Täsinlikleriň dünýäsi

14 Awgust 2024
89

Gojaman Hazar deňziniň gözelligini wasp etmedik şahyr ýok bolsa gerek. Her bir göze ýakymly, kalbyňa rahatlyk berýän gözellikler saglygyňa hem oňyn täsir edip, ömrüňi uzaldýar. Hazar deňziniň diňe bir gözelligi däl, eýsem, onuň mikroelementlere baý düzümli jana melhem suwy bar. Deňziň kenarynda gezelenç edilen halatynda Günüň köp mukdarda bedene düşmek hadysasy bolup geçýär we netijede bedende D witamini baýlaşýar. D witaminine, başgaça (Ca) kalsiniň açary hem diýilýär. (Ca) Kalsiý — bu mikroelement bolup, adam bedeninde täze öýjükleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Diýmek, çagalaryň boýunyň we bedeniniň ösýän döwrüni göz öňüne tutanyňda, bu has wajypdyr. Kalsiý uly adamlaryň bedeniniň sagdyn işjeňligi üçin hem derwaýysdyr. Uly adamyň bedeninde gündelik öýjükler täzelenip durýar. Munuň üçin bolsa kalsiý gerekdir. Esasan hem, saçlaryň, kirpikleriň we gaşlaryň owadan, gür, bedeniň derisiniň çeýe we ýylmanak bolmagy, içki beden agzalarynyň sazlaşykly işlemegi, gan öýjükleriniň kadaly täzelenip durmagy üçin kalsiý bedene hökmany düşmelidir.

Kalsiniň çeşmesi kösükli, däneli we gök önümler, süýt we süýt önümleri bolup durýar. Ýöne onuň bedende özleşmegi üçin D witamini zerurdyr. Bu witamin adam bedenine iýmit arkaly hem düşüp bilýär, towuk ýumurtgasynyň sarysynda we süýt önümlerinde, kömelekde, balykda we deňiz önümlerinde hem bar, ýöne bedende onuň ýeterlik mukdarda bolmagy üçin howa wannalaryny köpräk kabul etmeli. Säher bilen sagat 06:00-dan sagat 09:00-a çenli we agşam 18:00-dan soň, Gün batýança, gezelenç etmek hem bu hadysa oňyn täsir edýär. Duýýan bolsaňyz, haçan-da deňziň kenarynda dynç alnanda gezelenç ýeňillik bilen geçýändir. Ol ýerde gurlan seýilgählere, çagalar üçin oýun, sport meýdançalaryna gezelenç etmek örän ýakymlydyr. Ähli ýaşdaky adamlar gezelenç etmek üçin özlerine gyzykly güýmenjeleri hökman tapýar.

Şirin WELLANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar