Ýurdumyzda her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Biraýlygyň çäginde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Mekdep okuwçylarynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, şeýle-de ýaş sürüjileriň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynyň netijesinde ýol hadysalary has-da azaldy. Duşuşyklaryň barşynda okuwçy ýaşlara köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine eýermek boýunça gymmatly ündewler aýdylýar.
Wideogözegçilik ulgamy sürüjileriň we pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmegini gazanmaga uly ýardam edýär. Bu döwrebap enjamlar toplumy ýol-ulag hadysalaryny seljermäge, bu baradaky maglumatlary we hereketiň ýygjamlygyny bilmäge, awtoulaglaryň görnüşlerini, kysymlaryny hem-de ýol hadysalarynyň netijelerini öwrenmäge, bu ugurdaky möhüm wezipeleri pugta berjaý etmäge şert döredýär.