Täsirli çykyşlar diňlendi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda etrapdaky pagta egriji kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşykda Watanymyzyň beýik ösüşlerini wagyz etmek, Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini düşündirmek maksat edinildi. Pagta egriji kärhanasynyň zähmet toparynyň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşykda şu ýylyň 24-nji sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlykly barmak, onda ara alnyp maslahatlaşyljak we kabul ediljek çözgütleriň Watanymyzyň ösüşlerine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesine ýetirjek oňyn täsirleri barada gyzykly çykyşlar diňlendi.