Ýüz keşbi, egin-eşigi, adaty däl hereketleri bilen köpçüligiň ünsüni çekýän masgarabazlar çagalaryň doglan gününe, dabaralara şatlyk paýlaýan gahryman hökmünde tanalýar. Masgarabazlar 200 ýyldan gowrak wagt bäri edebi eserlerde, teatrlarda hem-de filmlerde täsin keşpleri ýerine ýetirýärler. «Masgarabaz» adalgasy ilkinji gezek 1560-njy ýyllarda ýüze çykýar. Şol ýyllarda aktýorlar ak farfor palçygy ýüzüne çalyp, tomaşaçylary güldüripdirler. Köp dilde ýörgünli bolan «kloun» sözüniň islandlaryň «klunni» sözünden gelip çykandygy bellenilýär.
1947-nji ýylda masgarabazlaryň halkara birleşmesi döredilýär. Maglumatlara görä, ilkinji meşhur masgarabaz Jozef Grimaldi hasaplanýar. Ol 1802-nji ýylda Angliýada «Joý» ady bilen sahnada çykyş edýär. Degişmeleri hem-de gülkünç hereketleri ýerine ýetiren Grimaldi ýüz boýaglary, geýen eşigi bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Şondan soňra teatr artistleriniň arasynda ýaňagyňy gyzyl, saçyňy älemgoşar ýaly reňklemek, burnuňa ullakan şar geýmek, agzyňy reňklemek hem-de dürli reňkli eşikleri geýmek ýörgünli bolup başlaýar.