Haýwanat dünýäsindäki geň-taňlyklar

3 Dekabr 2021
1531

Bürgüdiň gözi iki gabak bilen gurşalyp, birinji gabak onuň gözlerini howa akymlaryndan we daşky howplardan goraýar. Ikinji dykyz gabak bolsa oňa uklan wagtynda gözlerini ýummak üçin zerur.
* * *
Adaty körsyçan berdaşly gazyjydyr. Ol bir sagatda 15 metr, bir gijede bolsa 76 metr ýer köwýär.
* * *
Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.
* * *
Syrtlan öz güýçli äňi we dişleri bilen pilden başga ähli haýwanlaryň süňküni owradyp bilýän ýeke-täk haýwandyr.
* * *
Demirgazyk deňiz guşy bolan kaýra awunyň yzyndan kowup ýetmek üçin 180 metr çuňluga çenli çümmäge ukyplydyr.
* * *
Gara garga şol bir adamy islendik eşikde hem tanamaga ukyplydyr.
* * *
Gara ganatly kebelekler Günüň şöhlesiniň kömegi bilen bedenleriniň gyzgynlyk derejesini artdyryp, uçmaga goşmaça energiýa alýarlar.
* * *
«Deňiz ýyldyzlary» diýlip atlandyrylýan jandarlaryň gany ýokdur. Olaryň göwresi suw bilen doludyr.
* * *
«Guýrukly» adyny alan käbir gurbagalaryň örän täsin aýratynlyklary bar. Olaryň gözlerine, aýaklaryna şikes ýeten ýagdaýynda, ýerine edil öňküsi ýaly täzesi çykýar.

Taýýarlan Şemşat KASYMOWA,
Türkmenabat şäherindäki 5-nji mekdep-internatynyň aýdym-saz mugallymy.
Beýleki habarlar