Iň haýyrly miras edepdir.
* * *
Ýagşy gylyk ýagşy ýarandyr.
* * *
Adam diňe akylyndan däl, eýsem, güman edýän pikirinden hem peýdalananda üstünlik gazanar.
* * *
Akyl bedeni goldamasa, diňe güýç bilen üstünlik gazanyp bolmaz.
* * *
Çaga nähili terbiýe berseň-de, alma öz agajyndan uzaga gaçýan däldir.
* * *
Geçirimlilik etmegiň hem özboluşly lezzeti bardyr.
* * *
Ylym we amal biri-birine baglydyr, göýä ruh bilen bedeniň ýakynlygy ýalydyr. Biri bolmasa, onuň beýlekisinden hem peýdalanyp bolmaýar.
* * *
Edep bir miweli daragtdyr. Onuň suwy we idegi ýeterlik bolmasa, ol miwe bermez.
* * *
Bergisini bermegi başarýan keremli ynsandyr.