär. «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde-de «Kim çalasyn?», «Saglygym — baş baýlygym» diýen atlar bilen küşt, şaşka, düzzüm ýaly oýunlar boýunça ýaryşlaryň birnäçesi geçirilýär. Şeýle gyzykly çärelerdir dürli sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi çagalaryň zehin başarnyklaryny has-da kämilleşdirýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallary düşündirmesi biraz kyn duýgular gurşap alar. Şol bir wagtyň özünde, şatlykly hem-de sizi pikirlendirjek wakalaryň ýüze çykmagy mümkin. Bu ýagdaýlar uzak möhletde siziň geljege gönükdiren maksatnamalaryňyza üýtgeşme girizmegiňize hem sebäp bolup biler.

Hormatly ildeşler!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy howanyň aşa gyzýan günleri ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyrýar. Öýlerden, iş ýerlerinden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirmegi unutmaň! Ähli elektrik we gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy, öýlerdäki, iş ýerlerindäki zerurlygy bolmadyk, ulanylmaýan elektrik we gaz enjamlaryny ulanyşdan doly aýyrmagy, işläp duran elektrik we gaz enjamlaryny iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmagyň örän howpludygyny ýatdan çykarmaň!

Öz käriniň ussady

Il içinde öz kesbine ýürekden berlip, oňa ykbalyny baglan adamlara hakyky zähmet adamlary diýsek ýerine düşer. Sebäbi şeýle adamlar saýlan hünärinden uly abraý, hormat-sylag gazanyp, rysgal-döwlet tapyp, Watanymyzyň ösüşi we halkymyzyň bagtyýarlygy üçin kän peýdaly işleri durmuşa geçirýärler. «Lebapenergo» önümçilik birleşiginiň baş inženeri Meretguly Jumaýew hem öz kärine ussat, zähmetsöýer adamlaryň biri. Biz Meretguly aganyň zähmet we durmuş ýoly bilen gyzyklanyp, onuň bilen söhbetdeş bolduk.

Suwda seresaply boluň!

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy sebäpli ýaplarda, kanallarda suwa düşýän adamlaryň sany köpelýär. Raýatlaryň we çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen suwa düşmegiň kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilmeginiň zerurdygyny ýatladýarys. Suwa düşülende, ozaly bilen, howpsuzlyk kadalarynyň ýola goýlan ýerlerini saýlap almaly. Nämälim ýerde suwa düşmek gadagandyr. Näsag ýa-da ysgynsyz, ajygan ýa-da suwsan, ýadap, gyzyp ýa-da serhoş ýagdaýda suwa düşmek, çagalary gözegçiliksiz galdyrmak maslahat berilmeýär.

Mukaddes borç

Türkmen halkynyň Watana bolan belent söýgüsi milli mirasymyzdan, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerinden gözbaş alýar. Täze ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerinde dabaraly ýagdaýda harby kasam kabul edişlik çäreleri yzygiderli geçirilýär. 2024-nji ýylyň ýazky çagyryş möwsüminde milli goşunymyza gelen ýaş esgerleriň harby kasam kabul edişlik dabarasy maýor Muhammet Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminde-de ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu dabaraly çäre «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes harby borjy ak ýürekden berjaý etmäge gelen çagyryş boýunça harby gullukçylar üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Harby kasam kabul edişlik dabarasyna esgerleriň mähriban ene-atalary we ýakynlary gelip, öz perzentleriniň Watan goragçysy bolandygyna buýsanýarlar. Täze gelen ýaş esgerler bolsa ýürekleri joşgundan, kalplary buýsançdan dolup, öz mähribanlarynyň we ýakyn garyndaşlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda harby borjy mynasyp ýerine ýetirjekdiklerine, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini hem-de konstitusion gurluşyny mertlerçe we edermenlik bilen gorajakdyklaryna, Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdiklerine kasam etdiler.

Täze okuw möwsümi

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Hojamyrat Gurbanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň ikinji okuw möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabara guraldy. Harby bölümiň serkerdesi möwsümde öňde durýan wezipeleri kesgitläp, şahsy düzüm bilen geçirilýän söweşjeň we gumanitar taýýarlygy boýunça okuw sapaklarynyň hilini has-da ýokarlandyryp, bu ugurda ýokary netijeleri gazanmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de çärede göreldeli harby gullukçylar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Alisa BÄŞIMOWA,kapitan.

Ýaşlary terbiýelemegiň aýratynlyklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasaty durýar. Her bir döwletiň syýasatynda, ykdysadyýetinde, jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlarynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amal etmek ösüşiň möhüm şerti bolup, bu işe ýaşlaryň işjeň çekilmegi, olaryň durmuşa geçirilmeginde ýaş nesliň tutýan orny aýratyn ähmiýete eýedir. Olaryň ornunyň näderejede uludygy bolsa garaşylýan oňyn netijeleriň gazanylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Islendik ýurtda bolşy ýaly, türkmen jemgyýetinde hem ýaşlary kada-kanunlary berjaý etmek ruhunda terbiýelemäge uly üns berilýär. Gadymy döwürlerden bäri ata-babalarymyz perzent terbiýesine mukaddeslik hökmünde garapdyrlar. Halkymyzyň perzent terbiýelemek işi, beýleki halklaryňkydan tapawutlylykda, birnäçe özboluşlylyklara eýedir. Munda Watan mukaddesligi, watansöýüjilik hem-de belent ahlaklylyk ýaly düşünjeleri we häsiýetleri ýaşlaryň aňyna we ýüregine guýmaga esasy üns berlipdir.

Özgertmeler syýasaty — rowaçlyklaryň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň: «Geljekde her bir maşgalanyň öýi hem-de jaýy bolar» diýen sözlerine laýyklykda, häzirki wagtda ilatyň ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary yzygiderli gurulýar. Uzak möhletli we ýeňillikli bank karzlarynyň esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlary adamlar hakynda edilýän uly aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Bu bolsa durmuş ugurly döwlet syýasatynyň rowaçlanýandygynyň subutnamasy bolmak bilen, raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukuklarynyň hem kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 5-nji iýunynda welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň dowamynda Daşoguz şäherinde birbada 8 sany köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giň gerimde bellenilmegi halkymyzyň baý edebi we medeni mirasyna goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu babatda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetiniň örän uly bolandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägir

Halk Maslahaty halkyň bähbidine

Milli ýörelgeleriň dabaralanmagy Ata-babalarymyzyň milli ýörelgeleriniň dowamata atarylýan täze taryhy eýýamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetimizde halkymyzy jebisleşdiriji güýje eýe bolmak bilen, döwlet ähmiýetli beýik işleriň binýatlyk esaslaryny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, 20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde umumymilli forumy geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary esasynda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bellenildi.

Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslary

Zähmet çekmäge bolan hukuk her bir raýatyň konstitusion hukugydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugy bardyr. Mejbury zähmet we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşleri gadagandyr. Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Ýurdumyzda raýatlaryň zähmet hukuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Zähmet kodeksi we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalar arkaly kepillendirilýär. Iş beriji tarapyndan işgäri işe kabul etmek, zähmete hak tölemek, iş ornuny üýtgetmek, zähmet rugsadyny bermek, işden çykarmak we beýleki zähmet gatnaşyklarynyň kanunyň talaplaryna laýyk gelmegi ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär.

Sport — parahatçylygyň, dost-doganlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlarynda, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet tugumyzy belentde parlatmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary ajaýyp sport baýramçylygyna öwrüler. Mälim bolşy ýaly, bu Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzyň türgenleri sportuň dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça gatnaşarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna şanly waka mynasybetli iberen Gutlagynda: «Olimpiýa oýunlary, halkara sport ýaryşlary sportuň üsti bilen parahatçylyk, dostluk, ylalaşyklylyk taglymlaryny durmuşa geçirmekde özboluşly gural bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, Olimpiýa oýunlary dost-doganlygyň, parahatçylygyň gözbaşydyr.

Zenanlar guramasynda

Hasabat ýygnagy geçirildi Golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Maşgala bagtyýarlygy — döwletiň ygtybarlylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala gatnaşyklary bilen bagly wezipeleriň hem oňyn çözgüdine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir maşgalanyň bagtyýarlygyny üpjün etmek baradaky alada döwrebap häsiýetde durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz dünýäde iň bagtyýar adamlaryň ýaşaýan mekany hasaplanýar. Şol bagtyýarlyk maşgaladan başlanýar. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça baý bolar diýen parasatly hem dürdäne jümläniň mazmunyna maşgala gatnaşyklarynyň bitewüligini beýik tutumlary bilen berk ornaşdyran Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky tagallalaryny ýokary derejede durmuşa geçirmegi dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň yzygider aladalary bilen, bu günki gün her bir türkmen maşgalasyna bagtyň şuglasy nuruny saçýar. Maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Maşgala kodeksiniň döwrüň öňe çykarýan wezipelerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan ýeňillikleriň döredilmegi her bir adamda maşgala gymmatlygyna hem-de mukaddesligine bolan hormaty berkidýär. Bu günki gün ýaşlar täze taryhy döwürde özleri üçin döredilýän giň şertlerden we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Bu maşgala gatnaşyklary babatda hem hut şeýle häsiýete eýedir. Çünki hormatly Prezidentimiziň taryhy çözgüdine laýyklykda, olar üçin döredilýän köptaraply ýeňillikler, ýaşlar baradaky döwlet

Çaga terbiýesi — ýagty ertirleriň gözbaşy

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň terbiýesinde asylly ýörelgelerden ugur almak, milli ýolumyzy dowam etdirmek biziň baş maksadymyzdyr. Milli we ruhy-ahlak gymmatlyklara sarpa goýulýan ýurdumyzda adam hakyndaky aladany duýmak bolýar. Merdana ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda nesil terbiýesine uly üns beripdirler. Doglan gününden başlap, çaganyň geljekki durmuşyna täsir edip biljek gylyk-häsiýetler kemala gelip başlaýar. Şol sebäpden çaga terbiýesi aýratyn üns merkezinde saklanylmaly. Bu ugurda ata-eneleriň, mekdebe çenli bilim edaralarynyň işgärleriniň hyzmatdaşlykda işlemekleri has göwnejaýdyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr, bilim we ylym bolsa terbiýäniň sütünidir. Ynsan dowamaty üçin iň gymmatly hazyna terbiýeli perzentdir» diýip bellemegi munuň aýdyň güwäsidir. Körpe nesillerimiziň döwrüň talabyna laýyklykda bilim almagyny üpjün etmek, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, eziz Diýarymyzda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpe nesilleriň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik zehinlerini ösdürmek we ýüze çykarmak ugrunda birnäçe usullardan peýdalanylýar. Esasy özeni maşgaladan başlanýan nesil terbiýesi mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň wajyp wezipesidir.

Algyn pendim, jigerbendim!

Durmuşyň heňi sazyňa görä Durmuşyň sazlaşygy adamlar bilen gatnaşygyňda aýdyň duýulýar. Ynsan ömrüniň dowamynda özüniň nähili adamdygyny görkezýär. Halkymyzda: «Kimiň kimdigini wagt görkezer» diýlen aýtgy hem bar. Durmuş bize adalatly baha berýär. Ýollar bizi ýene-de menzilimize getirýär. Diýmek, durmuşyň her bir pursady biziň özümize bagly.

Hemmämiziň borjumyz

Howanyň  yssy günlerinde  ýurdumyzyň gözel tebigatyna gezelenje çykylanda, öri-sähra meýdanlarynda özüňi dogry alyp barmagyň kadalaryny anyk bilmelidiris we olary  ýerine ýetirmegi endik edinmelidiris. Şu derwaýys wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy şulary ýatladýar: Tebigatyň gözel ýerlerinde, tokaý seýilgählerinde, öri-sähra meýdanlarynda açyk ot ýakmak, çilim çekmek, söndürilmedik otluçöpi taşlamak, uçgun döredijileri ulanmak, çüýşe gaplaryny, aýna böleklerini we zir-zibilleri taşlap gitmek, çagalary gözegçiliksiz galdyryp, ot oýnamaklaryna ýol bermek, awtoulaglara ot-çöpli meýdanlarda tehniki hyzmatlary geçirmek gadagan edilýär.

Giň dünýäniň geň habarlary

Gün energiýasy bilen hereketlener «Aptera Motors» kompaniýasynyň ýakyn wagtlarda dünýä bazaryna çykarjak «Aptera» atly ulagy habar beriş serişdelerinde hyýalyň hakykata öwrülmesi hökmünde uly seslenmä eýe boldy. Häzirki wagtda bütinleý Gün energiýasy bilen hereketlenjek ulagyň synag-tejribe we önümçilik işleri tamamlaýjy tapgyrlarda dowam edýär. Önümçilik doly ýola goýlandan soň, kompaniýa bir ýylyň dowamynda müň sany ulag öndürmekligi göz öňünde tutýar. Emma kompaniýanyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagta çenli ulagyň diňe şu görnüşi üçin iki müňe golaý sargyt kabul edilipdir.