900 müň do­mi­no bi­len re­kord goý­dy

30 Awgust 2024
32

Ni­der­land­la­ryň We­nen­dal şä­he­rin­de do­mi­no daş­la­ry bi­len tä­ze re­kord go­ýul­dy. Ýur­duň hö­wes­jeň do­mi­no­çy to­pa­ry 900 müň do­mi­no­ny dü­züp çyk­dy. Do­mi­no­lar bel­li bir ter­tip­de dü­zü­len­den soň­ra ýy­kyl­dy. Do­mi­no­la­ryň ýy­ky­ly­şy 10 mi­nuta çek­di. Az san­ly do­mi­no da­şy ýy­kyl­man gal­dy. Mun­dan ozal­ky re­kord hem 700 müň do­mi­no bi­len şol to­pa­ra de­giş­li eken. Em­ma pro­fes­sio­nal do­mi­no­çy­la­ryň ara­syn­da­ky dün­ýä re­kor­dy 4 mil­li­on 491 müň 863 do­mi­no da­şy bi­len baş­ga bir to­pa­ra de­giş­li. Hö­wes­jeň do­mi­no­çy­lar mun­dan soň­ra 1 mil­li­on do­mi­no da­şy bi­len tä­ze re­kord goý­mak­çy bol­ýar­lar. To­par 14 ýyl­dan bä­ri çä­re­ler ge­çi­rip, şeý­le re­kord­la­ry goý­ýar.

Mäh­ri HO­JA­BER­DI­ÝE­WA,

Beýleki habarlar