Netijeli duşuşyklar

19 Sentýabr 2024
393

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenabat garnizonynyň harby awtomobil gözegçiligi tarapyndan şu mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Wagyz-nesihat çärelerinde, köçeleriň we ýollaryň degişli düzgünleri, ýörite geçelgeleriň ulanylmagy ýaly möhüm meseleler gozgalýar. Ýaş nesle ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmegiň zerurdygy barada maglumat berilýär we ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjeleri artdyrmak üçin amaly okuwlar geçirilýär. Bu çäreler ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen giň gerimde geçýär.

Begenç SEÝIDOW,
Türkmenabat garnizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň gözegçi-uly sürüjisi, borçnamalaýyn gullugyň starşinasy.
Beýleki habarlar