"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Dost­laryň bi­len nä­dip go­wy ­gat­na­şyk­da bol­ma­ly?

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi gy­zyk­ly we gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Mäh­ri­ban ça­ga­lar, kö­pi­ňiz dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dynç alan bol­sa­ňyz ge­rek. To­mus­ky dynç al­şyň soň­ky aýyn­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de dynç al­ýan­la­ry­ňyz hem bar­dyr. Ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra, wa­ka­la­ra baý to­mus­ky dynç alyş­da tä­ze zat­la­ry öw­re­nen­si­ňiz, dür­li oýun­la­ra güý­me­nip, tä­ze dost tutunansyňyz. Eý­sem, tä­ze tu­tu­nan dost­la­ry­ňyz ýa-da jo­ra­la­ry­ňyz bi­len go­wy ­gat­na­şyk­da bol­mak is­le­ýä­ňiz­mi? Mu­nuň üçin kä­bir şert­le­re üns ber­me­li. Hü­när­men­ler dost­la­ryň bi­len ýa­kyn ­gat­na­şyk­da bol­mak üçin şu mas­la­hat­la­ry ber­ýär­ler: Me­ýil­leş­di­ri­len du­şu­şyk­lar. Dost­la­ryň bi­len her aý öňün­den bel­le­şi­len gün­de gör­şüp, söh­bet et­me­li. Du­şu­şy­gy se­ýil­gäh­de ge­ze­lenç et­mek, bi­le­lik­de çaý iç­mek ýa-da on­laýn usul­da hem gu­rap bo­lar. Eger-de dos­tu­ňyz bi­len ýa­kyn ýer­de ýa­şa­ýan bol­sa­ňyz, öýü­ňi­ze ça­gy­ryp hem bi­ler­si­ňiz. Dost­la­ryň bi­len ýy­gy-ýy­gy­dan gö­rüş­mek berk we do­wam­ly bag­la­ny­şy­gy dö­red­ýär. Şeý­le hem si­ziň akyl we be­den taý­dan ka­da­ly ös­me­gi­ňi­ze ýar­dam ed­ýär.

Pan­da ga­ryn­ja­sy

Te­bi­gat­da mör-mö­jek­le­riň bi­ze mä­lim bol­ma­dyk gör­nüş­le­ri­niň bir­nä­çe­si ýa­şa­ýar. Şo­la­ryň bi­ri hem «pan­da ga­ryn­ja­sy» ady bi­len ta­nal­ýan ala­be­der ga­ryn­ja­dyr. Yl­my ady «eus­pi­no­lia mi­li­ta­ris» bo­lan ga­ryn­ja­nyň bu gör­nü­şi 1938-nji ýyl­da ýü­ze çy­ka­ryl­ýar. Pan­da ga­ryn­ja­sy Çi­li­niň gu­ry ke­nar­ýa­ka se­bit­le­rin­de, gy­rym­sy agaç­ly to­kaý­laryn­da ýa­şa­ýar. Kel­le­si ak ga­ryn­ja­nyň mon­juk ýa­ly ga­ra­ja göz­le­ri, al­ty aýa­gy bo­lup, ag­zyn­da iki sa­ny şa­hy bar. Be­de­ni ak we ga­ra teg­mil­li pan­da ga­ryn­ja­sy­nyň köpelýän jynsy ga­nat­syz bo­lup, er­kek­le­ri­niň ga­na­ty bar. 8 mil­li­metr uzyn­lyk­da­ky ki­çi­jik ga­ryn­ja­lar daş­ky howp­lar­dan go­ran­mak üçin ult­ra­ses bö­lüp çy­kar­ýar­lar. Ga­ryn­ja­nyň bu gör­nü­şi­niň tä­sin ta­ra­py bu­lar to­par bo­lup ýa­şa­ma­ýar­lar. Ga­ryn­ja­nyň bu gör­nü­şi gül­le­riň nek­ta­ry bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Te­bi­gat­da çyg­ly­ly­gy sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýän pan­da ga­ryn­ja­la­ry 2 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar. Ala­be­der ga­ryn­ja dün­ýä­niň ýe­ke-täk bir ýe­rin­de – Çi­li­de ýa­şa­ýan tä­sin en­de­mik mör-mö­jek ha­sap­lan­ýar. 

To­par­la­ýyn oýunlaryň çagalaryň ösüşine täsiri

Ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­dan baş­lap sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy ýo­la goý­mak akyl we fi­zi­ki taý­dan sag­dyn ös­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Esa­san hem, to­par­la­ýyn oýun­lar has peý­da­ly bo­lup, oňyn tä­sir­le­ri dö­red­ýär. Hü­när­men­ler çagalaryň ösüşi bi­len bag­ly ge­çi­ren soň­ky bar­lag­la­ryn­da to­par­la­ýyn oýun­la­ryň ça­ga­la­ryň sag­dyn ös­me­gi üçin peý­da­ly­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. To­par­la­ýyn oýun oý­na­ma­gyň peý­da­ly ta­rap­la­ry: Özü­ňe bo­lan yna­my art­dyr­ýar. Öňün­de mak­sat go­ýan to­pa­ryň bir bö­le­gi bol­mak, ýol­daş­la­ryň bi­len bi­le­lik­de ýeň­şe ta­rap he­re­ket et­mek özü­ňe bo­lan yna­my art­dyr­ýar. To­pa­ryň ýeň­şi­ne go­şant goş­mak, oýun­da utuk ga­zan­mak hor­ma­ty­ňy art­dy­ryp, min­net­dar­lyk duý­gu­sy­ny güýç­len­dir­ýär. To­par mak­sa­dy­na ýe­ten­de özü­ňi has-da ar­ka­ýyn we ynam­ly duý­ýar­syň.

Nä­me üçin deňiz balykçylary tu­tan ba­lyk­la­ry­ny iý­me­ýär­ler?

De­ňiz ba­lyk­çy­la­ry­nyň tu­tan ba­lyk­la­ry­ny iý­me­ýän­dik­le­ri en­çe­me ýyl bä­ri bel­li. Olar uzak wagt­lap de­ňiz­de bol­ýar­lar, em­ma ba­lyk iý­me­ýär­ler. Eý­sem, de­ňiz ba­lyk­çy­la­ry­nyň ara­syn­da tu­tan ba­lyk­la­ry­ny iý­mek ga­da­gan­my ýa-da mu­nuň baş­ga se­bäp­le­ri bar­my? Ge­liň, ola­ryň bu sy­ry­ny öw­re­ne­liň! Ga­dy­my dö­wür­ler­de de­ňiz­ ba­lyk­çy­la­ryn­da ýa­nyn­da alyp gaý­dan iý­mi­ti­ni we na­ha­ry­ny za­ýa­la­man sak­la­mak üçin şer­tiň ýok­du­gy se­bäp­li, olar gu­ra­dy­lan çö­rek we gök önüm­ler bi­len na­har­la­nyp­dyr­lar. De­ňiz­de kyn şert­le­re du­çar bol­ýan ba­lyk­çy­lar ba­lyk iýip bi­ler­di­ler, ýö­ne mu­ny hiç ha­çan et­män­dir­ler. «Güýç­li tu­pan­da tol­kun­lar gä­mi­ni urup, suw syç­ra­ma­gyň ne­ti­je­sin­de äh­li zat is­ri­be çy­kar­dy. Bi­ziň iň yg­ty­bar­ly iý­mi­ti­miz ka­ka­dy­lan duz­ly çö­rek. Ma­ta hal­ta­da du­ran bu çö­rek 3-4 aý­lap za­ýa­lan­ma­ýar. Su­wa ba­syp gu­ry çö­rek iý­mek iň lez­zet­li­si» di­ýip, ba­lyk­çy­lar de­ňiz­dä­ki dur­mu­şy gür­rüň ber­ýär­ler.

Baş egip sa­lam­laş­mak dä­bi

Sa­lam­laş­mak ede­biň ba­şy bo­lup, adam­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra hor­ma­ty art­dyr­ýar. Sa­lam­la­şy­lan­da bi­rek-bi­re­giň hal-ýag­da­ýy so­ra­lyp, gö­ren-eşi­de­niň ba­ra­da bir­ki agyz gür­rüň edil­ýär. Sa­lam­laş­mak ede­bi ir­ki ýyl­lar­dan bä­ri üns be­ril­ýän däp­le­riň bi­ri bo­lup, bu en­dik her halk­da mil­li de­re­je­de ös­dü­ri­lip­dir. Köp mil­let ara­çä­gi sak­lap söz üs­ti bi­len sa­lam­laş­ýan bol­sa, köp halk el­le­şip ýa-da gu­jak­la­şyp gö­rüş­mek ar­ka­ly sa­lam­laş­ýar. Dün­ýä halk­la­ry­nyň için­de ýa­pon­lar öz­bo­luş­ly me­de­ni­ýe­ti we mil­li däp­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Hat­da olar bi­ri-bi­ri­ni gö­ren­le­rin­de baş egip sa­lam­laş­ýar­lar. Ýa­pon me­de­ni­ýe­ti­niň ir­ki dö­wür­le­rin­den göz­baş al­ýan bu däp hä­zir­ki wagt­da hem do­wam et­di­ril­ýär. Sy­pa­ýy­çy­lyk ala­ma­ty bo­lan sa­lam­laş­ma­gyň bu gör­nü­şi bi­rek-bi­re­ge go­ýul­ýan çuň­ňur hor­ma­tyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Ge­liň, ýa­pon­la­ryň baş egip sa­lam­laş­mak dä­bi bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş bo­la­lyň! Ýa­pon­lar sa­lam­la­şan­da nä­me üçin baş eg­ýär­ler?

Dün­ýä­niň iň gym­mat iý­mit­le­ri

Iý­mit adam­zat ýa­şaý­şy üçin esa­sy se­riş­de bo­lup, gök-bakjadyr azyk önüm­le­ri­niň köp gör­nü­şi äh­li ýer­de di­ýen ýa­ly duş gel­ýär. Iý­mit önümleriniň kä­bir gör­nüş­i bol­sa, bel­li bir se­bit­de ön­dü­ril­me­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, dün­ýä­niň iň gym­mat ta­gam­la­ry­nyň sa­na­wy­ny eme­le ge­tir­ýär. Seý­rek duş gel­ýän iý­mit­le­re is­leg ýo­kar­lan­dy­gy­ça, ba­ha­sy hem art­ýar. Ge­liň, seý­rek duş gel­ýän, üýt­ge­şik ta­ga­my bi­len köp­çü­li­giň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän dün­ýä­niň iň gym­mat iý­mit­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Wag­ýu eti. Dün­ýä­de iň gym­mat mal eti ha­sap­lan­ýan wag­ýu­nyň meş­hur­ly­gy 2000-nji ýyl­lar­dan soň has-da art­dy. Uly is­leg bil­di­ril­ýän wag­ýu eti di­ňe Ýa­po­ni­ýa­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän iri şah­ly mal­la­ryň ýö­ri­te to­hu­myn­dan alyn­ýar. «Ag­zyň­da eräp gid­ýär» di­ýil­ýän wag­ýu eti diý­seň ta­gam­ly bo­lup, dü­zü­min­de köp muk­dar­da ýag bar. Mal ýö­ri­te usul­lar bi­len soý­lup, ýa­gyr­ny­sy­nyň baş­lan­ýan ýe­rin­den – ga­pyr­ga süň­kü­niň oňur­ga bi­rig­ýän ýe­rin­den alyn­ýar. Mu­ňa baş­ga­ça, «ko­te de boeuf» (ga­pyr­ga bif­te­gi) hem di­ýil­ýär.

Öz­bo­luş­ly sta­di­on gu­rlar

Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da 2034-nji ýylda ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty üçin öz­bo­luş­ly sta­di­on gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. «Ne­om» meý­dan­ça­sy gel­jek­ki «The Li­ne» aý­na me­ga­po­li­si­niň tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de gur­lar di­ýip, «Pa­ra­met­ric Archi­tectu­re» web saý­ty ýaz­ýar. Ýer­den 350 metr­den gow­rak be­lent­lik­de ýer­leş­jek sta­di­on dün­ýä­de iň be­ýik sport des­ga­la­ry­nyň bi­ri bo­lar. Bi­na­gär­lik tas­la­ma­sy aý­na bö­lek­le­rin­den dö­re­di­len üçe­gi göz öňün­de tu­tup, bu sta­dio­na fu­tu­ris­tik gör­nü­şi be­rer. Sta­di­ona 46 müň­den gow­rak ada­m syg­ar.

«Boeing»-iň tä­ze ýol­baş­çy­sy

«Boeing» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň tä­ze baş di­rek­to­ry we­zi­pe­si­ne 64 ýaş­ly Kel­li Ort­berg bel­len­di. Ol 8-nji aw­gust­da we­zi­pe­si­ne gi­ri­şdi. Kel­li Ort­berg mart aýyn­da iş­den çe­kil­ýän­di­gi­ni mä­lim eden Deýw Kal­hu­nyň or­nu­ny eýe­le­di. Ýol­baş­çy­ly­gyň üýt­ge­me­gi awia­kom­pa­ni­ýa­nyň bir­nä­çe me­se­le­ler, şol san­da, paý­na­ma­la­ryň ba­ha­sy­nyň pe­se gaç­ma­gy we ikin­ji çär­ýek­de ýit­gi­ler bi­len ýüz­be-ýüz bo­lan döw­ri bo­lup geç­ýär. Şu ýyl «Boeing»-iň paý­na­ma­la­ry 27 gö­te­rim ar­zan­la­dy, bu bol­sa 2020-nji ýyl­dan bä­ri iň pes gör­ke­zi­ji­dir. Kom­pa­ni­ýa he­läk­çi­li­ge we uçuş­la­ryň uzak wagt­lap tog­ta­dyl­ma­gy­na ge­ti­ren «Boeing 737 MAX» uçar­la­ry hem-de beý­le­ki teh­ni­ki bök­denç­lik­ler se­bäp­li çyn­la­kaý päs­gel­çi­lik­le­re du­çar bol­dy.

Uçu­ry­lyş yza süý­şü­ril­di

NA­SA «Lu­nar Ga­te­way» kos­mos stan­si­ýa­sy­nyň uçu­ry­ly­şy­ny teh­ni­ki kyn­çy­lyk­lar se­bäp­li bäş ýyl yza süý­şür­di. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň hö­kü­me­ti­niň Ýo­ka­ry gö­zeg­çi­lik eda­ra­sy­nyň tä­ze ha­sa­ba­tyn­da mä­lim edil­ýär. Stan­si­ýa­nyň il­kin­ji ele­ment­le­ri asyl me­ýil­na­ma­da kes­git­le­nen­den bäş ýyl soň – 2027-nji ýy­lyň de­kab­ryn­dan gi­jä gal­man uçu­ry­lar. «Lu­nar Ga­te­way» Aýyň tö­we­re­gin­dä­ki ga­lo-or­bi­ta­da uç­mak we adam­la­ryň Aýa bar­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len «Ar­te­mis» prog­ram­ma­sy­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup hyz­mat et­mek üçin dö­re­di­len ki­çi­jik kos­mos stan­si­ýa­sy­dyr. «Ga­te­way»-i 2028-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da me­ýil­leş­di­ril­ýän «Ar­te­mis IV» mis­si­ýa­sy üçin işe gi­riz­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le-de bol­sa, stan­si­ýa­ny işe gi­riz­me­giň hä­zir­ki ter­ti­bi mis­si­ýa­ny gol­da­mak üçin ze­rur möh­let­den eý­ýäm üç aý yza gal­ýar.

Ada sa­tu­wa çykaryldy

Şot­lan­di­ýa­da 27 gek­tar meý­da­ny tutýan boş ýa­tan Flad­da-Çuaýn ada­sy 190 müň funt ster­lin­ge sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Goz­gal­ma­ýan em­läkleriň söwdasy bilen meşgullanýan kompaniýanyň web sa­hy­pa­syn­da bu ada­nyň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len ta­nal­ýan­dy­gy­ bel­le­nil­ýär. Ir­lan­di­ýa­nyň mi­fo­lo­gi­ýa­syn­da ol ebe­di ju­wan­ly­gyň ada­sy, he­mi­şe to­mus bo­lup, Gü­nüň bol­sa hiç ha­çan ýaş­ma­ýan mu­kad­des ýe­ri ha­sap­lan­ýar.

Tä­ze Baş sek­re­ta­r saý­lan­dy

Wýet­nam Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi ko­mi­te­ti­niň mej­li­si Wýet­nam So­sia­lis­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ To La­my 2021-2026-njy ýyl­lar üçin Wýet­na­myň Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi Ko­mi­te­ti­niň tä­ze Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne saý­la­dy. To Lam ses­le­riň kö­plü­gi bi­len WKP-niň Mer­ke­zi ko­mi­te­ti­niň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne saý­la­nyp, bu we­zi­pe­de Nguen Fu Çon­guň or­nu­ny tut­dy. Baş sek­re­tar we ýur­duň Pre­zi­den­ti To Lam, par­ti­ýa­nyň Mer­ke­zi ko­mi­te­ti­niň, Sy­ýa­sy býu­ro­nyň we sek­re­ta­ria­tyň işi­ne Sy­ýa­sy býu­ro­nyň bel­län borç­la­ry­na we yg­ty­ýar­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýol­baş­çy­lyk eder.

Wi­se-pre­zi­dent bel­len­di

Eý­ra­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Ma­sud Pe­zeş­ki­an öň­ki da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Mo­ham­med Ja­wad Za­ri­fi stra­te­gi­k me­se­le­ler bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­dent we Stra­te­gi­k bar­lag­lar mer­ke­zi­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­di. Bu ba­ra­da IR­NA ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­di. Pre­zi­dent 30-njy iýul­da mej­lis­de ka­sam ka­bul eden­den soň, bu ba­ra­da­ky ka­ra­ra gol çek­di.

Azyk howp­suz­ly­gy üçin çöz­güt

Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di Nýu-De­li­de oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça yk­dy­sat­çy­la­ryň hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny açyp, azyk howp­suz­ly­gy ba­bat­da öň bü­tin dün­ýä­de ala­da dö­re­dip ge­len Hin­dis­ta­nyň in­di äh­lu­mu­my azyk we iý­mit howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da çöz­güt­le­ri tek­lip edip bil­ýän ýur­da öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di. Mo­di Hin­dis­ta­nyň şu­nuň ýa­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny soň­ky ge­zek 65 ýyl mun­dan öň ge­çi­ren­di­gi­ni ýat­lap geç­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, şol dö­wür­de Res­pub­li­ka azyk we oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da kyn gün­le­ri baş­dan ge­çir­ýän tä­ze ga­raş­syz ýurt­dy. – Bu gün Hin­dis­tan azyk ha­ryt­la­ry­ny bol ön­dür­ýän döw­let bo­lup, ýur­du­myz süýt, kö­sük­li önüm­ler, dä­ne, mi­we, gök-bak­ja, pag­ta, şe­ker, çaý, ba­lyk önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça dün­ýä­de ikin­ji orun­da dur­ýar – di­ýip, Mo­di nyg­ta­dy. Ol öz ýur­du­nyň azyk ul­ga­my­ny üýt­ge­dip gur­mak­da­ky tej­ri­be­si­niň äh­lu­mu­my Gü­nor­ta üçin bäh­bit­li bol­jak­dy­gy­na umyt bil­dir­di.

Har­ris res­mi taý­dan da­laş­gär bol­dy

ABŞ-nyň wi­se-pre­zi­den­ti Ka­ma­la Har­ris De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň pre­zi­dent­li­gi­ne res­mi taý­dan da­laş­gär bol­dy. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň Mil­li ko­mi­te­ti par­ti­ýa­nyň mil­li gu­rul­ta­ýy­na gat­naş­jak­dyk­la­ry­ny mä­lim eden we­kil­le­riň wir­tu­al ses be­riş­li­gi ta­mam­la­nan­dan soň yg­lan et­di. – ABŞ-nyň wi­se-pre­zi­den­ti Ka­ma­la Har­ris bir hep­de­lik on­laýn ses be­riş­lik­de ABŞ-nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň gu­rul­ta­ýy­na gat­naş­jak­la­ryň 99 gö­te­ri­mi­niň res­mi gol­da­wy­na eýe bol­dy – di­ýip, par­ti­ýa­nyň Mil­li ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Jeý­mi Har­ri­son ha­bar ber­di.

Dünýä täzelikleri

Şa­ýy­lyk­la­ry çy­kar­dy. Şu ýy­lyň 8-13-nji sent­ýab­ryn­da As­ta­na­da geçiriljek Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na ga­bat­lap, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Mer­ke­zi ban­ky hüm­me­ti 10 som bo­lan şa­ýy­lyk­la­ry çy­kar­dy. Şa­ýy­lyk­lar gyr­gyz spor­ty «at ça­by­şa» ba­gyş­la­nan. Ýur­duň çä­gin­de res­mi tö­leg se­riş­de­si bol­jak şa­ýy pul­la­ryň müň sa­ny­sy çy­ka­ry­ldy. Eg­ri bo­ýun­ly ži­raf ta­pyl­dy. Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň Krýu­ger mil­li se­ýil­gä­hin­de boý­nu­nyň adat­dan da­şa­ry de­for­ma­si­ýa­sy bo­lan ži­raf ta­pyl­dy. Hü­när­men­ler hä­zir bu ada­ty bol­ma­dyk ýag­da­ýyň se­bä­bi­ni anyk­la­mak­da kyn­çy­lyk çek­ýär­ler. We­te­ri­nar Sa­ra Fer­ýu­son bol­sa, bu ano­ma­li­ýa­nyň do­ga­bit­di boý­ny eg­ri­lik­den ge­lip çyk­ýan­dy­gy­ny çak­la­ýar.

Garaşsyzlyk bilen galkynan pudak

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rü­niň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ösüş­le­ri­dir öz­gert­me­le­ri, şan­ly wa­ka­la­ry tä­ze ta­ry­hy­my­za zer harp­lar bi­len ýa­zyl­ýar. Naý­ba­şy baý­ra­my­myz bo­lan Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öň ýa­nyn­da gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si hem şeý­le şan­ly wa­ka­la­ryň bi­ri bo­lup, mil­li de­mok­ra­ti­ýa­my­zyň öz­bo­luş­ly da­ba­ra­lan­ma­sy­na öw­rü­ler. Aja­ýyp za­ma­na­my­zy ägirt uly üs­tün­lik­le­re bes­le­ýän ag­zy­bir hal­ky­myz şu gün­ler naý­ba­şy baý­ra­my­ny ýo­ka­ry de­re­je­de my­na­syp gar­şy­la­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýär. Il­deş­le­ri­miz mu­kad­des baý­ra­my üs­tün­lik­le­re bes­le­mek mak­sa­dy bi­len ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­me­tiň nus­ga­sy­ny gör­kez­ýär. Şan­ly to­ýuň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi onuň da­ba­ra­sy­ny has-da art­dy­rar.

Dur­nuk­ly ösü­şiň yg­ty­bar­ly gu­ra­ly

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanlygynda dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ryn­da uly öz­ge­riş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ösüş­le­riň be­lent­lik­le­ri­ne ýe­til­ýär. Ýur­du­my­zy gur­şap alan bu aja­ýyp tu­tum­la­ryň mil­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len çä­re­ler bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy işiň ne­ti­je­li­li­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ka­bul edil­ýän ka­nun­lar, ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na gi­ri­zil­ýän üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi­niň aý­ryl­maz şer­ti bo­lup dur­ýar. Ola­ryň äh­li­si döw­let ösü­şi­niň oňyn öz­gert­me­le­ri­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ag­zy­bir­li­gi­ni we je­bis­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­ma­ga, de­mok­ra­tik esas­la­ry­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Hu­su­san-da, türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­sin­den ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz dep­gin­li dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi üp­jün et­mek bi­len, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň döw­re­bap usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak­da dur­muş mak­sat­ly yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty ama­la aşyr­ma­gyň do­wam et­di­ril­me­li­di­gi­ni yzy­gi­der­li nyg­ta­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan i

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy üpjün edilýär

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, daş-tö­we­re­gi­mi­zi gur­şap al­ýan te­bi­ga­ty, eko­lo­gi­ýa­ny go­rap sak­la­mak bi­len bag­ly umu­ma­dam­zat bäh­bit­li asyl­ly iş­le­re my­na­syp go­şant­dyr. Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­niň hä­zir­ki tap­gy­ryn­da äh­lu­mu­my bäs­deş­li­giň güýç­len­me­gi, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, azyk ha­ryt­la­ry­na we su­wa bo­lan is­leg­le­riň art­ma­gy ýa­ly eme­le ge­len ýag­daý­lar ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň mö­hüm ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýär. Şeý­le hem ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­nyň ga­za­nyl­ma­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň esa­sy dü­züm­le­ýin bö­lek­le­ri­niň bi­ri bol­mak bi­len, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy, de­mog­ra­fik we eko­lo­gik ýag­daý­la­ry­nyň giň top­lu­my­na tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly we öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de we pug­ta­lan­dyr­mak­da ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di, bu ugur­da ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry hal­ka­ra stan­dart­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­di­ril­di. Şeý­le-de, «Azyk howp­suz­ly­gy ha­ky

Magtymguly – ýokary medeniýetliligiň nusgasy

Hal­kyň me­de­ni­ýe­ti asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la gel­ýär hem-de onuň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da şöh­le­len­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­ny oka­nyň­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň äh­mi­ýet­li maz­mu­ny has giň­den açyl­ýar. Şo­nuň üçin hem türk­men me­de­ni­ýe­ti diý­len­de, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si öňüň­de açyl­ýar hem-de mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň gym­mat­ly­gy­na öw­rül­ýär. Umu­man, hal­ky­my­zyň yl­my we me­de­ni­ýe­ti Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şah­sy­ýe­ti bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Se­bä­bi mil­li me­de­ni­ýe­tiň we yl­myň göz­baş­la­ry­ny, onuň do­wa­my­ny şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de gör­mek bol­ýar. «Me­de­ni­ýet ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da: «Adam­zat ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len we dö­re­dil­ýän, şah­sy­ýe­tiň saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­me­gi­ne, wa­tan­çy­ly­gy ter­bi­ýe­le­mä­ge, ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk we ru­hy-ah­lak­ly­lyk hä­si­ýet­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge, Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň es­te­ti­ki ta­lap­la­ry­ny we bäh­bit­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň je­mi­dir» diý­lip be­ýan edil­ýär.

Asman giňişliginde Gün energiýasyny ýygnar

Mer­ke­zi eda­ra­sy ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­tyn­da ýer­leş­ýän «Star Catcher» at­ly kom­pa­ni­ýa Ýe­riň or­bi­ta­syn­da Gün pa­nel­le­ri­ni otur­dyp, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Ýyg­na­lan elekt­rik ener­gi­ýa­sy beý­le­ki kos­mos gä­mi­le­ri­ne we en­jam­la­ry­na iber­iler. Tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin il­kin­ji eme­li hem­ra­nyň gel­jek ýyl uçu­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Tas­la­ma­nyň çä­gin­de je­mi 200 sa­ny Gün pa­nel­li eme­li hem­ra uçu­ry­lar. Kom­pa­ni­ýa tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin 12,25 mil­li­on dol­lar top­lap­dyr. Kom­pa­ni­ýa eme­li hem­ra­lar üçin bir­meň­zeş inf­rast­ruk­tu­ra­ny dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le hem tas­la­ma Aýyň ga­raň­ky ta­ra­pyn­da­ky iş­le­re hem gol­daw be­rip bi­ler.