Taryhy wakalar wagyz edilýär

19 Sentýabr 2024
357

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebinde “tegelek stoluň” başynda geçen söhbetdeşlik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we etrap Geňeşleri tarapyndan bilelikde guraldy. Watanymyzyň beýik ösüşdir özgertmelerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen bolan söhbetdeşlige Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Şonuň bilen baglylykda, söhbetdeşlige gatnaşanlar Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti barada gürrüň edip, umumymilli forumda kabul ediljek çözgütleriň möhüm ornuna ünsi çekdiler.

Guwanç ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar