Döwletli işlere dowamat

29 Awgust 2024
59

Halkymyzyň arasyndaky «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Il oňlasa, atyňy soý», «At satsaň, obaňa geňeş», «Halkyň adynda Hakyň ady bar», «Çyn dost geňeşde belli, batyr — söweşde», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli toý dargamaz», «Geňeşli toý uzak gider», «Geňeşsiz iş — lezzetsiz aş», «Halk aýtsa, galp aýtmaz», «Geňeşsiz iş bolmaz» ýaly pähimlerde halk bilen geňeşmegiň ähmiýeti hakda aýdylýar.

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde konstitusion hukuga eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty Garaşsyzlyk döwründe döwletliligi halkyň isleglerine laýyklykda has-da pugtalandyrmagyň, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny yzygiderli ösdürmegiň esasy ulgamlarynyň biri boldy. Geçen döwürde döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny milli garaýyşlara, döwrebap ösüş ýagdaýlaryna, jemgyýetiň mümkinçiliklerine, döwrüň ýüze çykarýan şertlerine görä kämilleşdirmekde uly tejribe toplandy. Geljegi belent ösüşlere beslemegiň ilerlediji güýji halkyň döwre we döwletiň, jemgyýetiň ösüş maksatlaryna çuňňur göz ýetirmegi, ol maksatlary öz durmuşynyň ýagdaýlary bilen pugta baglanyşykly kabul etmegi, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli garamagy ýaly möhüm şertler bilen baglanyşyklydyr.

Ogulbagt ANNASEÝIDOWA,
Aşgabat şäherindäki 25-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar