Maliýe hukugy

19 Sentýabr 2024
321

Barha ösýän döwrümizde ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmegi, halk hojalygynyň pudaklaryna täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy maliýe babatda-da işjeňligi artdyrýar. Munuň özi halkyň maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagyny hem zerurlyk hökmünde orta çykarýar. Şu nukdaýnazardan maliýe hukugy barada gysgaça düşünje bermegi makul bildik. Maliýe hukugy — bu döwlet maliýesiniň emele gelmegi, bölünişi we ulanylyşy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk kadalarynyň jemidir. Ol biziň durmuşymyzyň ähli taraplaryna, salgyt tölemekden başlap, döwlet hyzmatlaryny almak ýaly meselelere täsir edýär. 

Maliýe hukugy döwlet edaralary, banklar we beýleki maliýe guramalary bilen aragatnaşykda öz hukuklaryny goramaga mümkinçilik berýär. 

Arzygül HALLYÝEWA,
Türkmen döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar