Milli bitewiligiň daýanjy

29 Awgust 2024
95

Geljek aýda geçiriljek ählihalk forumyna — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlap, söhbetdeşlik geçirdik. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halk häkimiýetiniň we milli bitewiligiň daýanjy» diýen at bilen geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna we halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine laýyklykda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, röwşen ertirleri berkarar etmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler dogrusynda nygtaldy. Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda dünýäde durnukly ösüşi gazanmakda, döwletleriň arasynda netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýurdumyzyň oňyn tagallalary edýändigi täsirli çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň ähmiýetini halkyň arasynda wagyz etmek we bu syýasy çäräniň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk görmek, degişli teklipleri öwrenmek boýunça welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işlere aýratyn ýüzlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde serediljek meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň ýurdumyzy depginli ösdürmäge itergi berjekdigine uly ynam bildirildi.

Näzik ŞIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar