Ösüş-özgerişiň aýdyň ýoly

21 Awgust 2024
105

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem barha rowaçlanýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda uly ösüşlere eýe bolan bilim ulgamy ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly orny eýeleýär. Üstümizdäki ýylda bilim ulgamynda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Döredilýän giň mümkinçiliklerden, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp, yhlas bilen okaýan ýaş nesillerimiz dürli bäsleşiklere gatnaşyp, ýurdumyzyň at-abraýyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň ençemesi halkara olimpiadalaryna gatnaşyp, üstünlik gazanmak bilen ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Munuň bilen olar ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli, sowatly bolmagy üçin taýsyz tagallalaryň edilýändigini subut edýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklarynyň, zehinleriniň ýüze çykmagy ugrunda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar hakynda edilýän bimöçber aladalardan nyşandyr.

Bilim ylma barýan ýoldur. Binýady bilimden berk tutulan ýurdumyzda beýik işler ýola goýulýar. Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ençeme bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, indi, ençeme ýyl bäri 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň uludan dabaralanýan şanly senesinde ak mekdeplerdir çagalar bakja-baglary açylýar. Üstümizdäki ýylda hem şeýle ýatdan çykmajak wakalara garaşylýar. Has takygy, “Serhar” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 500 orunlyk Mary şäherindäki 36-njy orta mekdep açylyp, ulanylmaga berler. Munuň özi ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir.

Beýleki habarlar