Ýoluňyz ak bolsun, eziz ildeşler!

29 Awgust 2024
85

Mälim bolşy ýaly, sentýabr aýynda ýurdumyzda Arkadagly eýýamymyzyň asylly ýörelgesine öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk başlanýar. Bu ynsanperwer çäräniň guramaçylykly geçmegi üçin görlen taýýarlyklar dogrusynda gürrüň bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Döwran AMANMYRADOWA ýüz tutduk.

— Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz asudalygyň, abadanlygyň, gülläp ösüşiň mekany. Ähli ugurlar bilen bir hatarda ýol-ulag babatda-da döwrebaplyk öňe sürülýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän şaýollar guruldy. Şol ýollar ýurdumyzyň çäginde dürli aralyklara uzamak bilen, ulag infrastrukturasynyň ösmegine uly goşant goşýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde ýollarymyzda hususy we döwlet eýeçiligine degişli bolan dürli kysymly ulaglaryň hereketi artýar. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ýollarda bolýan ulag hadysalarynyň öňüni almakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şol çäreleriň biri hem şu gürrüňi edilýän biraýlykdyr.

«Adalat».
Beýleki habarlar