Kitap — ynsanyň ýakyn hemrasy

28 Awgust 2024
36

Kitap adamyň ýakyn dosty, syrdaşy hasaplanýar. Ony okamagyň, kiçi ýaşly çagalara okap bermegiň ynsan saglygy üçin hem peýdaly taraplary kän. Kitap okamak beýniniň işjeňligine itergi berýär. Sport bilen meşgullanylanda myşsanyň türgenleşdirilişi ýaly, kitap okalanda hem beýni türgenleşýär. Şeýle-de kitap okalanda, pikirlenişi ösdürýär,

ýadawlygy aýyrýar, ýatkeşligi gowulandyrýar. Geçirilen barlaglara görä, okamak beýnini dürli kesellerden goraýar. Şonuň ýaly-da, adamyň özüne bolan ynamyny artdyrýar, her bir işe döredijilikli çemeleşmäge ýardam edýär. Kitap okamak rahat ukyny hem üpjün edýär. Eger-de siz günde gülküli eseri okamagy endik edinseňiz, onda uky bilen bagly mesele bolmaz.

Simnaz KUBATOWA,
Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar