Watan — başlaryň täji

25 Ýanwar 2021
1159

Şeýle bir duýgy bar. Ol küti kitaplara-da sygmaýar. Ony iň täsirli, iň nurana sözler bilenem beýan edip bolmaýar. Ol — watançylyk duýgusy. Eýsem, Watan, watançylyk duýgusy nämeden başlanýar? Watanyň serhetden, öý-ojakdan başlanýandygy öz-özünden düşnükli. Galyberse-de, Watan ynsanyň ýüreginden başlanýar. Köp zat kalba, ýürege bagly. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Dünýäde ýaragy güýçlüler däl-de, ýüregi güýçlüler üstün çykýar». Bu anyk. Taryhy alalyň. Taryh — uly bir kitap. Ony sahypalap görüň. Taryh eždatlarymyzyň edermenliginden söhbet açýar. Ynam bilen aýdyp bileris, Watan — ýürekleriň nurudyr.

Gadymyýetde türkmen maşgalasynda ogul terbiýesine aýratyn üns berlipdir. Bu häzirem şeýle. Elbetde, Watan üçin, halk üçin dogumly, mert, gaýduwsyz ýigitler gerek. Diýmek, her bir maşgala özi üçin däl-de, Watan hem-de halk üçin ogluny terbiýeleýär. Gör, terbiýäniň düýp manysy nirelerden gelip çykýar. Ýene bir taryhy hakykaty ýatlalyň: gadymyýetde mertlik ýa-da akyl işi esasynda özüne mynasyp at gazanmadyk perzent ömürboýy isimsiz gezibermeli bolupdyr. Türkmen ojagynda ogul dünýä inse: «Bir ýumrugymyz artdy», «Oguldyr döwletiň başy» diýen ýaly buýsançly aýtgylar aýdylypdyr.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant.
Beýleki habarlar