Ak ýollar — bagta barýan ýollar

3 Sentýabr 2024
49

Adamzat ýaşaýşynyň ösüşine saldamly goşant goşan merdana pederlerimiz durmuşda halklaryň, ynsanlaryň özara medeni, ykdysady hem-de önümçilik gatnaşyklaryny berkitmekde gatnaw, jahankeşdeleri dünýä aýlaýan kerwen ýollarynyň ornuna uly ähmiýet beripdirler. Şonuň üçin ýol gurmagy sogaply iş hasaplap, ýodalaryň ýollara, ýollaryň şa ýollara öwrülmegini gazanypdyrlar. Bu ynsanperwer ýörelgeler biziň häzirki günlerimizde hem döwrebap dowam etdirilýär.

«Ýol» sözi manysy boýunça gaty köp zatlary öz içine alýar diýsek, öte geçmeris. Çünki uzak ýola düşülende ýa-da kimdir birine ak pata berlende, «Ýoluň ak bolsun!» diýilýär. Şundan görnüşi ýaly, halkymyz diňe bir gatnaw ýollarynyň däl, eýsem, durmuş ýollarynyň hem asuda, abadan bolmagyny isläpdir. Ýurdumyzda däbe öwrülen her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem munuň şeýledigini doly tassyklaýar.

Ahmet ATAJANOW,
TIIM-niň Balkan welaýat polisiýa müdirliginiň Türkmenbaşy şäher polisiýa bölüminiň Polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar