«Bilimli ýaşlar — döwrümiziň geljegi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

3 Sentýabr 2024
36

Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimli ýaşlar — döwrümiziň geljegi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahat iki bölümde dowam edip, birinji bölüm «Bilim — ösüşlere binýat», ikinji bölüm «Ylymly ýaşlar — kämilligiň ýolunda» ady bilen geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Bilimler we talyp ýaşlar gününde Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini dabaralandyrýan, döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan şanly wakalar bilen garşy alynýandygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda ýaşlaryň ýadawsyz zähmet çekip, bilimlerini we hünärlerini kämilleşdirmekleri dogrysynda çykyş etdiler.

Kakageldi ÇARYBERDIÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar