"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ilkinji goşgym

Başgaça bolupdy meň üçin bar zat,Gazetde çykanda ilkinji goşgym.Alan ýaly boldum ullakan bir at,Gazetde çykanda ilkinji goşgym. Çaga ýaly boldum juda begenip,Öwgimi ýetirdi ejem guwanyp,Hasam hyjuw döräp gitdim beýgelip,Gazetde çykanda ilkinji goşgym.

Erik gülledi

Budur gül baharyň şöhraty-şany,Güllere besleýär söýüp ýaşany,Bolçulygyň, berekediň nyşany,Keremli gollaryn gerip gülledi, Köňül töre geçip, erik gülledi.Ene ýeriň mährem ýylylygyndan,Päkize arzuwlaň ýygylygyndan,Parahatçylygyň ýylydygyndan,

Pikir (Hindi tymsaly)

Öňde-de biri il içinde dertlilere em salgy berýänligi bilen meşhur bolan akyldaryň ýanyna barypdyr. — Näme mesele bilen geldiň? — diýip, akyldar myhmana ýüzlenipdir.

Eziz Watan

Waspyňy dilden goýmaryn.Bitarap Türkmenistanym!Mekany baýram-toýlaryň,Bitarap Türkmenistanym! Nuranadyr ýollar ýagty,Türkmeniň çüwendir bagty,Bagş eýledi synmaz tagty,Bitarap Türkmenistanym!

Käbä deňelýän ynsan

Ene! Bu sözde gör, näçe mähir-muhabbet, özüne çekiji üýtgeşik güýç bar. Eneleriň perzentlerini rahat ýatyrmak üçin ýürek arzuwlaryny beýan edip aýdýan hüwdülerini diýsene! Perzentler mähriban käbesiniň mydama janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, mähirli, nurana ýüzüniň gülüp durmagyny arzuwlaýarlar. Ene mukaddesdir. Mukaddeslige bolsa tagzym edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okadygyňça enä goýulýan hormat-sarpanyň belentdigine çuňňur düşünýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabyndaky: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr» diýen sözleri okanyňda, enelere bolan hormatyň has hem artýar. Mähriban käbäň durmuşda görüm-göreldäň, onuň ornuny tutup biljek başga adam ýok. Bir danadan: «Jennet nirede?» diýip soranlarynda, ol: «Jennet enäniň dabanynyň astyndadyr» diýip jogap beripdir.

Çagalygyň bir pursady...

Oglanjyklar iki topara bölündiler. Kimiň derwezäni goramalydygy, kimiň nirede oýnamalydygy belli edildi. Birdenem:

Arkadagyň paýhasy

Aşyklaryň şäheriŞäherimiz Aşgabat.Garşylar her säheriArkadagy alkyşlap,Beýik ýurdumyň bagty,Aziýaň merjen tagty,Türkmeniň bu paýtagty. Gözelligne görk goşarÖz Liderniň paýhasy.Zer öwüser gijesi,Eserdir şäherçesi.Leýli gyzlara mahsusLeýlisaçlar sülmürär.Iň owadan şäheriGiň seýilgähler bezär,Iç-daşyn güller bürär.

Duýguly dünýä

ÝAZLARYŇ ÝURDY Bilýäňizmi, ata ýurdun ýazlaryň, Bilýäňizmi, baky bahar nirede?Nirede göwünler gül-gül sazlaşyp, Hoş sözler aýdylýar birek-birege?Aşyk bolar,                şahyr bolar bir demde,Kim bu jennet ýurda maňlaý direse.

Şygryýet çemeni

ÝAGYŞ NÄMÄ AGLAÝAR?! Diňle, eziz!Ýagyş ýagýar,Damjalaryň şildir sesi ne ajap.Zemine görk üçin ýagýan deý,ÝöneDertli asman gözýaş dökýändir sojap.

Wagt (Goşgy)

Şaýat bolup adamzadyň ömrüne, Wagt, nirä barýaň, saklan ahyryn!Soňra düşüp gojalygyň döwrüne,Wagt, nirä barýaň, saklan ahyryn! Hakyň ýazgyt kitabynyň gatyny,Okap ýetişeýin syrly hatyny,Neçün beýle tiz eýerläp atyňy,Wagt, nirä barýaň, saklan ahyryn!

Bir owuç şemal (Gündelikden*)

HOSIÝAT RUSTAM, Özbegistanyň «Kitob dunyosi» gazetiniň baş redaktory. EDEBIÝAT HEM...

Arzuw (Hekaýa)

Edebiýat mugallymy sapaga giren dessine depderleri paýlap ugrady: — Salam, okuwçylar, biz şu gün düzme ýazarys, özem erkin mowzukdan. Bilýäňiz-ä, biziň ýaşap ýören şäherimiz, Watanymyzyň ýüregi Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň maý aýynda 140 ýyllygyny belläp geçeris. Ine, sizem gözel Aşgabadymyz barada näme bilýän bolsaňyz, şolary ýazjak düzmäňizde beýan edersiňiz.

Baýlyk

Bir daýhanyň iki sany ogly bar eken. Olar: — Ata, biz dünýä aýlanjak, rysgal-döwletimizi agtarjak, bagtymyzy synap görjek, başarmasak, gallaç galsak, geleris. Seniň ýoluňy dowam ederis — diýip, biri ata, beýlekisi eşege atlanyp, obadan başyny alyp çykyp gidipdirler. Bularyň öňünden ýagşyzada çykypdyr:

Ynsan mertebesiniň aýdymçysy

«Ýazyň we güýzüň şahyry» diýlip atlandyrylýan Gurbannazar Ezizow geçen asyryň ikinji ýarymynda ýaşap geçen söz sungatynyň ussatlarynyň iň görnükli wekilleriniň biridir.  Beýik Taňry tarapyn berlen örän gysga ömründe halkyna, özüne muşdak okyjylaryna hiç haçan könelmejek, möhleti-möwriti geçmejek şygyrlardan gymmatly serpaý ýapan şahyryň terjimehaly gysga. Emma onuň edebi döredijilik ýoly, dünýäsi welin, ýyllar geçdigiçe many-mazmun taýdan çuňlaşyp, akyl-paýhas akabasy barha giňelip, rowaçlanyp gidip otyr. Gurbannazara onuň eserlerine muşdaklaryň köpüsiniň ýazyň şahyry diýmegi, onuň baharyň ilkinji gününde doglanlygy bilen hem baglydyr. Ol edebiýat meýdanyna ilkinji ädimler bilen giren ýyllaryndan başlap, öz döwürdeşlerinden tapawutlanyp başlaýar. Şol tapawutlar onuň pikir täzeligine, setirleriň sazlaşygyndaky özboluşlylyga, many agraslygyna nazar aýlanymyzda has hem aýdyň görünýär. Öz döwründäki we şondan soňky edebiýatçy alymlar, tankytçylar, galamdaşlary, halypa ýazyjy-şahyrlar, okyjylar Gurbannazaryň döredijiligi, ondaky täzelikler, pikir özboluşlylygy barada, onuň milli aýratynlyklary hakynda köp makalalar ýazdylar, özleriniň esasly garaýyşlaryny aýtdylar. Şolaryň biri hökmünde şahyryň halypa galamdaşy Kerim Gurbannepesowyň şu sözleri onuň belentligine berlen köp sanly mynasyp bahalaryň biridir:

«Görogly» şadessany hakynda buýsançly goşgy

Bu gün dünýäň ünsi saňa gönükdi,Görogly beg, seniň döwrüň gelendir.Indi tirsegiňe galsaň ymykly,Täze ýaşamaly ömrüň gelendir. Agaýunus uz ýaşynyp gülüp dur,Gülşirin gyz çemen baglap gelipdir,Kyrklaryň hyzmata taýyn bolup dur,Hüňkäriň külüni sowrup gelendir.

Rowaýatlar ummanyndan

DÖWLET AGZYBIRLIKDEDIR Ir döwürlerde Äraly pir atly dana ýaşap geçipdir. Onuň parasatlylygy baradaky rowaýatlar biziň günlerimize hem gelip ýetipdir.

Kalbymyň bahary, mähriban enem!

Al-elwan güllerden jyga geýen görkana baharym, hoş geldiň, ülkämize! Bu ajaýyp pasylda ýurdumyzda enelere, gyz-gelinlere belent sarpanyň, hormatyň nyşany hökmünde Halkara zenanlar güni bellenilýär. Ene, bu keramatly söz, gör, neneňsi ýakymly, neneňsi mähriban! Dünýäde iň mährem, iň mukaddes ynsan enedir. Ol maşgala ojagynyň öçmez ody, alawydyr. «Behişt enäniň dabanynyň aşagyndadyr» diýip, Pygamberimiz ýöne ýerden aýtmandyr. Ömürleriň dowamy, ynsanlaryň Zemindäki seždegähi, ylahy güýçleriň eýesi bolan eneler barada joşup goşgy-gazal, eser ýazmak, biz — perzentler üçin mukaddes borçdur. Baharyň bütin älem-jahany gülzarlyga, lälezarlyga besläp gelşi ajaýypdyr. Kalby baharda açylan al-elwan güller ýaly näzik eneleriň mähri, gyzgyn söýgüsi biziň aňymyza ebedilik siňýär. Olaryň barlygynda ýaşaýyş gözellige beslenýär, ynsan ömri dowamat dowam bolýar. Ene ýüregi hemişe päklik, perzendiniň rahatlygy üçin urýandyr. Öz gezeginde ene ýüreginiň rahatlygy hem perzendiň öz iline, maşgala ojagyna wepalylygy, ygrarlylygy bilen bagly. Perzent üçin ene gujagy jennet mysalydyr. Aýdylyşyna görä, Allatagala ynsana sazyň gudraty bilen jan berenmiş. Ene hüwdüsi bolsa perzendiniň kalbyna Aý ýaly nuranalyk, Gün ýaly çoglulyk, asman ýaly päklik, gözýetim ýaly giňlik eçilipdir. Hüwdülerde enäniň perzendine bolan çäksiz söýgüsi şöhlelenýär.

Beýik bagtyň bahary

Hoş geldiň, gadamyň düşümli bolsun,Bagymyza gülleň gonan mahaly.Goýnuň bagt guşuna düşelge bolsun,Toýa dolsun gül Diýara saparyň,Beýik bagtyň 30-njy bahary! Ylham alda ýaz kamatly döwürden,Täze doglan guzy bolup ýüwür sen!Bilbilleriň owazyna ýugur senŞat mukama teşne jümle-jahany,Beýik bagtyň 30-njy bahary!

Ýaşaýşa bolan söýgi

Her bir adamyň baş arzuwy durmuşyň goýnunda çekýän päk zähmeti bilen öz mynasyp ornuny tapmakdyr. Durmuşda ornuňy tapmak, ömrüňi manyly geçirmek, dogduk obaňa, maşgalaňa, ulus-iliňe gerekli adam bolup ýaşamak üçin bolsa, öz-özüňe bolan ynamy döretmeli we halal zähmet çekmeli. Şeýle halallyk bilen çekilýän zähmete ugrukdyrýan ynam ýagşy arzuwlar, ajaýyp maksatlar, islegler bilen sazlaşyp, ýaşaýşyň berk sütünini emele getirýär. Şeýle ak arzuwlaryň, köňül küýsegleriň, etsem-petsemleriň hasyl bolmagy üçin her bir ynsanyň özi yhlas etmeli. Aňymyzda ynamyň kemala gelmegi üçin, her birimiz ganymyza siňen maksada okgunlylyk, sahylyk, rehimdarlyk ýaly häsiýetlerimizi kämilleşdirmelidiris. Biz şeýle häsiýetleri özümizde kemala getirip, bagta sary gadam basyp bileris. Bu ýolda bize özümize bolan ynam kömek eder. Özüne ynamy bar adam hiç wagt ýadamaýar. Ol öz yhlasynyň myrat tapmagy üçin zähmet çekýär. Bu diýdigimiz, başlan her bir işimiz üçin çekilýän zähmet ölçenmeýär diýdigimizdir. Öz başarnygymyza, güýjümize özümiziň ynanmagymyz wajypdyr. Şeýle etmek bilen, biz maksat tutunan her bir döwletli işimiziň amala aşmagyny gazanyp bileris.

Iň ýakyn dostum hakynda...

Her bir kitap akylly dostdur, şonuň üçin kitaby dost tutun.Gowy kitaby ilkinji gezek okanyňda täze dost tutunan ýaly bolsaň, ony gaýtalap okanyňda köne dostuňy ýitirip tapan ýaly bolarsyň.Kitap durmuşyňy ýeňilleşdirer, çylşyrymly duýgularyň, meseleleriň çözgüdini tapar, özüňe we daş-töweregiňdäkilere hormat goýmagy öwreder.Kitap gowulygy halas etmegi, erbetligi düzetmegi öwredýän halypadyr.Kitap awtor tarapyndan adamzat nesline goýlan iň uly sowgatdyr.Okalýan kitaplar hemişe gök öwsüp oturan baga meňzär.Awtor kitaby ýazsa, okyjy onuň ykbalyny kesgitleýär.Kitap bizi iň gowy jemgyýete äkidýär we ähli döwürleriň akyldarlary bilen tanyşdyrýar.Kitap — baky ýaşamak ukybyna eýedir. Kitapsyz öý ruhsuz beden ýalydyr.