"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Taryhyň şöhratly şahsyýeti

Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan baý geçmiş taryhyna ser salanymyzda, olaryň dünýäniň dürli künjeginde onlarça döwleti, jahanşalyklary, hanlyklarydyr beglikleri döredendigine göz ýetirmek bolýar. Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen pähim bar. Şeýle döwletleri esaslandyrmakda meşhur türkmen soltanlarynyň, han-begleriniň, gerçek serkerdeleriniň bitiren hyzmatlary uludyr. Orta asyrlarda Göktürkmen döwletini esaslandyryp, uly işleri bitiren şeýle şahsyýetleriň biri-de Bumyn handyr. Bumyn han hakynda gadymy hytaý çeşmelerinde, şeýle-de Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda gabat gelinýär. Oguz türkmenleriniň Hun döwleti ýaşamagyny bes edendensoň, oguz-türkmen taýpalary birnäçe asyryň dowamynda sähralyklarda hökmürowanlyk eden käbir halklaryň garamagynda ýaşapdyrlar. Şol döwürde göktürkmenler žužan atly halkyýetiň hanlaryna demir eredip, ondan ok-ýaraglary, zähmet gurallaryny ýasap beripdirler. Göktürkmenler demir eretmäge, ondan ýokary hilli önümleri ýasamaga ökde bolupdyrlar. Emma elmydama erkinligiň arzuwynda ýaşapdyrlar. Garaşsyz döwleti gurmak üçin amatly pursada garaşypdyrlar. VI asyryň ortalarynda Bumyn han göktürkmenleriň merdana, pähim-parasatly hany hökmünde öňe çykypdyr. Gaýduwsyz serkerde, şol bir wagtda ussat diplomat göktürkmenler bilen goňşy oturan Hytaýdaky Günbatar Weý döwleti bilen gatnaşyklary ýola goýupdyr. Parahatçylykly, erkin durmuşy döretmek göktürkme

Erkeklik mukamy (hekaýa)

Ol indi öz öýündedi. Geçen menzillerinden, başaran işlerinden lezzet alýardy. Ol wenger syýahatçysy, etnograf, türkşynas, gündogarşynas hökmünde eýýäm meşhur bolupdy. Ol wengerler üçin Arminiý Wamberi bolsa-da, gündogara derwüş sypatynda syýahat eden döwri Raşid Efendidi.

Dünýä nusgalyk ýol goýanlar

Ata-babalarymyzyň harby-syýasy ýörelgeleri we kuwwatly harby syýasaty diňe bir öz ýurdunyň däl, eýsem, tutuş sebitiň parahat durmuşynyň üpjün edilmegini şertlendiripdir. Şu nukdaýnazardan, türkmen döwletleriniň içki agzybirligi saklamak we bir lideriň daşynda jebisligi berkitmek ýörelgesi ýurt howpsuzlygyny üpjün etmekde  binýatlyk ähmiýete eýe bolupdyr. Onuň şeýledigine öz döwrüniň geosyýasy ýagdaýyndan ussatlyk bilen baş çykaran seljuk soltanlarynyň daşary syýasatynyň aýratyn ugurlaryny seljereniňde, olaryň ählisini jemläp, umumylykda baha bereniňde göz ýetirmek bolýar.

Pen­di se­bit­le­rin­dä­ki or­ta asyr köp­rü­le­ri

Köp­rü­ler söw­da-yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy hem-de me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe. Şo­nuň üçin ga­dy­my dö­wür­ler­de we or­ta asyr­lar­da dür­li mak­sat­ly köp­rü­ler bi­na edi­lip­dir. Şeý­le köp­rü­le­riň bir­nä­çe­si or­ta asyr­lar­da Pen­di se­bit­le­rin­de Mur­gap der­ýa­sy­na guý­ýan der­ýa­jyk­la­ryň üs­tün­den gur­lup­dyr. Ta­ry­hy ýa­zuw çeş­me­le­ri XV asyr­da Guş­gy der­ýa­synyň üs­tün­den köp­ri gur­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär. Onuň suw akar ýa­ly do­kuz ha­na­sy bo­lup­dyr. Şol dö­wür­ler­de ol «Daş­köp­ri» ýa-da «Ta­ba­nyň köp­rü­si» ady bi­len hem ta­na­lyp­dyr. Mä­lim bol­şu­na gö­rä, Ta­ban Teý­mir­le­ňiň 1383-nji ýyl­da we­pat bo­lan ser­ker­de­si­dir. Ho­ra­san eýe­le­nen­den soň Teý­mir­leň Ho­ra­sa­nyň su­wa­ryş des­ga­la­ry­ny di­kelt­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly kä­bir iş­le­ri ge­çi­rip­dir we şon­da Ta­ba­nyň og­ly Oma­ra Mur­gap­dan göz­baş alyp gaýd­ýan ýap gaz­ma­gy buý­rup­dyr. M.Ý.Mas­son köp­ri­niň Ta­ba­nyň özi ýa-da onuň og­ly Omar ta­ra­pyn­dan gur­lan­dy­gy­ny, şo­ňa gö­rä-de, «Ta­ba­nyň köp­rü­si» diý­lip at­lan­dy­ry­lan bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni bel­le­ýär.

MEŞ­HUR­LA­RYŇ DUR­MUŞ ÝO­LUN­DAN...

Fran­si­ýa­ly in­že­ner, me­tal­lar­dan desga ýa­sa­mak­da us­sat hü­när­men, XIX asy­ryň bi­na gur­lu­şy­gyn­da aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan Pa­riž şä­he­rin­de ýer­leş­ýän dün­ýä bel­li Eý­fel di­ňi­ni gu­rup meş­hur­lyk ga­za­nan Alek­sandr Gýus­taw Eý­fel gur­lu­şyk­çy­lar maş­ga­la­syn­dan bo­lup­dyr. Gýus­taw Eý­fel 1855-nji ýyl­da Sun­gat we ma­nu­fak­tu­ra mek­de­bi­ni ta­mam­lap, in­že­ner hü­nä­ri boýunça dip­lom al­ýar. Ol öz işin­de us­sat hü­när­men bo­lup, bir­nä­çe bi­na­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry­ny bi­tir­ýär. Onuň taslamalary esa­syn­da, Por­tu­ga­li­ýa­da­ky Do­ru der­ýa­sy­nyň üs­tün­de ot­lular üçin niýetlenen «Pon­ti-di-Do­na-Ma­ri­ýa-Pi» at­ly köp­ri, Bu­da­peşt şä­he­rin­dä­ki wok­zal hem-de Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki «Azat­lyk» heý­ke­li­niň gur­lu­şy­gy we baş­ga-da bir­nä­çe bi­na­la­ryň gurluşygy ama­la aşy­ryl­dy.

Türkmenleriň taryhynda döwlet baştutanyny saýlamak däpleri

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-nji martynda ýurdumyzda taryhy waka bolup geçdi. Şol gün Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary demokratik esaslarda geçirildi, 9 dalaşgäriň gatnaşmagyndaky bu saýlawlarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow 72,97 % ses alyp, ýeňiş gazandy. Bu taryhy waka türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan demokratik däpleriň eýesi bolan milletdigini ýene-de bir ýola dünýä ýüzüne äşgär etdi. Taryhy çeşmelere ser salanyňda, gadymyýetde türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny demokratik ýörelgelere esaslanyp ýöredendigini görmek bolýar. Türkmenler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde we Ýer togalagynyň dürli künjeklerinde milli ýörelgäniň düzgünleri esasynda, agzybirlikde ýaşapdyrlar, taryhda meşhurlyk gazanan döwletleri gurupdyrlar. Han saýlanlarynda adalatly ses bermeleriň netijesinde saýlapdyrlar.

Gündogar halklarynda Nowruz baýramy

Nowruz gadymy siwilizasiýanyň döreden we özleşdiren medeni däpleriniň biridir. Nowruzyň esasyny düzýän gündogaryň täze ýyl däp-dessurlary bolan semeni bişirmek ýa-da hasyllylyk bilen baglanyşykly ot we suw dessurlaryny öz içine alýan bu baýramçylyk häzirki Hytaýyň gündogarynda ýaşaýan salyr türkmenleriniň we oguz kowumy bolan uýgurlaryň arasynda giň meşhurlyga eýedir. Nowruz — bahar baýramy, ol gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan Ýakyn Gündogar, Merkezi we Orta Aziýa halklarynyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hytaýyň gündogarynda (häzirki Sinzýan) köpden bäri dürli halklar ýaşap, olary medeni, dini, ykdysady we etnik gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýagny olar gadymdan gelýän eýran, sogdy we türki, şeýle-de hindi, günbataryň halklarydyr. Bu halklaryň asyrlaryň dowamynda garyşyk ýaşamagy maddy we ruhy medeniýetleriniň hem golaýlaşmagyna getiripdir. Salyr türkmenleri senenama baýramçylyklarynyň arasynda Nowruza aýratyn ähmiýet berýärler. Şeýle-de olaryň töwereginde goňşy bolup ýaşaýan halklaryň arasynda-da Nowruz iň esasy we şatlykly baýram hökmünde dabaralandyrylýar. Täze ýyl, aslynda, dünýäniň ähli halklary tarapyndan hem bellenilip geçilýär, ýöne ýerli senenama laýyklykda, käbir halklarda milli aýratynlygy bilen tapawutlandyrylýar. Ýagny bu baýram gadymy döwürlerden bäri täze ýylyň başlangyjy, oba hojalyk işlerine badalga berilmegi bilen baglydyr. Nowruz baha

Topragyň perzendi

«Ýagşydan at galar» diýilýär halkymyzda. Toprak bilen bagry badaşyp, öz döwrüniň zähmet gahrymany bolan Oguldurdy enäniň hem ata Watanyň, il-halkyň öňünde bitiren hyzmatlaryny ýatlasaň, onuň ölmez-ýitmez at goýup gidendigine göz ýetirýärsiň. Bu gün mährem ene 8 perzendiniň, 25 agtygynyň, 48 çowlugynyň, 4 ýuwlugynyň ýüreginde ýaşaýar. Obadaşlary, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Begaryk obasynyň ýaşaýjylary bu gün onuň beýik adamkärçiligini, zähmetsöýerligini, merdi-merdanalygyny buýsanç bilen ýatlaýarlar. Heniz on ýaşyny doldurmanka mekdepden boş wagtyny gowaçaly meýdanlarda geçiren gyzjagaz bu işe çagalykdan werziş bolupdy. Ol kakasy ir ýogalyp, dört sany çülpe çaga bilen ýeke-ýalňyz galan ejesini goldaman bilermidi?! Orta mekdebi tamamlansoň kolhoz işine ymykly gatnap başlan gyzyň soňra toprak bilen bagry badaşyp, ýylyň dört paslynda yhlasly işledi. Ene ýere tohum sepilip, gowaçalar iki gulak bolup gögerip ugrandan, tä pagta ýygymy möwsümine çenli ýekeleme, otag, çyrpym işlerine işjeň gatnaşdy. Gerek ýerinde suw tutup, çil çekdi. Oguldurdy pagta ýygmakda hiç kimi öňüne geçirmedi. Ol ökde ýygymçy hökmünde diňe öz obasynda däl, eýsem, etrapda-da tanalýardy.

Keteni galasy

Was topragynyň gyrasynda gadymdan galan gala bar. Galanyň gadymylygy ýaly, ol baradaky gürrüňler hem gadymy. Ýöne muňa garamazdan, ol gyzykly gürrüň. Şeýle bolansoň, ol biziň şu günki günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ir döwürler ol ýerde bir hanlyk bolupdyr. Ýöne hanyň ýekeje gyzy bar eken. Hanyň barha süňňi gubarlaşyp, garrylyk ýaşyna ýetýär. Onsoň, ol oýlanyp: «Meniň döwletimiň ygtybarly gola geçmegi üçin jar çekdirmegi makul bilýärin. Kimde-kim kesekiniň aýagy sekmez ýaly, şeýle bir gala galdyrsa, onuň içine hiç bir duşman girip bilmese, men öz ýeke-täk gyzymy şoňa durmuşa çykarjak!» diýipdir.

Hum — pälwan küýze

Halkymyzyň külalçylyk sungatynyň önümleri bolan dürli görnüşli küýzeler ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr. Küýzeler toýun palçykdan ýasalyp, ýaýbaň billi, bokurdakly, iki ýa-da dört gulply, kähalatlarda bir gulply hem bolupdyr. Käbir ýerlerde «Pälwan küýze» diýlip atlandyrylýan hum küýze küýzeleriň arasynda iň ulularynyň biridir. Humlar ätiýaçlyk azyklary, suw ýa-da galla saklamak üçin niýetlenilip ýasalan uly göwrümli küýzeler bolup, olar ölçegleri boýunça dürli-dürlüdir. Köplenç halatda humlaryň düýbüniň we bokurdagynyň diamtri 0,2-0,4 metrden 1,5 metre çenli bolupdyr. Taryhy çeşmelerde hum küýzeleri ýasamak işiniň VIII asyrda has-da kämilleşendigi barada maglumatlar bar. Ata-babalarymyz hum küýzeleri un we galla önümlerini uzak wagtlyk saklamak üçin amatly gap hökmünde ulanypdyrlar. Äpet hum küýzeleri ýasamak küýzegärlerden ýokary ussatlygy talap edipdir. Şeýle-de bolsa, nusaýly küýzegärler orta Aziýa küýzegärliginde örän seýrek duş gelýän äpet humlary ýasamagyň hötdesinden gelmegi başarypdyrlar. Ussat küýzegärler olary ýasamak üçin palçygyň hiline aýratyn uly üns beripdirler. Munuň üçin düzüminde köp mineral duzlary saklaýandygy sebäpli, derýalaryň, uly ýaplaryň köne hanalarynyň şykgy keseklerini ulanypdyrlar. Kesekler döwlüp, elekden geçirilipdir. Humuň laýynyň maýyşgaklygyny, birleşiş ukyplylygyny gazanmak maksady bilen tä l

Türkmen zenanlarynyň taryhy keşbi

Türkmen zenanlarynyň waspy taryhy çeşmelerden başlap, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda, aýdymçy-sazandalaryň owazlarynda, nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň döredýän eserlerinde çeperçilik bilen beýan edilýär. Ýurdumyzyň taryhy ýerlerinden — Namazgadepeden, Garadepeden, Altyndepeden we günorta Türkmenistanyň ekerançylyk bilen meşgul bolan iň gadymy obalaryndan tapylan köpsanly zenan heýkelleri biziň eýýamymyzdan öňki IV-III müňýyllyklara degişlidir.

Saýlawlaryň taryhy

«7/24.tm», № 09 (92), 28.02.2022. Saýlawlar gadymy döwürlerden bäri häzirki güne çenli dowam edip, adamzadyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär.

Suw astynda galan gadymyýet

«7/24.tm», № 09 (92), 28.02.2022. Dünýä taryhynda bolup geçen geň-taň, adaty bolmadyk ýagdaýlar, wakadyr hadysalar diýseň haýran galdyryjy. Älem-jahandaky iň gadymy ýaşaýyş mesgenleriniň diňe bir gury ýerde däl-de, eýsem, suwuň düýbünde ýerleşýänleri hem bar. Emma olar ilki döredilenden soň käbir sebäplere görä gark bolupdyrlar. Olaryň köpçülige mälim bolanlary-da, häli-häzire çenli gizlinlige gark bolup ýatanlary-da sanardan köp. Biz soňky ýyllarda alymlar we ussat guwwaslar tarapynda üsti açylan şeýle gadymyýetiň şäher nusgalarynyň birnäçesi barada söhbet açmagy makul bildik.

Rowaýatlar ummanyndan

Syrly gep, palawly gazan Soltan Sanjaryň ýanyna wezirlerini alyp, halkynyň ýaşaýşyny göreýin diýip, aýlanmasy bar eken. Günlerde bir gün ol odun çapyp duran Ependä gabat gelýär.

Türkmen alabaýy we arheologik miras

Türkmen alabaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasynyň ajaýyp nusgasy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýip, bu jandara örän jaýdar häsiýetnama berýär. Aziýanyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan iň gadymy medeni ojaklaryň biridir. Miladydan öňki VII-VI müňýyllyklarda ilkinji oturymly ilatyň ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanandygynyň alamatlary Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Jeýtun ýadygärliginde ýüze çykaryldy.

Soltan Mahmyt Gaznaly Türkmen

Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanynda. ÖMÜR BEÝANY          II.

Asfalt düşeginiň taryhyndan

Asfalt önümi häzirki zaman dünýäsinde isleg bildirilýän gurluşyk harydy hökmünde bellidir. Ýöne onuň haçan we nirede ilkinji gezek taýýarlanandygy we ulanylandygy barada hemişe pikir hem edilip durlanok. Russiýada asfalt önümçiligini ilkinji gezek inžener we binagär Iwan Buttas ýola goýupdyr. Şeýlelikde, bu önüm 1873-nji ýylda Wolga derýasynyň boýunda ýerleşýän Syzran şäherinde gazylyp alnyp we işlenip taýýarlanypdyr.

Geçmişiň öçmejek yzlary

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen baý we şöhratly taryhyny, medeni we ruhy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak hem-de ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimiziň ruhunda ýaşlary terbiýelemek döwlet syýasatynyň baş ýörelgeleriniň biridir. XII-XIII asyrlarda Horezmşalar-Anuşteginler türkmen döwletiniň nesilşalary öz ata-babalary bolan oguz türkmenleriniň guran döwletlerini dolandyrmakda alyp baran syýasy, sosial-ykdysady gurluşyny we medeni mirasyny dowam etdirmegi bilen yzygiderli galkynyşy gazanyp, umumadamzat siwilizasiýasynda kesgitleýji orna eýe bolan iň uly döwletleriň biridir.

Gadymy Amul galasy

Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan baý taryhy we medeni mirasy bar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda bu gymmatlyklarymyz aýawly saklanylýar, dikeldilýär, ajaýyp zamanamyzyň many-mazmuny bilen baýlaşdyrylýar. Taryhymyzy, medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek, gorap saklamak babatynda şeýle anyk ädimleriň ädilmegi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen mukaddeslikleriniň täzeden dikeldilip, halkymyza ýetirilmegine uly täsirini ýetirýär. Amyderýanyň çäklerindäki arheologiki ýadygärlikler uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Şoňa görä-de, bu ýerde geçirilen arheologik gözlegler aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde ýaşan ilatyň durmuşynda gadymy döwürlerden başlap, ýaşaýşyň çeşmesi, ekerançylygyň we söwdanyň esasy bolup hyzmat eden Amyderýanyň ähmiýeti örän uludyr. Amyderýa jülgesi adamlar tarapyndan taryhyň dürli döwürlerinde işjeň özleşdirilipdir. Bar bolan arheologiki maglumatlar biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllykda bu ýerleriň özleşdirilendigini aýtmaga doly mümkinçilik berýär.

Beýik akyldar Abu Nasr al Faraby

Beýik akyldar, Gündogar sazşynaslyk ylmynyň düýbüni tutujylaryň biri Abu Nasr Muhammet ibn Tarhan Farabynyň (IХ-Х asyrlar) geçen durmuş ýoluny öwrenen alymlar akyldaryň häzirki Lebap welaýatynyň Farap etrabyna degişli ýerde 870-nji ýylda dünýä inendigini we 950-nji ýylda Bagdadyň golaýyndaky Heýt diýlip atlandyrylýan şäherde dünýäden ötendigini belläp geçýärler.  Beýik akyldaryň türkmen diline terjime edilen «Saz ylmy» atly kitabynda onuň saz sungatyndan, ylmyň dürli ugurlaryndan, şeýle-de birnäçe dillerden ussatlyk bilen baş çykarandygy barada ençeme maglumatlar bar. Ine, olardan biri: