Sebitiň şypaly künjegi

25 Iýul 2024
129

Döwletimiziň tebigy gurşawy goramaga, rejeli peýdalanmaga gönükdiren tagallalarynyň sazlaşygy ajaýyp Awazanyň ykdysady ugurly düzümleriniň döredijilikli ösdürilmeginiň mysalynda aýdyň görünýär. Bu, ilkinji nobatda, Bitarap Türkmenistanyň dünýä ekologiýasyny goramaga goşýan goşandynyň, ikinjiden bolsa adamzat we onuň eşretli durmuşy, saglygy we medeniýetli dynç alşy babatda döredýän ägirt uly mümkinçilikleriniň alamatydyr.

Hazar deňzi öz gadymylygy bilen türkmen topragynyň taryhyna-da ençeme asyr bäri şaýat bolup gelýär. Gadymy halkymyz üçin örän uly baýlyklary bagyş eden bu deňiz öz kenaryndaky halkyň tebigy hemrasydyr. Ol nebite we gaza örän baýdyr. Ortaça çuňlugy 208 metr hasaplanylýan, ululy-kiçili aýlaglary, elli töweregi adalary bolan bu deňiz tebigy baýlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Onuň tebigy gurşawy özboluşly kenarýaka ýaşaýyş medeniýetini emele getiripdir. Küştdepdi tansynyň dörän ýeri bolan Hazaryň türkmen kenarynda gadymy milli sungatymyzyň aýrylmaz bölekleri emele gelipdir. Halkymyzyň Hazarýaka ruhy joşguny türkmen halylarynyň nagyşlarynda, gazallarynyň owazlarynda, milli aşpezçilik däplerinde we lybaslarynda öz beýanyny tapýar. Bu sebit syýahatçylaryň we ylym adamlarynyň ünsüni hemişe özüne çekýär.

Aýbölek REPBIMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar