Hazar deňziniň kenary ýurdumyzyň hem-de dünýäniň täze syýahatçylyk mekanyna öwrüldi. Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda köp sanly kaşaň myhmanhanalar, çagalara we ululara niýetlenen sagaldyş we dynç alyş merkezleri, kottejlerdir seýilgäh-dynç alyş toplumlary peýda boldy. Netijede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýä derejesindäki dynç alyş, syýahatçylyk hem-de halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň taryhy 2007-nji ýylyň maý aýyndan gözbaş alýar. Şol aýda deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirilip, onda Gahryman Arkadagymyz deňiz ýakasynda dünýä derejeli syýahatçylyk zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Şondan soňra bu ýerde deňi-taýy bolmadyk taslama durmuşa geçirilip başlandy.