Ýuwluk gören mährem ene

4 Mart 2024
715

«Berkarar döwlet istärin» diýen beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hem-de türkmen halkynyň asyrlarboýy arzuwlan asuda, parahat durmuşy döwlet özbaşdaklygyna eýe bolan günümizden bäri hakykat ýüzünde şöhlelenip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde bagtyýar halkymyz üçin döredilýän durmuş ýeňillikleri ildeşlerimiziň maksatlaryny myrada gowşuryp, ömürlerini uzaldýar. Şeýle bagtdan paýly raýatlaryň biri-de golaýda 109 ýaşyny dolduran mährem enemiz, Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň ýaşaýjysy Täjigül Meläýewadyr.

Ýakynda mährem enäni 109 ýaşy bilen gutlap, onuň döwletli ojagynda myhman bolduk. TKA-nyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap birleşmesiniň agzybir işgärleri uzak ýaşly enäni alnyna sylyp, onuň bilen söhbetdeşlik guradylar. TKA-nyň etrap birleşmesiniň adyndan taýýarlan sowgatlaryny gowşurdylar. Şeýle şatlykly günde mährem enäniň daşyny ogul-gyzlary bilen bir hatarda onuň 33 agtygy, 85 çowlugy hem-de 2 ýuwlugy gurşady. Döwletli ojaga jemlenenler mährem enäniň guwanjyny goşalandyrdy.

Kerimberdi BERDIGYLYJOW,
TKA-nyň Akdepe etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar