Käbä deňelýän ynsan

4 Mart 2021
1115

Ene! Bu sözde gör, näçe mähir-muhabbet, özüne çekiji üýtgeşik güýç bar. Eneleriň perzentlerini rahat ýatyrmak üçin ýürek arzuwlaryny beýan edip aýdýan hüwdülerini diýsene! Perzentler mähriban käbesiniň mydama janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, mähirli, nurana ýüzüniň gülüp durmagyny arzuwlaýarlar.

Ene mukaddesdir. Mukaddeslige bolsa tagzym edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okadygyňça enä goýulýan hormat-sarpanyň belentdigine çuňňur düşünýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabyndaky: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr» diýen sözleri okanyňda, enelere bolan hormatyň has hem artýar. Mähriban käbäň durmuşda görüm-göreldäň, onuň ornuny tutup biljek başga adam ýok. Bir danadan: «Jennet nirede?» diýip soranlarynda, ol: «Jennet enäniň dabanynyň astyndadyr» diýip jogap beripdir.

Ogulgurban REJEPOWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar