Ro­bo­toteh­ni­ka we eme­li aň

30 Awgust 2024
39

«Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, on­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri ama­la aşyr­mak­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň hä­zir­ki za­man hem-de öň­de­ba­ry­jy çöz­güt­le­ri­ni dur­mu­şa or­naş­dyr­mak mö­hüm bo­lup dur­ýar. Mun­da ro­bot­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň hem-de soň­ky ýyl­lar­da has köp üns be­ril­ýän eme­li aň ul­ga­my­nyň hem uly hyz­ma­ty­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li.

Ro­boto­teh­ni­ka­nyň bu esa­sy ýö­rel­ge­le­ri, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, önüm­çi­lik tap­gyr­la­ry mö­hüm bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da ro­bot­la­ryň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na esas­lyk na­za­ry bi­lim­ler we ama­ly tej­ri­be­ler hök­ma­ny ze­rur­dyr. Ro­boto­teh­ni­ka bi­lim üçin äh­lu­mu­my gu­ral­dyr. Ýaş­la­ra ro­bot en­jam­la­ry­ny ulan­ma­gy öw­ret­mek, şol bir wag­tyň özün­de oý­na­mak we teh­ni­ki dö­re­di­ji­lik bi­len öw­ren­me­gi aň­lad­ýar. Bi­lim be­ri­ji ro­bot en­jam­la­ry baş­lan­gyç dö­wür­de okuw­çy­la­ryň teh­ni­ki me­ýil­le­ri­ni kes­git­le­mä­ge we ola­ry bu ugur­da kä­mil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Beýleki habarlar