Ot hakynda

19 Sentýabr 2024
399

Häzirki döwürde ylmyň ösmegi bilen, döwrebap tilsimat usullary arkaly önümçiliklerde, gurluşyklarda, durmuşymyzda täze önümleriň, serişdeleriň öndürilmegi barha artdyrylýar. Önümçilikde tebigydyr emeli gazlar, nebitdir nebit önümleri giňden ulanylýar.  Durmuşda ulanylýan himiýa serişdeleriniň düzüminde şeýle ýangyn howply  kömürturşy gazynyň bardygyny diňe çagalar däl, eýsem, ulular hem känbir göz öňüne getirip bilmeýärler.

«Ot astynda bela galmaz» diýen atalar sözüniň çuň manysy bar. Çünki irki döwürlerde dürli ýokanç keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almakda, ylmyň häzirki ösen döwründäki ýaly dürli-dürli zyýansyzlandyryjy serişdeleriň deregine, otdan we üzärlik tüssesinden giňden peýdalanypdyrlar. Hatda halk lukmançylygynda-da otdan peýdalanylyp, käbir keselleriň bejerilendigini mälim edýän taryhy çeşmelere gabat gelmek bolýar. Türkmenler adamyň düýşünde ot görmegini hem «Ot — oraz» diýip, gowulyga ýorupdyrlar. Bu atalar sözündäki «oraz» sözi «bagt» diýen manyny aňladypdyr. Ata-babalarymyz göze görner-görünmez belalaryň içinde aýratyn gorkulysy ot belasy, suw belasy, töhmet belasy diýip hasap edipdirler. Ot belasy haýwany-ynsany, ýagşyny-ýamany seljermän, küle öwürýär. Ynsana berlen eşretleriň ählisinden hem dogry peýdalanylmasa, olaryň hözir bermäge derek, betbagtçylyga eltjekdigi ikuçsuzdyr.

Annagül ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň uly hünärmeni, maýor.
Beýleki habarlar