Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

30 Awgust 2024
44

Ählumumy saýlaw geçiriler. Gruziýanyň Pre­zi­den­ti Sa­lo­me Zu­ra­biş­wi­li şu ýy­lyň 26-njy okt­ýab­ryn­da äh­lu­mu­my saý­law­la­ryň ge­çi­ril­me­gi ba­ra­da­ky ka­ra­ra gol çek­di. Bu ba­ra­da ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň res­mi in­ter­net sa­hy­pa­syn­da ha­bar be­ril­ýär. Saý­law kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hem baş­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di.

24 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Ame­ri­kan Beýs­bol Li­ga­sy­nyň (MLB) ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len oýun­çy­sy Ba­be Ru­tuň 1932-nji ýyl­da­ky möw­süm­de ge­ýen «Nýu Ýork Ýankis» to­pa­ry­nyň köý­nek­çe­si auk­si­on­da 24 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Şeý­le­lik­de, bu köý­nek­çe hä­zi­re çen­li iň gym­mat ba­ha­dan sa­ty­lan sport kol­lek­si­ýa­sy bol­dy.

Beýleki habarlar