Ýollar abat – iller abat

2 Sentýabr 2024
435

Eziz Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, ömri barada edilýän aladalar döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Ine, şu gün – 2-nji sentýabrda Halkara okuw-ylmy merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi mynasybetli pudagara maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler biraýlygyň dowamynda çagalar bilen bir hatarda, ýol hereketine gatnaşýan ähli raýatlaryň hem bu babatdaky düşünjesiniň artmagyna giň mümkinçiligiň döreýändigini aýratyn bellediler. Orta mekdeplerde we çagalar baglarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly dürli çäreleriň guralýandygy hem aýratyn nygtaldy.

Bagtyýar zamanamyzda ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegi maslahatda çykyş edenler aýratyn nygtadylar. Ýollaryň abadan, illerimiziň abat bolmagy arzuw edildi.

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar