Täzelikler

29 Awgust 2024
84

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Milli önüm» hususy kärhanasy 2016-njy ýyldan bäri oba hojalyk pudagynda giňden peýdalanylýan kendir ýüpüni öndürmek bilen meşgullanýar.

Germaniýanyň we Türkiýäniň ýokary öndürijilikli enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu hususy kärhanada her aýda 40 tonnadan gowrak kendir ýüpi öndürilýär. Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri hem 350 tonnadan gowrak kendir ýüpi öndürilip, satuwa çykaryldy. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilýär. Hususy kärhananyň önümleri içerki bazarlar bilen bir hatarda Gruziýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan ýaly döwletlere hem eksporta iberilýär.

Beýleki habarlar