Halk Mas­la­ha­ty – döw­let­li­li­giň we je­bis­li­giň nus­ga­sy

30 Awgust 2024
32

Şu gün­ler eziz Di­ýa­ry­myz­da bag­ty­ýar ulus-ili­miz be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­ny aja­ýyp zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­le­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär. Bu şan­ly se­nä­niň öňü­sy­ra­syn­da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ge­çi­ri­ler. Bu asyl­ly ýö­rel­ge hal­ky­my­zyň mil­li döw­let­li­li­gi­ni, mer­te­be­si­ni has-da şöh­rat­lan­dy­ryp, Ga­raş­syz­ly­gyň türk­men üçin mu­kad­des­di­gi­ni, ba­ha­syz gym­mat­lyk­dy­gy­ny, oňa bo­lan mi­ze­mez ga­raý­şy­ny ýe­ne-de bir ýo­la dün­ýä äş­gär eder. Halk Mas­la­ha­ty Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ry­nyň we jem­gy­ýet­dä­ki dur­muş gat­lak­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni saz­laş­dyr­mak bi­len, ýurt de­re­je­sin­de bi­le­lik­dä­ki he­re­ke­ti gu­raý­jy güýç hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Hal­ka da­ýa­nyp, hal­kyň ha­ty­ra­sy­na be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty bar­ha ber­ki­dil­ýän mil­li döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dyr­ýar.

Halk Mas­la­ha­ty ata-ba­ba­la­ry­my­zyň köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da top­lan ta­ry­hy tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­ýär. Hal­ky­myz he­mi­şe ýa­şu­ly nes­le aý­ra­tyn hor­mat bi­len ga­rap, il-ýurt bäh­bit­li iş­ler­de ola­ryň baý dur­muş tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp­dyr we mas­la­hat­ly çöz­güt­le­ri ka­bul edip­dir. Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de hem döw­le­tiň dur­mu­şyn­da­ky wa­jyp me­se­le­ler jem­gy­ýe­tiň dür­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri, şol san­da ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri bi­len mas­la­hat­la­şyp çö­zül­ýär. Mu­nuň özi Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­le­ti do­lan­dyr­mak­da top­lan kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si­ne berk eýe­ril­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.

Beýleki habarlar