"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Maşgalanyň agzybirligi jemgyýetiň baýlygydyr

Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny ähli zatdan ileri tutupdyrlar. Maşgalanyň abatlygy, agzybirligi jemgyýetiň ösüşine uly täsir edýär. Agzybirligiň bar ýerinde birek-birege hormat-sarpa, düşünişmek we ynam bardyr. Il arasynda agzybir maşgalalary döwletli hasaplaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her maşgalanyň abatlygy, sagdynlygy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýär. Maşgalany durmuş taýdan goramak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Maşgala binýadyna we çaga terbiýesine uly üns berilýär. Pederlerimizden miras bolup gelýän milli ýörelgelerimize, edep kadalarymyza, medeni gymmatlyklarymyza, maşgala mukaddesliklerimize uly hormat goýulýar. Şol asylly ýörelgelerimizi ýaş nesillerimiziň hem mynasyp dowam etdirmekleri üçin bimöçber tagallalar edilýär. Ilat arasynda maşgala abadançylygyny gorap saklamak, her bir maşgalanyň sagdyn we agzybir bolmagyny gazanmak, edepli, ulyny sylap, kiçä hormat goýýan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar.

Zeliliniň çowlugynyň gürrüňi

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýaşaýan Maýagözel Annaberdiýewa Gurbandurdy Zeliliniň üçünji arkasy — çowlugy bolup, ol şahyryň ýalňyz ogly Mämmetdöwlet ahunyň dört oglunyň biri bolan Jumadöwletiň gyzy. Mämmetdöwlet ilki Mama atly gyza öýlenýär, ol aradan çykandan soň, Hallybibi atly gyz bilen durmuş gurýar. Hallybibi eje tegelek ýüz ýaşap (1864 — 1964 ýý.) dünýeden gaýdypdyr. Maýagözel gelneje öz enesiniň örän ýatkeş bolandygyny, nebereleri barada bilýän gürrüňleriniň köpüsini şondan eşidendigini, tä Aşgabada okuwa gaýdýança enesi bilen bir öýde ýaşap, onuň edep-terbiýesini alandygyny aýdýar. Mämmetdöwletiň Jumadöwletden başga-da, Gurbandurdy (Zeliliniň ady, onuň ady il içinde Ata diýlip tutulypdyr), Annadurdy, Baýramdurdy atly ogullary bolupdyr. Uly ogly Ata örän görmegeý hem berdaşly ýigit eken, ýöne onuň ömri gysga bolupdyr. Ol 30 ýaşynyň içinde agyr keselläp ýogalypdyr. Mämmetdöwletem öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Ol obalaryndaky medresede sowadyny çykandan soň, Hywa medresesinde okap, ahunlyk derejesini alýar. Dolanyp gelenden soň, köp ýyllaryň dowamynda oba medresesinde çagalara sapak beripdir. Ol obada iň sylanýan adamlaryň biri bolupdyr. Adamlar islendik meselede, ilki bilen, oba kethudasy bolan Mämmetdöwlet ahun bilen maslahatlaşypdyrlar.

Arça jäjegi

Mähriban çagalar, Täze ýylyň öňüsyrasynda her bir öýde dürli jäjekler, çyrajyklar bilen bezelen arçalara duş gelmek bolýar. Täze ýyl arçalaryny ata-eneleridir ýakynlary bilen bilelikde bezemek çagajyklar üçin eýýäm adata öwrülen şatlykly wakalaryň biridir. Bu hem maşgala baýramy bolan Täze ýyl baýramynyň özboluşly, täsirli, ýatdagalyjy pursatlarynyň biri bolup, çagalaryň aňynda hemişelik orun alýar. Şeýle ajaýyp, şatlykly pursatlaryň kän bolmagyny arzuw edip, size owadan, köp öwüşginli arça jäjegini ýasamagy öwretmek isleýäris. Täze ýyl arçasyny öz ellerimiz bilen ýasan jäjejiklerimiz bilen bezesek has-da ýakymly bolar. Hany onda, esbaplarymyzy jemlemäge başlalyň! Gerekli esbaplar:

«Arçajyklar» saçagyňyzy bezesin!

Täze ýyl baýramçylygy — maşgala baýramçylygy. Bu baýramçylygyň özboluşly taýýarlygyny diýseňizläň! Saçaklarymyzy dürli nygmatlar, naharlar, işdäaçarlar bilen owadan edip bezemegiň özi hem ýakymly pursat. Şonuň üçin biz hem size täze ýyl saçagyňyzy bezejek bir tagamyň taýýarlanylyşyny öwretmegi makul bildik. Gerekli önümler:

El hünäri il gezer

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri çagalarynyň beden taýdan sagdyn bolmagyna, ruhubelent nesilleriň kemala gelmegine uly ähmiýet beripdir. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň dünýä derejesinde ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin yzygiderli alada edýär. Aýratyn hem, okuwçylaryň mekdep partasyndan başlap, eli hünärli çykmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde hereket edýän zähmet we gurnak sapaklarynyň okuwçy gyzlaryň zähmetsöýer, eli çeper, asylly gylyk-häsiýetli, edepli-ekramly, ula hormat goýýan, kiçileri söýýän, enelerimizden miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýýan nesiller bolup ýetişmeginde uly ähmiýeti bar. Gurnak we zähmet sapaklarynda okuwçy gyzlary dürli hünärlere ugrukdyrmakda, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmakda, maşgala mukaddesliklerine hormat goýmakda, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakda, el işleriniň inçeligine, nepisligine, olaryň gadymylygyna, milliligine bolan ukybyny we zehinini, başarnygyny açyp görkezmekde, çeper elli gyzlary ýüze çykarmakda uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup ulanylmaga berilýän mekdeplerde ýörite zähmet otaglary ähli amatly şertler bilen üpjün edilen. Mekdeplerde dürli zähmet gurallary, stanoklar, tikin maşynlary bilen doly abzallaşdyrylan ýörite synp otaglarynyň bolmagy okuwçylary zähmetden belli bir ugra höweslendirmäge mümkinçili

Kämilligiň berk binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimizde ýaş nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmekde, olara Watanymyzyň taryhy, şu günki ösüşleri barada bilim berip, hünär öwretmekde döredijilikli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýaş nesiller we nesil terbiýesi, olaryň sazlaşykly ösüşi hem-de saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, şeýle hem saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, olaryň yzygiderli sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirildi. Netijeli özgertmeleriň we durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäklerinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere uly orun degişlidir.

Nesil terbiýesi

Ata-babalarymyzyň milli däp-dessurlarynda çaga terbiýelemek, ula hormat goýmak, kiçä söýgi bilen garamak ýörelgelerine aýratyn üns berlipdir. Şundan ugur alyp, mugallymçylyk işimizde pederlerimizden galan nusgalyk ýörelgeden ugur alýarys. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli mirasda nesil terbiýesine aýratyn üns berip, ýaş nesliň peder ýörelgeleri esasynda terbiýelenmegini ündeýär. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly eserlerinde hem bu mukaddes wezipeler jikme-jik beýan edilýär.

Maşgala goraglylygynyň kepillikleri

Türkmenabat şäher kazyýetinde «Maşgala goraglylygynyň kepillikleri» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä şäheriň ýaşaýjylarynyň, şol sanda ýaşlaryň köpsanlysy gatnaşdy. Onda edilen çykyşlarda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde we ahlak taýdan ösdürmekde maşgalanyň paýynyň uludygyna aýratyn üns berildi. Maşgalanyň jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy, hut maşgalada ruhy gymmatlyklaryň kemala gelýändigi, maşgala gatnaşyklarynda ahlaklylyk ýörelgeleriniň berkidilmeginiň jemgyýeti ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýändigi baradaky esasy pikir çykyşlaryň mazmunyny düzdi. Maşgala hukuk gatnaşyklarynyň maşgala hukugynyň degişli subýektleriniň arasynda emele gelýändigi hem-de Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýändigi düşündirildi. Kazyýet işgärleri döwletimiziň durmuş syýasatynyň maşgalany we maşgala gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirilendigini nygtadylar. Wagyz-nesihat çäresinde maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi, maşgala agzalarynyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygy, şahsy we emläk gatnaşyklary, özara kömek bermek hem-de çagalary terbiýelemek üçin maşgalada zerur bolan şertleri döretmek bilen baglanyşykly meselelere hukuk taýdan düşündirişler hem berildi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasyn

Maşgala mukaddesligi

Jemgyýetiñ, döwletiñ, milletiñ we her bir şahsyýetiñ ýaşamagy, işlemegi, döretmegi üçin iññän zerur bolan köp sanly wajyp hem-de gaýragoýulmasyz meseleleriñ içinde aýratyn orun maşgala baradaky meselä degişlidir. Çünki meseläniñ merkezinde ata-ene we perzent gatnaşygy, nesil dowamatynyň çeşmesi ýerleşýär. Maşgala — jemgyýet, jemgyýet — maşgala, jemgyýet — şahsyýet, şahsyýet — jemgyýet, şahsyýet — şahsyýet gatnaşyklarynyñ ynsanyñ ruhy-ahlak dünýäsine utgaşykly ornaşmagynyñ netijeliligi, durmuşa ukyplylygy subut edilen hakykatdyr.

Bar, gyzym, eýwana sübse çalyp goýber...

Hemişe ir säher bilen obadan şähere işe diýip gidenimde birhili ýüregim giňäp-giňäp gidýär. Gijesini-gündiz edip, şäheriň arassalygyny esasy maksady hasaplaýan elleri sübseli gyz-gelinlerimizi göreňde müň keren sagbolsun aýdýarsyň. Ýollarda, çatryklarda-da, köçäniň gyralarynda-da bir hapa çöp-çalam, hatda kagyz böleginem görmersiň. Ýeke-ýekeden ýygnalyp, başlary bir bogdak boglan güle meňzäp oturan sübsäni agzybirligiň nyşany hasaplamagymyň sebäbi bar. Ol ýeke-ýekeden düzülip, bir däl-de, birnäçe işi bitirýär. Hapyr-hupury, gerekmejek zatlary aýryp, arassalaýar.

Arzyly gün

Durmuşyň bize eçilýän şatlygy, buýsanjy, üstünligi bir ýa-da iki däl. Men munuň şeýledigine eje bolan günüm has aýdyň göz ýetirdim. Ilkinji perzendimiň jägildäp dünýä inmegi bilen ukudan oýanan ýaly boldum. Ençeme aýlap hut şu pursata garaşan hem bolsam, ýaňy dünýä inen balamyň näzijek sesiniň maňa beýle täsin duýgyny bagyş etjekdigini bilmändim. Ýogsa bala-çaganyň juda süýji bolýandygyny eşide-eşide gelýärdim. Adam her bir zady öz başyndan geçirmese, aýdylan-diýleni bilen oňa doly düşünip bilmez eken. Şol günden bäri süýji-süýji ukulardan, toý-tomgudan az-kem daşlaşan hem bolsam, dünýäde menden bagtly adam ýok. Körpejämiň sülük ýaly barmajyklary, aglanda kemşerip gidýän dodajyklary, öýde iki ýana ýöresem meni yzarlaýan garaja gözleri meni özüne bendi edip goýupdy. Bu enaýyja perişdejige şeýle bir imrinipdim welin, ol-a ukymy köýdürmek eken, hut öz ýüregim gerek bolsa-da pikirlenmän bermäge taýýar boldum.

Mährinden mähir tapanym

Halkymyzyň ýaşuly nesillerimiz hakynda: «Garry—öýüň gaznasy», «Gojam bar—goragym bar», «Geňeşseň goja bilen geňeş» ýaly birnäçe aýtgylary döretmeginiň aňyrsynda durmuş tejribesi bar. Hojalykda köpi gören goja nesilleriň bolmagy maşgalanyň goragydyr. Olaryň ajyny-süýjini gören gözleri ähli zady bilip, her bir meseläni adalat terezisi mysaly ölçäp durandyr. Olar öýde maşgala agzalarynyň hüý-häsiýetine, başarnygyna beletdir. Ýaşuly nesillerimiziň ýaşlara nä derejede gerekdigine düşünmek üçin bir öýüň gapysyndan gelin bolup ätlemek ýeterlikdir. Gelin bolup bir gapydan baran günüň durmuşyň ähli synaglary başlanýar. Her hojalygyň öz tertip-düzgünleriniň bolýandygy üçin şol düzgüne girýänçäň kimdir biriniň ýardamy juda zerur. Ýaş gelniň syn-deramaty ýeterlik. Goňşy-golamlar, öýe gelin görmäge gelýän myhmanlardyr garyndaşlar, ululy-kiçili maşgala agzalaryň ählisi gelin synlaýandyr. Şol pursatda gaýyneneň goragyň bolar eken. Ol öz ýanyndan seni çekinseň-de, utansaň-da, aljyrasaň-da aňlar durar. Häli-häzirler hem yza nazar aýlasam gaýyneneme minnetdarlygym çäksizdir. Onuň:

Asylly ýörelge

Asyrlarboýy «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähime eýeren türkmen halky nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdir. Dana pederlerimiz perzentlerini çagalykdan watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp, olaryň gaýduwsyz, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanypdyrlar. Bu babatda, ýagny zähmet terbiýesinden söz açyp, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem şeýle belleýär: Ulalanda iş hoş ýakmaz,Ýaşlykdan köýmän ýigide.

Maşgalam – baş galam

Berkarar dӧwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda dӧwletimiz barha uly ӧsüşlere we ӧzgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, il-halk bähbitli amala aşyrylýan asylly işler her bir raýatyň watançylyk duýgusyny, ene topragyna bolan päk sӧýgini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ajaýyp şygarynda adam hakdaky, aýratyn hem milletimiziň genofonduny gorap saklamak baradaky aladanyň bimӧçberdigini bu günki gün biziň ählimiz duýup ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler dӧredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe döwletimizde eneligiň, çagalygyň, tutuş milletimiziň bähbidini, asudalygyny, saglygyny goramak aladalarynyň üpjün edilmegi öz ýerini tapdy. Dünýä boýunça başga hiç bir ýurtda şeýle aladalaryň ýokdugyna hemmäniň gözi ýetdi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş şygary hakykat ýüzünde maşgalanyň hukugyny kepillendirýän eşret çeşmesidir. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Nikadan, gary

Terbiýäniň ilkinji mekdebi

Ene gujagynyň çaganyň ilkinji watany bolşy ýaly, megerem, çaga oýunjaklarydyr gurjaklar çagalaryň hem ilkinji terbiýeçilik mekdebidir. Çagalar durmuşyň gülleri hasaplanýar. Perzendiň dünýä inmegi maşgala üçin bimöçber şatlykdyr, bagtdyr. Olar şol günden başlap mähir, üns we alada bilen gurşalýar. Türkmenlerde çaga terbiýesine aýratyn üns berilýär. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýlen parasatly söz öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Her bir ene-ata öz çagalarynyň jemgyýetimize peýdaly, sagdyn, bilimli, watansöýüji, ruhubelent, rehimdar, töwereginde duran adamlara raýdaş, ilhalar adam bolup ýetişmegini isleýär. Şonuň üçin hem uly alada edilýär. Ene-atalar öz çagalarynyň berk bedenli, çeýe, ýyndam, pikirleniş ukybynyň ýokary bolmagynyň, çeperçilik başarnygyny we beýleki endikleri ösdürmek maksady bilen, dürli milli oýunlary döredipdirler. Şeýle-de geçmişde dürli ölçegdäki, dürli şekildäki gurjaklary ejeleri öz gyzjagazlary bilen bilelikde ýasapdyrlar. Olara bilelikde dürli eşikleri tikip geýdirip, dürli başgaplary ýasapdyrlar. Gurjaklaram edil beýleki dürli-dürli çaga oýunjaklary ýaly körpejeleriň asman ýaly tämiz hem ter, biserhet türkmen sährasy deýin päkize kalbynda mähribanlyk tutuş barlyga guwanç duýgularyny oýarýar.  Şolar ýaly gurjaklaryň ençemesi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda goralyp saklanýar. Bu gurjaklar mu

Çaga terbiýesinde maşgalanyň orny

Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine ýetirmekde, onuň kämil bolmagynda ata-enäniň orny uludyr. Olar çaga terbiýesinde milli oýunlary, sanawaçlary, matallary ulanyp durmalydyrlar. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr. Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem öňünde uly borç durýar. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşi, terbiýesi üçin jogapkärçilik çekýär, döwletimiz bolsa maşgalanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi, çaganyň ýaşamagy, goraglylygy we kadaly ösmegi üçin ähli şertleri döredip, olara uly ýardam berýär. Çaga terbiýesi köp ýagdaýlary öz içine alýar. Ösüp barýan çagany wagtly-wagtynda naharlamak, uky wagtyny saýhallamak, eşiklerini arassa saklamak, dogry gundamak, arassa howa, tebigata gezelenje çykarmak, dürli kesellerden goramak enäniň esasy borjy bolup durýar. Şeýle talaplary dogry berjaý etmek çaganyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda hem wajypdyr. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýilýär. Ýaş nesliň geljekde edep-ekramly, ynsanperwer, zähmetsöýer, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ata Watanymyzyň ýagty geljegi bilen berk bag

Bir pursatyň ýatlamasy

Şol gün mart aýynyň üçüdi. Atam öýümizden iki kilometr uzaklykdaky gara ýoluň ugruna çykanymam şoldy welin, birden şabyrdap ýagyş ýagyp başlady. Bolsa-da, üst-başym ezilmänkä ýeňil ulag deňimde saklandy. Sürüji ulagynyň aýnasyndan boýnuny uzadyp: — Nirä, gelneje? — diýip sorady.

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Pähimdar pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzyň biri hem terbiýe mekdebidir. Bu gymmatlyk ata-babalarymyzyň nesillere, ýaşlara aýratyn üns berendigini, olaryň kämil şahsyýetler bolmagy üçin aladalanandygyny aýdyň beýan edýär. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelgäni dowam etmek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek mukaddes borjumyzdyr. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, baý edebi gymmatlyklary, halk döredijiligi bar. Halk döredijilik eserleri durmuşyň baý tejribesinden mysal getirilip, çeper söz bilen paýhasyň beýan edilmegidir. Şeýle paýhasy özüne siňdiren nakyllar hem, atalar sözi hem her bir ynsan üçin ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Rowaýatlar hem halk döredijiliginiň bir görnüşi bolup, çeper sözde beýan edilýär. Umuman, halk döredijilik eserleriniň her biri ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, geçýän okuw sapaklarymyzda, esasan hem, edebiýat dersinde halk döredijilik eserlerine, nakyllara aýratyn üns berýäris. Okuwçylara her bir nakylyň manysyny, durmuşda gelýän aňlatmasyny düşündirýäris. Munuň özi terbiýeçilik ähmiýetli bolmak bilen bir hatarda okuwçylaryň söz baýlyklarynyň artmagyna, sözleýiş medeniýetine düşünmeklerine oňat täsir edýär. Aslynda hem okuwçylaryň dil baýlyklarynyň ösdürilmegi medeni sözleýişleriniň binýadydyr. Şonuň üçin hem diňe bir türkmen dili sapaklarynda däl, eýsem, edebiýat sapagynda hem eserleri okatmak, nakyllary aýtdyr

Syrgynyň Orazgül enesi

Diwanyň üstünde oturan ene gyňajynyň ujuny gasyn basan gözlerine ýetirende, aglaýandyr öýdüp, ýüregim gobsunyp gitdi. Ýanaşyk oturyşyma, oňa golaý-golaý süýşenimi duýman galdym. Onýança gyzy Maýa gelneje: — Ejem jan garraýamy, nämemi, öý-içerimiz adamdan dolup, şatlyk-şowhun artyberse, begenjinden gözlerini ýaşlaberýär — diýip, degişme bilen gürledi. Soňra ejesiniň ýüzüne bakyp:

«Agaýunus periniň» gözellikleri

Ýaş gelin bilen ýetginjek gyzyň ikisiniň hem elinde birmeňzeş ýantorbasy bardy. Olaryň içinde zenan köýneginiň bardygy bildirip durdy. Ýantorbalaryň ýüzündäki «Agaýunus peri» atelýesi. Köneürgenç şäheri» diýen ýazgy ünsümizi çekdi. Muny duýan gelin düşündirmäge durdy:  — Tikinçilik öýünden gelýäs. Jigimiň toýy bar. Uýalar bolup, hemmämiz birmeňzeş toý köýnegini geýeli diýip, bir hepde mundan öň sargyt etdik. Şular ýaly ýörite gaba salyp berýän ekenler — diýip, gelin sözüniň üstüni ýetirdi: