Möhüm ähmiýetli mesele

21 Awgust 2024
97

Biz — uly nesliň wekilleri ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn ösmekleri, ylymly-bilimli, hünärli, arassa ahlakly, watansöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin jogapkärçilik çekýäris. Şol jogapkärçilik bolsa ýaşlara bilim-terbiýe bermek bilen birlikde olara dürli hadysalar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň endiklerini öwretmegi hem öz içine alýar. Ýaş nesle, ilkinji nobatda, ýangynyň döremeginiň öňüni almagyň, şeýle hadysa döräýen halatynda bolsa özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmeli.

Mälim bolşy ýaly, biziň gündelik durmuşymyza elektrik energiýasynda we tebigy gazda işleýän enjamlar barha giňden ornaşýar. Olardan dogry peýdalanmak, degişli düzgünleri berk berjaý etmek ýangyn ýaly howply hadysalaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Olar barada çagalara körpeliginden başlap, düşünje bermeli. Bu işler soňy bilen çagalar baglarynda we orta mekdeplerde maksatlaýyn häsiýetde dowam etdirilmelidir. Ilkinji nobatda kiçi ýaşly çagalary ýangyn dörände özüňi alyp barmagyň düzgünleri bilen tanyşdyrmaly. Olary ýangyn howply oýunlary oýnamakdan goramaly. Bu meseleleri bilim ojaklarynda geçirilýän ene-atalar ýygnaklarynda, okuw sapaklarynda we okuwdan daşary çärelerde ýygy-ýygydan gozgamaly. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň talabalaýyk ýola goýulmagyny gazanyp, çagalara gaz we elektrik akymy arkaly işleýän gyzdyryjy enjamlaryň ýangyn howpy barada duýduryp durmaly we netijeli gözegçiligi ýola goýmaly.

Kemal HEMRAÝEW,
welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 504-nji ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar