Täze neşirlerimiz

28 Ýanwar 2021
1438

Türkmenistanda döwlet gurluşy halkymyzyň baý taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýar. Milli Liderimiziň parasatly syýasaty jemgyýetde syýasy durnuklylygy, ýurduň öňe gidýän ykdysady ösüşini we adalatlylyk ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň berk kanunçylyk binýady döredildi.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda, ministrligiň esasy wezipeleriniň biri neşir etmek işini amala aşyrmakdyr. Şunuň bilen bagly, ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan kabul edilen wagtyndan bäri birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksi we «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň islegleri esasynda kitapça görnüşinde türkmen we rus dillerinde neşir edildi.

Aýgözel HEZRETOWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Kanunçylyk müdirliginiň hukuk maglumatlary merkezi bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar