Pen­di se­bit­le­rin­dä­ki or­ta asyr köp­rü­le­ri

25 Mart 2022
1976

Köp­rü­ler söw­da-yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy hem-de me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe. Şo­nuň üçin ga­dy­my dö­wür­ler­de we or­ta asyr­lar­da dür­li mak­sat­ly köp­rü­ler bi­na edi­lip­dir. Şeý­le köp­rü­le­riň bir­nä­çe­si or­ta asyr­lar­da Pen­di se­bit­le­rin­de Mur­gap der­ýa­sy­na guý­ýan der­ýa­jyk­la­ryň üs­tün­den gur­lup­dyr.

Ta­ry­hy ýa­zuw çeş­me­le­ri XV asyr­da Guş­gy der­ýa­synyň üs­tün­den köp­ri gur­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär. Onuň suw akar ýa­ly do­kuz ha­na­sy bo­lup­dyr. Şol dö­wür­ler­de ol «Daş­köp­ri» ýa-da «Ta­ba­nyň köp­rü­si» ady bi­len hem ta­na­lyp­dyr. Mä­lim bol­şu­na gö­rä, Ta­ban Teý­mir­le­ňiň 1383-nji ýyl­da we­pat bo­lan ser­ker­de­si­dir. Ho­ra­san eýe­le­nen­den soň Teý­mir­leň Ho­ra­sa­nyň su­wa­ryş des­ga­la­ry­ny di­kelt­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly kä­bir iş­le­ri ge­çi­rip­dir we şon­da Ta­ba­nyň og­ly Oma­ra Mur­gap­dan göz­baş alyp gaýd­ýan ýap gaz­ma­gy buý­rup­dyr. M.Ý.Mas­son köp­ri­niň Ta­ba­nyň özi ýa-da onuň og­ly Omar ta­ra­pyn­dan gur­lan­dy­gy­ny, şo­ňa gö­rä-de, «Ta­ba­nyň köp­rü­si» diý­lip at­lan­dy­ry­lan bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni bel­le­ýär.

Toý­ly HOM­MY­ÝEW,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar