"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Zenanlar guramasynda

Hünärli nesil — röwşen geljek Şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Bilim ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny dabaralandyrmak, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerini kämilleşdirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gurnaklarynyň toparlary gatnaşdylar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Asuda ýollar —abadan iller Dowam edýän biraýlyga bagyşlap welaýat Salgyt bölüminiň mejlisler zalynda döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda ýol hereketiniň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi barada «Sagdyn jemgyýet — kämil döwlet» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Sport

Parahatçylygyň ilçisi Dürli ugurlar bilen birlikde, ýurdumyzyň sport ulgamynda ýetilen belent sepgitler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagtynyň aýdyň nyşanydyr. Garaşsyzlyk ýyllary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de göreldesi bilen türkmen sportunyň ösüşinde möhüm ähmiýetli döwür boldy. Paýtagtymyzda we sebitlerde gurlup ulanmaga berlen sport desgalarydyr mekdepleri ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge ýardam berdi. Ýurdumyzda iri sport ýaryşlarynyň — V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, Kuraş boýunça halkara ýaryşlaryň, Amul — Hazar halkara awtoralliniň, Hokkeý boýunça halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi Bitarap Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde halkara abraýynyň barha artýandygyny görkezdi.

Giň dünýäniň geň habarlary

«Akylly» syýagalam Dünýä bilermenleriniň hasaplamalaryna görä, dünýädäki her ýedi adamyň biriniň sowatlylyk derejesiniň pesdigi hakynda aýdylýar. Bu möhüm wezipäni çözmek maksady bilen, Bütindünýä sowatlylyk fondunyň hem-de «Media-monks» IT-kompaniýasynyň durmuşa geçirýän taslamasy esasynda döredilen «Literacy Pen» atly «akylly» syýagalam golaýda synagdan geçirildi. Enjamyň peýdalanylyş usuly örän ýönekeýdir. Ýagny aýdylan söz ýazuw kadasyna laýyklykda, galamyň ýörite ekranynda peýda bolýar, şondan soň ony diňe kagyza göçüräýmek galýar. Emma oňa bilim-sowat babatdaky global meseläni çöp döwen ýaly etjek jadyly taýak hökmünde garamak bolmaz. Ol häzirki zamanyň kämil innowasiýasyna we tehnologiýasyna daýanýan netijeli çözgütdir.

Röwşen geljegi nazarlap

Golaýda paýtagtymyzdaky Çagalar awtoşäherçesiniň tejribelik meýdançasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Aşgabat garnizonynyň Harby awtomobil gözegçiliginiň, Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyş awtoulaglary kärhanasynyň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda ýol hereketiniň düzgünleri bilen tanyşdyrmak boýunça amaly-tejribe okuwlary geçirildi. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň işjeň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Biraýlyk mynasybetli Meýilnama boýunça tassyklanan toplumlaýyn çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu amaly-tejribe okuwlarynyň geçirilmeginiň esasy maksady mekdep okuwçylaryna köçelerde we ýollarda howpsuz hereket etmegiň kadalaryny öwretmekden ybaratdyr. Amaly-tejribe okuwlarynda degişli gullugyň tejribeli hünärmenleri mekdep okuwçylaryna ýörite duýdurmalar ulanýan awtoulaglarda bar bolan enjamlar, olaryň ýerine ýetirýän wezipeleri we aňladýan duýdurmalary, enjamlaryň ulanylyşy barada düşündiriş işlerini geçirdiler. Şeýle hem, enjamlaryň we duýdurmalaryň ulanylyşyny tejribe usulynda mekdep okuwçylaryna görkezdiler. Okuwlaryň ahyrynda degişli gulluklaryň işgärleri we hünärmenleri okuwçylary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdiler. Bu ýerde gu

Magtymguly pyragy eýýamlaryň şahyry

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda edebi mirasymyz we Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenilýär. Şeýle uly hormatyň netijesinde şahyryň sarpasy öňküden-de belende galýar. Magtymguly Pyragy durmuşynyň ähli pursatlarynda il-halkynyň agzybirligini we abadançylygyny gazanmak ugrunda alada edipdir. Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, şahyryň türkmen halkynyň ykbaly baradaky alada bilen ýaşandygyna doly göz ýetirýärsiň. Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy hazynasyna uly goşant goşan beýik akyldardyr. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, söz äleminiň zergäri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, dil baýlygy, pikir ummany çäksizdir. Gahryman Arkadagymyz «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip, beýik akyldara ýokary baha berýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede işleriniň biraz haýallamagy hamallary pikirlendirip biler. Ýöne beýle ýagdaýyň gysga wagtlykdygyny unutmaň we ruhdan düşmäň! Ýüze çykýan ýagdaýlardan netijeli peýdalanmagy başaryň we ünsüňizi meýilnamalaryňyzy kämilleşdirmäge gönükdiriň!

Asudalyk — abadançylygyň gözbaşy

Ýurdumyzda her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Biraýlygyň çäginde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Mekdep okuwçylarynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, şeýle-de ýaş sürüjileriň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynyň netijesinde ýol hadysalary has-da azaldy. Duşuşyklaryň barşynda okuwçy ýaşlara köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine eýermek boýunça gymmatly ündewler aýdylýar. Wideogözegçilik ulgamy sürüjileriň we pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmegini gazanmaga uly ýardam edýär. Bu döwrebap enjamlar toplumy ýol-ulag hadysalaryny seljermäge, bu baradaky maglumatlary we hereketiň ýygjamlygyny bilmäge, awtoulaglaryň görnüşlerini, kysymlaryny hem-de ýol hadysalarynyň netijelerini öwrenmäge, bu ugurdaky möhüm wezipeleri pugta berjaý etmäge şert döredýär.

Merdana halkymyzyň milli buýsanjy

Beýik Garaşsyzlygymyz halkymyzy öz göbek ganynyň daman topragynyň eýesi bolmak, bitewi döwletini esaslandyrmak baradaky ençeme asyrlaryň dowamynda ýüreginde besläp gelen yhlas-umytlarynyň wysalyna ýetirdi. Şeýle-de öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemek hukugyna daýanyp, milli däp-dessurlaryna, durmuş tejribesine, taryhyna, mirasyna esaslanýan, özygtyýarly, demokratik, dünýewi, hukuk döwletini berkarar etmek mümkinçiligini berdi. Ata Watanymyz taryh üçin örän gysga döwürde ykbal kesgitleýji syýasy, ykdysady, medeni çözgütleri tapyp, dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasyna öwrülmegiň hötdesinden geldi. Geçen 33 ýylyň içinde ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap maksatly menzilleri külterläp, guwandyryjy sepgitleri gazanmagy, dünýä giňişliginde belent hormata mynasyp bolmagy merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Her birimiziň borjumyz Ilimiziň arasynda: «Her adamyň saglygy öz elinde» diýlen gürrüň ýörgünli. Hakykatdan-da, saglygy barada her kimiň özi alada etmeli. Ýöne tehnikalaryň durmuşymyza barha giňden ornaşýan şertlerinde bu meseläniň çygry has giňelýär. Ine, ýol hereketini alyp göreliň! Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Elleri uzadan ýerlerine ýetýän adamlar awtoulaglary köpçülikleýin edinýärler. Bu bolsa ýollarymyzda hereketiň ýygjam bolmagyna getirýär. Şonda ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi-de artýar. Şeýle şertlerde ynsan ömrüniň rahatlygyny gazanmak tutuş jemgyýetiň meselesine öwrülýär. Ýollarda degişli kadalary berk berjaý etmek, birek-birege mylakatly bolmak arkaly oňyn netijeleri gazanyp bileris.

Baýlygymyzy ýangyndan ygtybarly goralyň!

Ýakynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen pagta ýygymyna badalga berildi. Oba adamlary we bu möhüm işe dahylly edara-kärhanalaryň işgärleri gymmatly hasyly ýitgisiz ýygnap almak, abat saklamak we çuňňur gaýtadan işlemek ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Şeýle gyzgalaňly günlerde uly baýlygymyzy ýangyn howpundan goramak meselesi hem örboýuna galýar. Pagta ýygymynda, hasyl daşalanda we saklanylanda ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin degişli düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr. Pagta ýygnalanda, daşalanda, saklanylanda we gaýtadan işlenilende tehnologik enjamlaryň nädogry ulanylmagynyň, awtoulag serişdeleriniň näsaz uçgun söndüriji enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagynyň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň ýönekeý talaplarynyň bozulmagynyň ýangynyň döremek howpuny artdyrýandygyny unutmaly däl. Pagta ýygylýan, daşalýan, saklanylýan we gaýtadan işlenilýän ýerlerde ot ýakmak, çilim çekmek, gaz-elektrik akymly kebşirleýiş işlerini geçirmek talaba laýyk däldir.

Ata-eneleriň dykgatyna!

Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, mekdep okuwçysynyň ata-enesini, onuň beýleki kanuny wekillerini ýa-da bilelikde ýaşaýan garyndaşlaryny, çagalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar. Ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň ömrüne we saglygyna zyýan ýetmegi bilen bagly bolan şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

Ynamly aragatnaşyk

Golaýda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň söweşjeň taýýarlygynyň meýilnamasy esasynda maýor Öwezmyrat Haýdarowyň guramagynda harby bölümiň aragatnaşyk bölünmeleriniň serkerdeler düzüminiň bölümleri dolandyrmak, taktiki ýagdaýlar bilen kesgitlenen wagtlarda dürli enjamlar arkaly habarlary ýetirmek we gepleşikleri üpjün etmek babatdaky ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Ynamly aragatnaşyk» atly bäsleşik geçirildi. Onda uly leýtenantlar Döwler Muhammetdurdyýew, Aýgül Begmämmedowa, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Muzepper Babaýew dagy tapawutlanmagy başardylar. Şeýle hem bu harby bölümde kapitan Babahan Ismailowyň guramagynda «Kämil aragatnaşykçy» atly bäsleşik hem geçirildi. Bäsleşikde kapitan Arslan Muhammetdurdyýewiň serkerdelik edýän rotasynyň şahsy düzüminden kiçi seržantlar Agajan Orazow, Arif Rozmämmedow, Abdulaziz Gurbanmämmedow dagy 1-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşigiň ýeňijileri TMÝG-niň etrap geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Muhammet JUMANAZAROW, kapitan.

Belent ykbally bedewler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda türkmen bedewleriniň ykbaly has-da belende göterildi. Türkmen aty, halysy, dutary, ak bugdaýy, şaý-sepleri, alabaý iti — bularyň ählisi-de halkymyzyň döreden maddy gymmatlyklary bolup, olaryň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Ata-babalarymyzyň uly yhlas, höwes, zehin bilen ýetişdiren bedewleri dünýäde meşhurlyk gazanyp, ahalteke bedewiniň adyny, gözelligini, mertebesini äleme aýan etdiler. Türkmen halkymyz gadymyýetden atçylygy ösdürip, ony ýokary kämillige ýetiren halkdyr. At waspy türkmeniň ähli döwürlerinde-de öz beýanyny tapypdyr. Atlaryň reňkine, kime degişliligine, owadanlygyna, dogduk ýerine görä-de olara at dakypdyrlar. Tebigy gözelligi, owadanlygy özüne siňdirip bilen bedewlerimiziň ajaýyp türkmen tebigatynda ösüp ýetişmeginde, müň lybasly türkmen topragynda doglup, boý almaklarynda uly many bar. Eziz ýurdumyz — jennedi mekan Türkmenistanyň dal bedewleri bu gün dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Diýarymyzda türkmen atlaryna bagyşlanyp geçirilýän gözellik bäsleşikleri-de, halkara maslahatlary-da Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedew atlara goýýan uly sarpasydyr. Olara dünýäniň dürli döwletlerinden alymlaryň, atşynaslaryň gatnaşmagy hem türkmen bedewlerine dünýäniň gyzyklanmasyny görkezýän mysallardyr.

Sürüjilere maslahatlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň asudalygyny we köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmazlygyny gazanmagy maksat edinip, maslahatlar bilen ýüzlenýäris: Ýokary tizlik — awtoulagy has ýokary tizlikde sürmek howply we gödek endikdir. Bu sizi we töwerekdäki ýol hereketine gatnaşýanlary howply töwekgelçilige salýar. Ýokary tizlik heläkçilige ýa-da jerimä esas döredýär.

Meýilnamalaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy guramaçylykly geçirmek maksady bilen, wagyz-nesihat işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Hususan-da, biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeginde guramaçylykly we özboluşly çäreleriňdir maslahatlaryň geçirilmegi, olarda ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalaryň we sürüjileriň wezipeleri hakynda nygtalmagy, ösüp gelýän ýaş nesil üçin edilýän tagallalaryň biridir. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän mekdepleriniň başlangyç synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalarynyň ilkinji endiklerini ýaş nesle düşündirmek, şeýle-de Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynyň bellenilen talaplaryny gollanyp, ýol hereketiniň kadalarynyň ilkinji endiklerini öwretmek we halk köpçüligine wagyz-nesihat etmek maksady bilen, «Ilkinji ädim» atly utgaşykly kitaby körpe nesillerimize, bilim edaralaryna paýlanylýar we düşündirilýär. Kitapdaky dürli reňkli şekiller we ünsi talap edýän ýumuşlar bilen baglanyşykly taýýarlanan sowallar arkaly tele we radioýaýlymlarda habar (SMS) bäsleşigi geçirilýär. Ol bäsleşikde 0560 gysga belgä kod (SMS) iberip, ýeňiji bolan ildeşlerimize ýurdumyzyň çäginde hereket edýän kitap dükanlaryndan «Ilkinji ädim» atly kitap sowgat berilýär. Ýene-de aýratyn bellemeli zatlaryň biri, kitapda QR-kod ýerle

Terbiýeçilik ähmiýetli bäsleşik

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-nesihatlaryny we watançylyk sargytlaryny, eserleriniň many-mazmunyny şahsy düzümiň aňyna çuňňur ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde «Kitap — bilimiň çeşmesi» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrlary geçirildi. Bäsleşige gatnaşan harby gullukçylar ylmyň-bilimiň açary bolan kitaba çäksiz hormat goýýandyklaryny subut edip, bu ugurda öz bilimlerini emin agzalaryna görkezmegi başardylar. Bäsleşikde tapawutlanan harby gullukçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary bilen sylaglandylar. Allamyrat ÝALKANOW, podpolkownik.

Bagtyýar durmuşymyzyň höziri

Eziz Diýarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça biraýlygyň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda maýor Mukam Akjaýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby bölümlerinde hem-de edara-kärhanalarynda welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdesi, podpolkownik Begenç Amanow hem-de şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Şamuhammet Gurbanow dagynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada aýdyldy. Sebäbi asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Süleýman GURBANALYÝEW, Harby awtomobil gözegçiliginiň müdiri, maýor.

Ýürekden bir sözüm bar

Gahryman Serdarly Watanym meniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ykbaly bagtdan ýalkanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik ösüşlerine buýsanýan bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda aýdyň geljegi nazarlaýar. Ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Gözel Diýarymyzyň waspy dillerde sena bolup ýaňlanýar, ýüreklerde ylham bolup gaýnaýar.

Döwletli tutumlar rowaçlanýar

Möhüm desgalaryň uly geljegi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde durmuşa geçirilýän örän möhüm taslamalar Watanymyzy ykdysady taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň özi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, abadançylygy, bagtyýarlygy şertlendirip, eşretli ertirimize sarsmaz ynamy döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda amala aşyrylýan döwletli tutumlaryň rowaç alýandygy guwandyrýar.