Bagtyýarlygyň kepili

15 Awgust 2024
91

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gözel tebigatyny, onuň ösümlik, haýwanat dünýäsini aýawly saklap,  ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmak howpunyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy aşakdaky düzgünleri ýatladýar.

Ýurdumyzyň tebigatynyň gözel ýerlerinde açyk ot ýakmak, çilim çekmek, söndürilmedik otluçöpi taşlamak, uçgun berijileri ulanmak, çüýşe gaplaryny, aýna böleklerini, zir-zibilleri, şeýle-de dürli görnüşdäki ýag siňen esgileri taşlap gitmek, awtoulaglary guran ot-çöpli meýdanlara salmak we şol ýerlerde awtoulaglara tehniki hyzmatlary geçirmek gadagandyr. Türkmenistanyň çägindäki eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ählisi tebigatyň gözel ýerlerinde islendik işleri geçirende, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge borçludyrlar. Biz döwletimiziň gözel we baý tebigatynyň, onuň ösümlikdir haýwanat dünýäsiniň aýawly saklanylmagyna   jogapkärdiris.

Mergen AKMÄMMEDOW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň bölüm müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi.
Beýleki habarlar