Giň dünýäniň geň habarlary

24 Iýul 2024
108

Gün energiýasy bilen hereketlener

«Aptera Motors» kompaniýasynyň ýakyn wagtlarda dünýä bazaryna çykarjak «Aptera» atly ulagy habar beriş serişdelerinde hyýalyň hakykata öwrülmesi hökmünde uly seslenmä eýe boldy. Häzirki wagtda bütinleý Gün energiýasy bilen hereketlenjek ulagyň synag-tejribe we önümçilik işleri tamamlaýjy tapgyrlarda dowam edýär. Önümçilik doly ýola goýlandan soň, kompaniýa bir ýylyň dowamynda müň sany ulag öndürmekligi göz öňünde tutýar. Emma kompaniýanyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagta çenli ulagyň diňe şu görnüşi üçin iki müňe golaý sargyt kabul edilipdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar