Ýükler howpsuz daşalmalydyr

4 Sentýabr 2024
36

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler halkymyzy begendirýär. Bagtyýar ilimiziň abadan durmuşy, oňat ýaşaýşy üçin bitirilýän işleri, gurulýan biri-birinden owadan belent binalary, kuwwatly önümçilik desgalaryny göreniňde göwnüň göterilýär. Şeýle ajaýyp desgalaryň gurluşyklaryna zerur serişdeleri, halk hojalygynyň hajatlary üçin dürli harytlary, önümleri daşamakda kuwwatly ýük awtoulaglarynyň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar. Şol ýük awtoulaglarynyň ýollarda howpsuz hereket etmekleri hemişe möhümdir.

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda gowy netijelerini berýär. Ýol hereketiniň düzgünlerini bilmek we olary dogry berjaý etmek dürli halk hojalyk ýüklerini kada laýyk daşamakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, halk hojalyk ýüklerini howpsuz daşamakda ýük awtoulaglarynyň sürüjilerine aýratyn uly talaplar bildirilýär. Sürüjileriň ýükleri bellenen ýerlerine abat eltmekde doly jogapkärçilik çekýändiklerine düşünmekleri zerurdyr.

Aýjeren GURTGELDIÝEWA,
Gyzylarbat etrap salgyt bölüminiň ýuridiki taraplary barlag bölümçesiniň başlygy.
Beýleki habarlar