Mukaddes borja wepalylyk

28 Ýanwar 2021
1312

Dünýäde iň gowy, asylly işler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýär. Watana söýgi maşgalanyň agzybirligidir, ýurduň parahatçylygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Älem içre at gezer», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we beýleki kitaplarynyň merdana harby gullukçylary taýýarlamakda, olara watançylyk terbiýesini bermekde aýratyn orny bardyr.

Watançy gerçekleriň synmaz gaýraty her bir döwürde ýaşlarymyz üçin nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» kitabynda: “Halkymyz ýaş nesillerini toprak, ene, öý-ojak, saçak... ýaly mukaddeslikleri hakyndaky düşünjeler bilen kemala getirýär» diýip belleýşi ýaly, hakyky Watan ogullaryny terbiýelemek, olarda ata Watanymyza, ene topragymyza, parahat ýurdumyza söýgi döretmek harby serkerdeler tarapyndan söweşjeň we gumanitar okuw sapaklarynyň gidişinde ýylyň dowamynda işjeň alnyp barylýar.

Azat ALTYÝEW,
podpolkownik.
Beýleki habarlar