Zenan gözelliginiň gözbaşy

20 Ýanwar 2021
1399

Ata Watanymyzda zenanlara goýulýan sylag-sarpa belentdir. Gahryman Arkadagymyz mährem enelerimizi, gül ýüzli gelin-gyzlarymyzy beýik mertebe bilen arzylaýar. Olar baradaky aladany birjik-de ünsden düşürmeýär. Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlaryň uly topary Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady, «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylýar. Köp çagaly enelerimize ähli amatlylyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary berilýär, şeýle-de pul sowgatlary gowşurylýar. Mähir-muhabbete ýugrulan bu aladalaryň ählisi zenanlarymyzy diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar.

Ýurdumyzda gender deňligi ileri tutulýar. Şonuň esasynda zenanlar erkekler bilen deň hatarda ähli ugurlarda zähmet çekýärler. Bu hormata biz — zenanlar hem mynasyp jogap bermelidiris. Ýagny, haýsy kärde zähmet çekýändigimize garamazdan, milliligimizi, edepliligi gözden salmaly däldiris. Çünki zenan edebi gözelligiň gözbaşydyr. Zenan edepli, agras, mylakatly bolanda, şol öýüň gözelligi hem düýbünden başgaça bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de zenanlara öýüň tämizligi, biş-düş, çaga terbiýesi, olara görüm-görelde bolmak hem mahsusdyr. Öýe girmänkäň, öýüň arassaçylygyndan öýde nähili bikäniň bardygyny aňmak bolýar. Şol öýuň myhman kabul edişi hem öý bikesine gönüden-göni baglydyr.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar