Şotlandiýada 27 gektar meýdany tutýan boş ýatan Fladda-Çuaýn adasy 190 müň funt sterlinge satuwa çykaryldy.
Gozgalmaýan emläkleriň söwdasy bilen meşgullanýan kompaniýanyň web sahypasynda bu adanyň taryhy ýadygärlikleri bilen tanalýandygy bellenilýär. Irlandiýanyň mifologiýasynda ol ebedi juwanlygyň adasy, hemişe tomus bolup, Günüň bolsa hiç haçan ýaşmaýan mukaddes ýeri hasaplanýar.