"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Şu gün Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berler

Şu gün Fransiýanyň paýtagty Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler. Ýer şarynyň iň uly sport guramaçylygy bolan bu Olimpiada 11-nji awgusta çenli dowam eder. Oňa dünýäniň 206 ýurdundan 10 müň 714 türgen gatnaşýar. Şolaryň arasynda ildeşlerimiz hem bolup, türkmenistanly 6 türgen ýurdumyzyň adyndan wekilçilik eder. Uly dabara bilen ugradylan ýurdumyzyň wekiliýetinde umumylykda 19 adam bar. Ildeşlerimiz sportuň agyr atletika, dzýudo, ýüzmek hem-de ýeňil atletika görnüşleri boýunça bäsleşiklere gatnaşarlar. Agyr atletikadan Dawranbek Hasanbaýew 102 kg agram derejesinde çykyş eder. Dzýudo boýunça 2 türgen wekilçilik edip, Maýsa Pardaýewa 57 kg, Serdar Rahimow bolsa 66 kg agram derejesinde ýaryşa gatnaşar. Suwda ýüzmek boýunça geçiriljek bäsleşiklerde ýurdumyzyň adyndan Aýnura Primowa hem-de Musa Žalaýew çykyş ederler. A.Primowa 100 metr arkanlaýyn ýüzmek, M.Žalaýew bolsa 100 metr erkin ýüzmek ýaryşlarynda bäsleşerler. Walentina Meredowa bolsa ýeňil atletikanyň 100 metre ylgamak ýaryşyna gatnaşar. Ildeşlerimize bu iri halkara sport ýaryşynda uly üstünlikler arzuw edýäris! Bütin dünýäniň ünsüni 17 günläp özünde jemlejek Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çägindäki ýaryşlar 34 desgada geçiriler. Açylyş dabarasyndan 2 gün öň başlan futbol duşuşyklary ýurduň şäherleriniň 9-synda oýnalar. Sörfing boýunça guraljak ýaryşlar Fransiýadan 16 müň kilometr uza

Arkadagyň sahawat serpaýy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesinde işlän ýyllarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermekde ägirt uly hyzmatlary bitirdi. Milli Liderimiz häzirki wagtda hem döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, adamlaryň saglygyny, kanuny bähbitlerini goramakda, halkyň ynsanperwer ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olaryň saglygyny goramak we berkitmek ugrunda hem döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Eziz Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylyp, haýyr-sahawatly, sogaply işleriň giň gerimde alnyp barylmagy ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýär.

Döwürleriň ylham çeşmesi

Magtymguly Pyragynyň umman ýaly döredijiligi ynsan durmuşynda ýüze çykýan çylşyrymly meseleleriň çözgütlerini salgy berýändigi bilen, ähli döwürlerde öz ähmiýetini saklap gelýär. Şahyryň akyl-paýhasa, ýokary çeperçilige ýugrulan eserleri watansöýüjilige, belent adamkärçilige, ruhy päklige esaslanýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna beslän Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belent buýsançlaryň biridir. Uzak ýyllaryň dowamynda dana Pyragynyň şygyrlary ençeme dillere terjime edilip, halklary dostlaşdyryp, doganlaşdyryp gelýär. Dünýäniň ençeme ýurdunda şahyryň heýkelleri dikildi. Häzirki wagtda bolsa beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, halkara ylmy maslahatlar, duşuşyklardyr dabaraly çäreler geçirilýär.

Hereket howpsuzlygy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtly geljegi üçin döwletli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy hormatly watandaşlarymyza, ýurdumyzyň mähriban raýatlaryna tomsuň sapaly, gyzgalaňly dowam edýän günlerinde döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan aýdyň ýörelgelerinden ugur alyp, köçe-ýol hereketiniň kadalaryny ýatladýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik başlangyjy netijesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen geçirilmegi asylly däbe öwrülen çäreler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tagallalary bilen dowam etdirilýär.

Sebitiň şypaly künjegi

Döwletimiziň tebigy gurşawy goramaga, rejeli peýdalanmaga gönükdiren tagallalarynyň sazlaşygy ajaýyp Awazanyň ykdysady ugurly düzümleriniň döredijilikli ösdürilmeginiň mysalynda aýdyň görünýär. Bu, ilkinji nobatda, Bitarap Türkmenistanyň dünýä ekologiýasyny goramaga goşýan goşandynyň, ikinjiden bolsa adamzat we onuň eşretli durmuşy, saglygy we medeniýetli dynç alşy babatda döredýän ägirt uly mümkinçilikleriniň alamatydyr. Hazar deňzi öz gadymylygy bilen türkmen topragynyň taryhyna-da ençeme asyr bäri şaýat bolup gelýär. Gadymy halkymyz üçin örän uly baýlyklary bagyş eden bu deňiz öz kenaryndaky halkyň tebigy hemrasydyr. Ol nebite we gaza örän baýdyr. Ortaça çuňlugy 208 metr hasaplanylýan, ululy-kiçili aýlaglary, elli töweregi adalary bolan bu deňiz tebigy baýlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Onuň tebigy gurşawy özboluşly kenarýaka ýaşaýyş medeniýetini emele getiripdir. Küştdepdi tansynyň dörän ýeri bolan Hazaryň türkmen kenarynda gadymy milli sungatymyzyň aýrylmaz bölekleri emele gelipdir. Halkymyzyň Hazarýaka ruhy joşguny türkmen halylarynyň nagyşlarynda, gazallarynyň owazlarynda, milli aşpezçilik däplerinde we lybaslarynda öz beýanyny tapýar. Bu sebit syýahatçylaryň we ylym adamlarynyň ünsüni hemişe özüne çekýär.

Ot bilen oýun etmäň!

Sahnanyň bir gyrasynda Bilgirjäniň öýi, beýleki gyrasynda, Bilmezejigiň öýi. Iki öýüň arasynda gurjak oýnalýan sahna. Bilgirje jaýynyň ýokarsyndaky «Bilgirje» atly ýazgyny aýryp, «Ýangyn howpsuzluk bölümi» diýen ýazgyny asýar. Bilmezejik jaýyndan çykyp, Bilgirjäniň bu hereketini görüp, geň galýar. Bilmezejik. Bilgirje! Sen näme, üçin öz jaýyň ýokarsynda (Bogunlap okaýar). «Ýan-gyn howp-suz-lyk bö-lü-mi» diýen ýazgyny asdyň. Bu saňa nämä gerek boldy?!

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry dowam edýär. Dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasyndaky geçirilýän ýaryşlar, bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary ýokary netijä eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Ahal welaýat häkimliginiň Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirildi.  Döredijilik duşuşygyny Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri bilelikde guradylar. Ýurdumyzyň belli ýazyjy, şahyrlary we žurnalistleri bilen guralan bu çärä Gökderedäki merkezlerde dynç alýan çagalar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çagalar halypalaryň çykyşlaryny, goşgularyny we maslahatlaryny üns bilen diňlediler. Döredijilik bilen meşgullanýan çagalar öz ýazan goşgularyny we halaýan şahyrlaryň goşgularyndan ýatdan okadylar. Çagalar dutar, tüýdük, skripka saz gurallarynda milli heňleri çaldylar. Watan, dost-doganlyk hakyndaky aýdymlar oňa gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Jemgyýetçilik kabul edişligi

2024-nji ýylyň 3-nji we 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär.  Habarlaşmak üçin telefon belgileri:         

Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­ne hil gü­wä­na­ma­sy

Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­ne hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di. Mu­nuň özi mer­kez­de ge­çi­ril­ýän bar­lag­ha­na-sy­nag iş­le­ri­niň «Hil me­nej­men­ti­niň ul­ga­my» di­ýen ugur bo­ýun­ça TDS ISO 9001 stan­dar­ty­nyň bel­le­nen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Ýe­ri ge­len­de, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bir ýyl­ly­gy­nyň bel­le­ni­len gü­nün­de «Ar­ka­dag Me­di­si­na Klas­te­ri Me­nej­ment» kär­ha­na­sy­na hem Türk­me­nis­ta­nyň ser­ti­fi­kat­laş­dy­ryş ul­ga­my ta­ra­pyn­dan şeý­le gü­wä­na­ma­nyň ber­len­di­gi­ni nyg­ta­mak ýa­kym­ly­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gahryman Arkadagymyzyň gat­naş­ma­gyn­da 2016-njy ýy­lyň iýu­lyn­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­len Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi ila­ta hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän döw­re­bap mer­kez­le­riň bi­ri­dir. On­da ge­çi­ril­ýän bar­lag­ha­na-gö­zeg­çi­lik iş­le­ri­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi hem-de hal­ka­ra stan­dart­la­ra la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ma­gy ýur­du­myz­da «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär. Bu ýer­dä­ki iş­le­re ISO 9001 stan­dar­ty­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy mer­ke­ziň hü­när­men­le­ri­ni

Watanymyzyň ösüşlerinden ruhlanyp

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda welaýatyň etraplarynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, işgärleriniň we işjeň agzalarynyň arasynda dürli mazmunly çäreler yzygiderli häsiýetde geçirilýär. Häzirki günlerde geçirilýän maslahatlarda zähmetkeşleriň arasynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty wagyz-nesihat edilýär, işleri döwrüň ruhuna laýyklykda guramagyň ähmiýeti düşündirilýär, tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak bilen bagly gürrüňe hem üns çekilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda” nobatdaky Kararynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri ilata düşündirmekde, şeýle-de Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmekde hem mynasyp tagalla edilýär.

Wagyz-nesihat çäresi

Arkadagly Watanda zenan mertebesi Ýakynda şeýle at bilen Türkmengala etrap häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrapdaky syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Ýaşlar — ýurdumyzyň nurana geljegi Golaýda TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň statistika bölüminde “Ýaşlar — ýurdumyzyň nurana geljegi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, işjeň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly çäre

Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy Şeýle at bilen TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 2-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärä TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrabyň 1-nji, 2-nji, 4-nji çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

“De­mok­ra­ti­ýa we hu­kuk” žur­na­ly­nyň no­bat­da­ky sa­ny çap­dan çyk­dy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan çär­ýek­de bir ge­zek ne­şir edil­ýän «De­mok­ra­ti­ýa we hu­kuk» yl­my-ama­ly žur­na­ly­nyň no­bat­da­ky sa­ny çap­dan çyk­dy. Türk­men, iň­lis, rus dil­le­rin­dä­ki ne­şir hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň hal­ky­na ibe­ren Gut­la­gy bi­len açyl­ýar. Gut­lag­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, baý­ram­la­ryň baý­ram­la­ra, toý­la­ryň toý­la­ra ulaş­ýan “Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” ýy­lyn­da ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ösüş­ler ýo­ly bi­len be­ýik gel­je­ge ta­rap ynam­ly öňe bar­ýan mäh­ri­ban hal­ky­myz­da ýat­dan çyk­ma­jak buý­sanç­ly duý­gu­la­ry dö­red­ýär.

«Daýhanbank»: döwrüň talaplaryndan ugur alyp

Gal­la­çy­lar bi­len ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ge­çi­ril­ýär Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýeti has-da kuwwatlandyrmak, şol sanda oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu pudagy ykdysadyýetimiziň girdejili pudaklarynyň birine öwürmek we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, uly sepgitlere ýetilip, mynasyp zähmet üstünlikleri gazanylýar.

Agyz suwy bilen üpjün edilýär

«Marywelaýatagyzsuw» birleşiginiň Baýramaly «Şäheragyzsuw» müdirliginiň işgärleri tomsuň häzirki yssy günlerinde ilatyň arassa agyz suwuna bolan islegini kanagatlandyrmak ugrunda has yhlasly zähmet çekýärler. Müdirligiň suw arassalaýjy desgasyna tejribeli hünärmen Ýolbarsgeldi Hangeldiýew ýolbaşçylyk edýär. Desganyň 5 sany üsti açyk, her biri 3 müň 500 kub metr dury suwy saklamaga niýetlenen howdany bar. Desga gelýän suw öz gözbaşyny «Göksuw» akabasyndan alýar. Bu ýerde her gije-gündizde 9,5-10 müň kub metr möçberdäki suw arassalanyp, geçirijiler arkaly Baýramaly şäheriniň we şäher ýakalarynyň 66 müňden agdyk ilatyna bökdençsiz ýetirilýär. Mundan başga-da, arassa agyz suwy hassahanalara, çagalar baglaryna, mekdeplere, edara-kärhanalara berilýär.

Demokratik özgertmeler ýoly bilen

Ýakynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty – kämil geljegi gurmagyň möhüm ýoly» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini ýaşlara giňden wagyz etmek, halk demokratiýasynyň dabaralanmagyna olary işjeň çekmek we nobatdaky maslahatyň guramaçylykly geçirilmegine ýaşlaryň goşant goşmagyny gazanmak maksady bilen geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar.

Çagalygyň bagtly çagy

Türkmenistanyň tebigaty täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanyp, onuň iň gözel ýerleriniň biri-de Gökdere jülgesidir. Bu ajaýyp jülge özüniň arassa dag howasy, çogly güneşi, dury suwly çeşmesi, özboluşly gözelligi, baýyrlary... bilen haýran galdyrýar. Häzirki wagtda ajaýyp jülgede ýerleşýän döwrebap çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjekleriniň, şol sanda Arkadag şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary öz wagtlaryny şadyýan, täsirli we gyzykly geçirýärler, bilim-sowatlaryny, ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar. Gökdere jülgesi ýylyň dört paslynda-da öz gözelligi, ajaýyplygy bilen tapawutlanýar.

Agzybirlik — synmaz örk

Durmuş ýörelgelerini kemala getiren ata-babalarymyz nesillerine agzybirlik hakynda miras galdyran köp tymsallary biziň halk dessanlarymyza, eposlarymyza, şonuň ýaly-da halk ertekilerimize hem siňdiripdir. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bir tymsaly mysal getirsek, biziň ýokarda aýdanlarymyzy aňryýany bilen tassyklasa gerek. Onda şeýle diýilýär: «Mähnet gara möý nirädir birýana okdurylyp barýardy. Birden onuň nazary garynjalaryň mesgenine kaklyşdy. Ol badyny gowşadyp, garynjalaryň üýşen ýerine golaýlaşdy. Ýaňky äpet gara möý ýyldyrym çaltlygynda öwrümler edip, garynjalaryň bir çetinden girdi. Garynjalar hem aldaja aňsat aw bolmajak bolup, jan aýaman söweşýärdiler. Ýöne möý garynjalardan has uly. Ol garynjalary paýhyn edip barýardy. Şol mahal täsin bir waka boldy. Garynjalar möýüň daşyny halkalaýyn gurşap, gyradeň yza çekildiler. Uzaklyk ýarym ädim çemesi bolanda, olar ýer süýşen ýaly bolup, öňe eňdiler. Garynjalardan ýaňa onuň endam-jany görünmedi. Sähel salymda ahmyrly garynjalar çagyrylmadyk myhmanyň her tikesini bir ýana süýrediler...». Ine, agzybirlik, ine-de, bitewüligiň hem-de daşky howpdan el-ele berip goranmagyň aýdyň mysaly.

Ýangyndan ägä boluň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy hormatly watandaşlarymyzy howanyň aşa gyzýan günlerinde ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, öýlerden, iş ýerlerinden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlygy düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, ähli elektrik we gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamalydygyny, öýlerdäki, iş ýerlerindäki zerurlygy bolmadyk, ulanylmaýan elektrik we gaz enjamlaryny ulanyşdan doly aýyrmalydygyny, işläp duran elektrik we gaz enjamlaryny iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmagyň örän howpludygyny ýatladýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.