"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Derek

Güneşli Diýarymyzda biosferanyň esasy bölegi bolan ösümlikleriň 7 müňden gowragy duş gelýär. Şolaryň biri hem derek agajydyr. Derek howany arassalaýan, tozan dörediji ähli çeşmeleriň, durnuksyz howa akymlaryny dörediji ýeliň, şemalyň, tozgalaryň ýaýraýyş ugrunyň derejesini peseldýän, hojalyk gatnaşyklarynda, jemgyýetçilik durmuşynda giňden peýdalanylyp gelinýän, töweregindäki toprak örtüginiň düzümini dürli organiki maddalar bilen baýlaşdyrýan, topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýan we ýene-de ençeme peýdaly taraplary bilen tapawutlanýan agaçdyr. Ösümlikler dünýäsinde «ýaşaýyş we saglyk çeşmesiniň ilkinji onlugynda» durýan bu agajyň dünýäde 100-e golaý görnüşi duş gelýär. Derek agajynyň Ýer ýüzünde gara, ak, simon, maksimowiç, adaty, gyzyl, piramida, hytaý, türkmen, berlin, kawkaz, turan, wilson, kanada, italýan görnüşleriniň ýaýrawy giň bolmak bilen, olar owadanlygy bilen tapawutlanýarlar. Ýer astynda ekinler üçin gurply gum gatlagynyň emele gelmeginde, topragyň organiki düzümini çüýrüntgiler bilen baýlaşdyrýan, ýumşadýan togalak, halkaly ýagyş gurçuklarynyň köpelmeginde derek agajynyň ähmiýeti uludyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 8-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +12... +14° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Tebigatyň täsin ösümligi

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda: «Ene topragymyz, mähriban tebigatymyz biziň üçin güýjüň, berk jan saglygyň we uzak ýaşamaklygyň çeşmesi hasaplanylýar. Durmuşyň jadyly duýgusy, şeýle hem üýtgeşik ukyp adamzada gerek bolan dermanlyk ösümlikleri tapmaga kömek edipdir we olaryň iýmäge ýaramlylygyny, ýokary hilliligini hem-de olaryň himiki düzümine göz ýetirmezden ozal tebigy iýmitlik önümleri kesgitlemäge mümkinçilik beripdir. Lukmançylygyň taryhy öz gözbaşyny şol döwürlerden alyp gaýdýar. Şonuň üçin hem ýer ýüzünde ilkinji tebip, häzirki döwürde atlandyrylyşy ýaly, fitoterapewt bolupdyr» diýip, belleýär. Ýurdumyzda giň meşhurlyga eýe bolan dermanlyk ösümlikleriň biri-de üzärlikdir. Ol köpýyllyk, köpbaldakly, otjumak, boýy 40-50 (70) santimetr bolan özboluşly güýçli ysly ösümlikdir. Üzärligiň otundan taýýarlanan jöwheriň häzirki zaman fiziki-himiki usullar arkaly gurluşy we düzümi Türkmenistanyň şertlerinde ilkinji gezek ylmy taýdan öwrenildi. Netijede, onuň düzüminde 50-ä golaý biologiki wajyp mikroelementleriň bardygy anyklanyldy. Türkmen alymlary tarapyndan taýýarlanan jöwheriň tejribe haýwanlarynda klinika çenli barlagy, mikroplara garşy we ýara bitiriji täsirleri öwrenildi. Geçirilen barlagda jöwheriň gök iriň taýajygyna garşy güýçli işjeňliginiň bardygy anyklanylyp, onuň gysga wagtyň dowamynda ýara bi

Uly çille

Milli senenama boýunça dekabr aýynyň 7-sinde gara gyş döwri tamamlanyp, 8-nji dekabrdan uly çille başlanýar. Çille — bu pars dilindäki «çil» sözi bilen baglanyşykly bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Şeýlelikde, ol kyrk gün dowam edýär we gyşyň örküji hasaplanýar. Dogrudan-da, 8-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli aralykda aýazly, sowuk günleriň köp bolýandygy hemmä belli hakykat. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, bu döwürde ätiýajy elden bermeli däl. Her pursatda gyşyň gar-ýagşyna, şatlama aýazyna taýýar bolmaly. Maldarlaryň arasynda «Dokuzyň üçe ýetermi?» diýen bir söz bar. Ýagny dokuz aýlap ýygnan ot-çöpüň üç aý gyşa ýetse, onda seniň ýagdaýyň gowulygy hasaplanypdyr. Şeýle çopanlar bakýan mallaryny gyşdan dok we tükel alyp çykyp bilipdirler.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 7-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 745 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Gyş täsinlikleri

Hasaba alnan iň uly gar tozgasynyň diametri 12 santimetre barabardyr.* * *Iň uly gar adamy 2008-nji ýylda ABŞ-nyň Betel şäherinde ýasalypdyr. Beýikligi 37 metr bolan gar adamyny taýýarlamak üçin alty tonna gar ulanylypdyr.* * *Ýewropaly alymlar gyş paslynda doglan çagalaryň has berdaşly bolýandygyny we olaryň sportda oňat netijeleri gazanmak mümkinçiliginiň ýokarydygyny belleýärler.* * *Ýer ýüzüniň ilatynyň tas ýarysy diýen ýaly howa ýagdaýlary sebäpli hakyky gary görenok.* * *Antraktidanyň beýik dag gerişlerinde mämişi, gyzyl, sarymtyl reňkdäki gar hem gabat gelýär. * * *Alymlaryň hasaplamalaryna görä, bir kub metr gar 350 milliondan gowrak gar tozgasyndan ybaratdyr.

Halk nakyllary

■ Bahyldan gyşyň güni garam dileme. ■ Bir garga bilen gyş gelmez.

Gyşyň gyşdan parhy bar

Uly çille döwri gyş paslynyň ikinji döwri, ýagny ol gyşyň örküji hasaplanýar. Bu döwür kyrk gün, ýagny 8-nji dekabrdan 16-njy ýanwara çenli dowam edýär. Ol pars dilindäki «çil» diýen sözden gelip çykyp, «kyrk» diýen manyny berýär. Türkmenleriň ýyldyz senenamasy boýunça uly çille çopandyr çoluk, mallary kärendesine alan adamlar üçin esasy jogapkärli möwsüm hasaplanýar. Bu döwürde howa diýseň sowuk bolýar. Sebäbi «Ýylyň ýyldan, gyşyň gyşdan parhy köp» diýlişi ýaly, hemme gyşyň gelşi we çykyşy birmeňzeş bolmaýar. Gyş maýyl we çygly gelse, daýhanyňam, çopandyr çolugyňam aşygynyň alçy gopdugy. Munuň ýaly gyşda dowarlaryň ýitgisi az bolýar, iş-aladalaram ýeňilleşýär. Gyş sowuk gelende, çopan-çoluklaryň, maljanly adamlaryň aladasy artýar.

Bakylyga barýan ýol

«Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Saýany ekmedik salkynda ýatmaz» ýaly atalar sözleridir nakyllar agaç oturtmagyň, bag ýetişdirmegiň ähmiýetini, onuň ynsan saglygyna peýdasyny açyp görkezýär. Pederlerimizden şu günlerimize gelip ýeten sargytlar, gymmatly wesýetler berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giň goldawa mynasyp bolup, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň hakykatdan hem şeýledigine tutuş ýurt möçberinde agaç nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine hut eziz Arkadagymyzyň baştutanlygynda badalga berilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygara beslenen üstümizdäki ýylda agaç oturtmak, bag ekmek ýaly haýyr-sogaply işe hemmeler ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 6-njy dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +12... +14° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Elguş sungaty

Türkmeniň elguş sungatynyň gadymydygyna syýahatçylaryň, alymlaryň, nusgawy şahyrlaryň galdyran ýazgylary, halk döredijiliginde getirilýän mysallar doly şaýatlyk edýär. Edebiýat çeşmelerinde görkezilişi ýaly, ýyrtyjy guşlar bilen aw awlamagyň milli tejribeleri, urp-adatlary bilen tejribeli çopanlaryň meşgullanandygy bellenilmäge mynasypdyr. «Çopan garrap guşçy bolar, guşçy garrap goşda sakçy bolar» diýen pähimden görnüşi ýaly, synçy, tejribeli çopanlar diňe bir özleriniň mallaryny bakýan ýerleriniň däl, umuman, tebigatyň howa ýagdaýlaryny, haýwanlardyr guşlaryň ýaşaýyş aýratynlyklaryny, iýmitlenişini, gezim edýän ýerlerini, hindir sürenini, höwürtge gurşuny, nesillerini ösdürip ýetişdirişini we başga-da birnäçe aýratynlyklaryny örän gowy bilipdirler. Ata-babalarymyz nesilden-nesle geçip gelýän gadymy elguş sungatynda ýurdumyzyň çäginde duş gelýän laçyna, ütelgä, gök bährä, garçygaýa, bürgüde tälim berip, olary awa taýýarlapdyrlar. Bu ýyrtyjy guşlaryň gözleriniň, çüňküniň we dyrnaklarynyň uçly hem-de ýitiligi, penjeleriniň berdaşly bolmagy tebigydyr. Ol tebigylyk bolsa awuň şowly bolmagyndaky ähli zerurlyklardyr. Mysal üçin, laçynyň gözüniň adamyň gözüne garanda, onlarça esse görgür bolmagy, awy wagtynda saýgarmaga, oňa tarap okdurylmaga oňat mümkinçilikdir.

Umman süýşýär

Dünýäde iň baý tebigatly umman umumy tutýan meýdany 178,7 million inedördül kilometre deň bolan we deňizleriň onlarçasyny özüne birikdirýän Ýuwaş ummany hasaplanylýar. Ol Günorta we Demirgazyk Amerika, Ýewraziýa, Awstraliýa, Antarktida yklymlary, şonuň ýaly-da, jemi 50 döwlet bilen araçäkleşýär. Ummanyň Demirgazyk Amerika kenarynyň suwy her ýylda 5,5 santimetr kenara tarap süýşýär. Alymlaryň çaklamagyna görä, eger-de, umman süýşmegini şu depginde dowam etdirse, onda ýene 10 million ýyldan onuň suwy San-Fransisko şäheriniň golaýyna geler. Bilermenler munuň sebäbini ummanyň Demirgazyk bölegindäki suwunyň düzüminde duzuň mukdarynyň azdygy we suwuň az bugarýandygy bilen düşündirýärler.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 06-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +12... +14° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 4-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +6... +8° maýyl bolar. Howanyň basyşy 744 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Haýwanat dünýäsindäki geň-taňlyklar

Bürgüdiň gözi iki gabak bilen gurşalyp, birinji gabak onuň gözlerini howa akymlaryndan we daşky howplardan goraýar. Ikinji dykyz gabak bolsa oňa uklan wagtynda gözlerini ýummak üçin zerur.* * *Adaty körsyçan berdaşly gazyjydyr. Ol bir sagatda 15 metr, bir gijede bolsa 76 metr ýer köwýär.* * *Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.* * *Syrtlan öz güýçli äňi we dişleri bilen pilden başga ähli haýwanlaryň süňküni owradyp bilýän ýeke-täk haýwandyr.* * *Demirgazyk deňiz guşy bolan kaýra awunyň yzyndan kowup ýetmek üçin 180 metr çuňluga çenli çümmäge ukyplydyr.* * *Gara garga şol bir adamy islendik eşikde hem tanamaga ukyplydyr.* * *Gara ganatly kebelekler Günüň şöhlesiniň kömegi bilen bedenleriniň gyzgynlyk derejesini artdyryp, uçmaga goşmaça energiýa alýarlar.* * *«Deňiz ýyldyzlary» diýlip atlandyrylýan jandarlaryň gany ýokdur. Olaryň göwresi suw bilen doludyr.* * *«Guýrukly» adyny alan käbir gurbagalaryň örän täsin aýratynlyklary bar. Olaryň gözlerine, aýaklaryna şikes ýeten ýagdaýynda, ýerine edil öňküsi ýaly täzesi çykýar.

Daşky gurşawyň goragynda

Tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýan giň gerimli mukaddes topragymyzy bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy daşky gurşawy goramak babatda dünýä işine ägirt uly goşantdyr. Şol maksatnamanyň çäklerinde eziz Diýarymyzyň şäherleriniň, ilatly ýerleriniň töwereklerinde, awtoulag we demir ýollarynyň ugurlarynda täze tokaýlyklar kemala gelýär.  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan ata Watanymyz daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 3-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metr, wagtal-wagtal 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +11... +13°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 2-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre, wagtal-wagtal 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +11... +13°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Gözelligi goralyň!

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ajaýyp genetiki gaznasyny gorap saklamak, köpeltmek geljekki nesillerimize ýetirmek işiniň şu günki günüň iň wajyp meseleleriniň biridigini öwran- -öwran nygtaýar. Ýurdumyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Ösümlikleriň we haýwanlaryň birnäçe görnüşleri seýrek duş gelýän hasaplanylyp, ýitip gitmezligi üçin olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilip, goraghanalarymyz tarapyndan goralýar. “Bathyz” döwlet tebigy goraghanasy hem ösümlik we haýwanat dünýäsine, şeýle-de, guşlar dünýäsine baý goraghanadyr. Bu ýyl bu goraghananyň döredilenine 80 ýyl dolýar.

Haýwanat dünýäsi

Gunduzlaryň dişleri palta ýaly ýitidir. Olar 150 santimetrden ýogyn bolan agaçlary-da sähelçe wagtyň içinde dişleri bilen kertip bilýärler. * * *